3 Haziran 2016 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Premýer Ministrine Hat Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Nawaz Şarife onuň hassahana ýerleşdirilendigini birahatlanmak bilen eşidendigini hem-de zerur bejeriş çäreleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen bagly habara rahatlyk we tüýs ýürekden şatlyk duýgusyny beýan edýän hatyny ýollady.

Dostlukly ýurduň Premýer-ministrine döwlet borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etmegi üçin ýakyn wagtda doly sagalmagyny hem-de saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti öz hatynda: “Goý, Gudraty güýçli Allatagala Size berk jan saglyk bersin hem–de Pakistanyň doganlyk halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine Siziň arman-ýadaman amala aşyrýan işleriňizi hemişe rowaç etsin!” diýip belledi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder