29 Nisan 2015 Çarşamba

Aşgabat-Derweze-Aşgabat Ugry Boýunça Bäsleşik

Şu gün ir bilen Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 10-njy kilometrliginden umumy uzynlygy 700 kilometrden gowrak bolan “Aşgabat-Derweze-Aşgabat” ugry boýunça awtomarafon bäsleşigine badalga berildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Milli awtosport merkezi bilelikde gurady.

Dünýä belli “Nissan Patrol”, “Mitsubishi” we “Niwa” ulaglary iri çölleriň biri bolan Garagum çölüniň jümmüşine tarap ýokary tizlik bilen ugradylar. Bu bäsleşige Muhammet Gurbanow-- Serdar Mollamyradow, Merdan Toýlyýew-Aýdyň Mämmedow, Gulmyrat Agamyradow-Hally Çaryýew, Didar Orazmedow-Serdar Aýdogdyýew ýaly toparlardan düzülen sürüjiler gatnaşýar. Olar Milli awtosport merkeziniň işjeň agzalarydyr.

Bäsleşige gatnaşyjylar ilkinji 120 kilometr aralygy ulag ýoly boýunça geçerler. Olaryň soňky ýoly Garagum çägeleri we alaňlary boýunça dowam eder. Bu menziliň umumy uzynlygy Derwezedäki pellehana çenli 320 kilometrdir. 

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Milli awtosport merkeziniň hünärmenleri tarapyndan kesgitlenen bu ugur birnäçe tapgyrlardan ybaratdyr. Munuň özi awtomobil bäsleşigi boýunça ussatlygy kämilleşdirmekde türkmen sürüjileri üçin özboluşly tejribä öwrüler. Bellenilen menzilden yza gaýdylanda sürüjiler paýtagtymyza çenli aralygy ýokary tizlikli awtomobil ýoly boýunça geçerler.

Mälim bolşy ýaly, milletimiziň sagdynlygyna, berk bedenli, ruhy taýdan baý ýaş nesilleriň kemala getirilmegine gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň birine öwren hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda  awtomobil sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz ediji hökmünde milli Liderimiz tarapyndan bu ugurda anyk çäreleriň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanda awtomobil sporty boýunça Milli merkeziň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda  Milli awtomobil merkezi 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň we şol sanda köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň, Halkara awtomobil federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň, iri awtomobil sporty kompaniýalarynyň, beýleki awtomobil sporty guramalarynyň hem-de Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda açyldy. 

Şonda Halkara awtomobil federasiýasynyň baştutany jenap Žan Todt halkara sport düzümlerinde häzirki döwürde Türkmenistanda sportuň ösdürilýändigine syn edilýändigini we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurtda dünýä sportunyň görnüşleriniň ösdürilmegi boýunça giň möçberli meýilnamalaryň durmuşa geçirilişiniň uly goldawa eýe bolýandygyny belledi. 

Häzirki döwürde Aşgabadyň iri sport merkezine öwrülmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy hem-de onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport babatda beýik sepgitlere çykmaga bolan gyzyklanmalaryny alamatlandyrýar.

Aziýa Olimpiýa geňeşiniň şeýle çözgüdi kabul etmeginde hormatly Prezidentimiziň aýratyn hyzmatynyň  bardygyny bellemeli. Milli Liderimiz bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidenti bolup durýan milli Liderimiziň sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagyna – Hormat ordenine mynasyp bolmagy tötänden däldir. 

2009-njy ýylda Kazan-Aşgabat ugry boýunça Dakar görnüşinde “Ýüpek ýoly” abraýly halkara awtomobil bäsleşiklerine türkmen sürüjileriniň gatnaşmagy  ýurdumyzda awtomobil sportunyň döredilmeginiň möhüm şertine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, şeýle halkara ýaryşyny geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu bolsa Russiýa we Gazagystan ýaly goňşy döwletleriň Baştutanlarynyň işjeň goldawyna mynasyp boldy. 

Bu bäsleşikler halkara sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Dünýäniň köpsanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýişleri ýaly, “Ýüpek ýoly” awtomobil ýaryşy diňe bir bütindünýä ähmiýetli iri sport bäsleşikleri bolman, eýsem,  halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi bermäge we onuň üstüni ýetirmäge gönükdirilen möhüm waka öwrüldi. Şol bir wagtyň özünde Kazan-Aşgabat ugry boýunça awtomobil bäsleşikleriniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýandygynyň, milli Liderimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gezekki geçirilýän  ýaryş awtomobil sportunyň köpsanly görnüşleriniň biri bolmak bilen,  nusgawy awtomobil ýaryşlaryň esaslaryna daýanýar we awtoulaglaryň görnüşleri hem-de menziliň uzaklygy babatda olardan tapawutlanýar. Bu awtomobil ýaryşy ýolsuz ýerden we umumy ulanylýan ýollar bilen orta tizlikde geçirilýär hem-de birnäçe ýöriteleşdirilen menzilleri öz içine alýar.   

Menzilliň esasy bölekleri ýolsuz ýerden geçýär. Şunda awtomobilleriň tizliginiň bellenilen çäkden geçýän ýerleri hem bolýar. Şeýle tizlikde awtoulaglar dolandyrylanda hiç bir ýalňyşlyk ýol berilmesiz ýagdaý bolup durýar. Şonda sürüjileriň örän ünsli we pikiriniň bir  maksada gönükdirilen bolmagy hökmany ýagdaýdyr. Sebäbi olar üçin diňe badalganyň we pellehananyň, barlag bölümleriniň ýerleşýän ýerleri belli bolýar. Ýolda gabat geljek päsgelçilikler garaşylmadyk ýagdaýdyr. Ýol ugrundaky bölümler sürüjilere berlen  “ýol kitapçasynda” görkezilendir. 

Hut şonuň üçin hem toparlaryň hünär ussatlygy we düşünişip hereket etmegi awtomobil sportunda esasy şert bolup durýar. Çöl ýerlerinde bolsa bäsleşigiň şerti has-da çylşyrymly. Çünki şeýle ýerlerde agyr we giň möçberli alaňlar gabat gelýär. Bu bolsa Türkmenistanda ussat awtosürüjileriň ýüze çykmagynyň baş şertidir. 



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder