23 Nisan 2015 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, watançy, kämil terbiýeli nesli kemala getirmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Orta bilim hakyndaky şahadatnamanyň, Başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplomyň, Orta hünär bilimi hakyndaky diplomyň, Ýokary hünär bilimli hünärmeniň diplomynyň nugalary tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2015-nji ýylyň 27-30-njy apreli aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Duşanbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder