3 Haziran 2016 Cuma

Taý Boksy Boýunça Türkmen Türgenleriniň Üstünligi

Ýakynda Şwesiýanyň Ýonçýoping şäherinde geçirilen taý boksy boýunça dünýä çempionatynyň barşynda türkmen türgenleri iki kümüş medal eýelediler. Bäsleşiklere dünýäniň 100-e golaý ýurdundan 900-den gowrak türgen gatnaşdy. Onda türkmen taý boksçulary ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler.

57 kilograma çenli bolan agram derejede çykyş edýän Rüstem Baýramdurdyýew kümüş medallaryň birini eýeledi. Ol  üç bäsleşik geçirip, birinji oýnunda Gonkong toparynyň wekilini ýeňdi. Ýarym final bäsleşiginde kanadaly türgenden ynamly ýeňiş gazandy. Jemleýji bäsleşikde bolsa Marokkodan gelen türgenden ýeňlip, ikinji orna düşdi. 

Türkmen türgeni Mustafa Saparmyradow 67 kilograma çenli agram derejede çykyş etmek bilen,  kümüş medaly gazanmagy başardy. Ol dört bäsleşige gatnaşyp, olaryň ikisini wagtyndan öň ýeňiş bilen tamamlady. Daniýadan we Meksikadan gelen türgenler bilen bolan bäsleşikleriň ikisinde hem türkmen türgeni oýnuň birinji bölüminde ýeňiş gazandy. Şeýle hem M.Saparmyradow gyrgyzystanly türgen bilen bolan bäsleşikde ýeňiş gazandy. Örän çekeleşikli geçen final bäsleşiginde ol Türkiýäniň türgeninden ýeňildi. 

Häzirki döwürde milli ýygyndymyzyň agzalary Aziýanyň plýaž oýunlaryna taýýarlyk görýärler. Bu ýaryşlar sentýabr aýynda Wýetnamda geçiriler. Dünýäniň Kubogy ugrundaky bäsleşikler noýabr aýynda Russiýada bolar. 

Taý boks boýunça türkmen türgenleri üçin esasy bäsleşikler 2017-nji ýylda geçiriler. Çünki, sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder