22 Nisan 2015 Çarşamba

Hormatly Halkara Sergi-Ýarmarkasyna Hem-de Ylmy Maslahatyna Gatnaşyjylar!

Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri ýaly onuň gamyşgulak bedew aty hem milli baýlyklarynyň biri hasaplanýar. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr we uzak ýyllaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň naýbaşysydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet tarapyndan aýratyn uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze rowaçlyklara eýe bolýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge döwlet tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär. Tutanýerli we yhlasly zähmet çekýän türkmen atşynaslary, ähli döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar. 

Gözel paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara atçylyk sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi hem-de atçylyk sporty boýunça okuw merkeziniň döredilmegi eziz Diýarymyzda atçylyk sungatynyň ösmegine badalga berýän buýsançly wakalardyr.

Hormatly myhmanlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da belende galdyrmak, seýle hem Türkmen bedewiniň baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede guramak ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Şu ýyl hem baýramçylyk mynasybetli atçylyk pudagy boýunça halkara sergi-ýarmarkasynyň geçirilýändigini we oňa dünýäniň ençeme döwletlerinden ýüzlerçe kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahatyna daşary ýurt döwletlerinden alymlaryň, atşynaslaryň we bilermenleriň gatnaşmagy ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen, adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşulan ahalteke bedewlerimiziň dünýäniň medeni tohum atlarynyň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Bu halkara sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň tejribeli atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, hyzmatdaşlyk etmek isleýän dürli kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe bolar.

Hormatly adamlar!

Ýurdumyzda atçylyk pudagyny, atly sport bäsleşikleriniň dürli görnüşlerini halkara derejesinde ösdürmek, atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, türkmen atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenleri dünýäniň atçylyk pudagy boýunça ösen döwletlerinde yzygiderli iş saparlarynda bolup, halkara sergilerine, bäsleşiklerine we maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi bolsa, geljekde ahalteke bedewleriniň kemala gelen Watanynda hem halkara derejesindäki çäreleriň giň gerimde geçirilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirer.

Biz türkmen halkynyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly sport bäsleşiklerini, bedew üstündäki dürli milli oýunlaryny, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we olaryň seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak hem-de atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri birjik-de ünsden düşürmeris. Çünki ahalteke bedewleri biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr.

Gadyrly myhmanlar!
Hormatly halkara sergi-ýarmarkasyna we ylmy maslahatyna gatnaşyjylar!

Sizi Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasynyň öz işine başlamagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, atşynaslyk sungatyny ösdürmek ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder