4 Haziran 2016 Cumartesi

Türkmen Pälwany-Aziýa Çempionatynyň Kümüş Baýragynyň Eýesi

Filippinleriň paýtagtynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilýän Aziýa çempionatynda watandaşymyz Didar Amannazarow 66 kilogram agram derejesinde kümüş medal gazandy.

Finala tarap ýolda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de ýurdumyzyň ilkinji olimpiýa baýdak göterijisi Pozy Rejepowyň şägirdi D.Amannazarow ýaryşyň ýer eýeleriniň toparynyň wekilinden, täjik we koreý pälwanyndan ynamly ýeňiş gazandy, jemleýji tutluşykda bolsa öz garşydaşyndan asgyn geldi.

Bu Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talybynyň dünýä derejeli sportda gazanan ýokary netijeleriniň ilkinjisi däldir. Geçen ýyl Germaniýada “A” derejeli halkara ýaryşynda Didar kümüş baýragyň eýesi boldy, şu ýylyň mart aýynyň başynda bolsa Russiýanyň paýtagty Moskwada şeýle ýaryşlarda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna galdy. Maniladaky Aziýa çempionatynda häzirki kümüş baýrak grek-rim göreşiniň türkmen mekdebiniň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklady.

Ýaşlygyna garamazdan D.Amannazarow häzirki günde milli ýygyndynyň düzüminde öňdäki orunda dur, ulularyň arasynda Türkmenistanyň hereket edýän çempionydyr.  Bu bolsa oňa Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga hakyky dalaşgärligi  anyk üpjün edýär. 

Häzir bolsa Didar Amannazarowa Fransiýanyň paýtagty Parižde awgust aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen dünýä çempionatyna güýçli taýýarlyk görmek garaşýar.

  

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder