4 Haziran 2016 Cumartesi

Owganystanyň Doganlyk Halkyna Türkmenistanyň Ynsanperwerlik Kömegi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda goňşy Owganystana Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde işe giriziljek çaga dogrulýan öýüni degişli önümler, derman we saglygy goraýyş serişdler bilen üpjün etmek maksady bilen, ynsanperwerlik ýüki ugradyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu ynsanperwerlik çäresi türkmen halkynyň giň goldawyna eýe boldy.

Biziň ýurdumyz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, ýurduň parahat durmuşyny ýola goýmaga iş ýüzünde uly  goşant goşýar. Türkmenistan goňşy ýurduň halkyna hemişe goldaw berip, tutuş sebitiň bähbidine däbe öwrülen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini ýene bir gezek tassyklaýar. 

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi boýunça Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan muzdsuz berilýän ynsanperwer ýüki ýöirte awtoulaglar kerweni bellenilen ýerine elter. 

Şu günki çärä gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, milli Liderimiziň ähli oňyn başlangyçlary, alyp barýan parahatçylyk we “açyk gapylar” syýasaty iki goňşy döwletiň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu ýurtlaryň halklaryny gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary hem-de ruhy umumylyk birleşdirýär. Ýygnananlar nobatdaky bu çäräniň däbe öwrülen dostluk hem-de hoşniýetli goňşusylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsizdigini aýdyň görkezýändigini bellediler. 

Biziň ýurdumyzyň soňky ýyllaryň dowamynda Owganystanyň parahatçylyk ýoly bilen dikeldilmegine işjeň gatnaşyp, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam berýändigi bellenildi. Türkmenistan iň ýakyn goňşy bolmak bilen, häzirki  wagtda hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasy, şeýle hem suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz Owganystan bilen hemişe hoşrniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly bolup, doganlyk halka yzygiderli  kömek berer, goňşy ýurda elektrik energiýasy we suwuklandyrylan gazy ýeňeillikli nyrhlardan iberer, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalary gurmak bilen, işgärleri taýýarlamaga ýardam berer, şeýle hem yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömegini iberer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder