21 Aralık 2016 Çarşamba

Türkmenabatda Köpugurly Welaýat Hassahanasynyň Işgärleri Üçin Ýaşaýyş Jaý Toplumly Lukmançylyk Şäherjigi Gurulýar

Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, gurulýan lukmançylyk toplumyny “Nahal” hojalyk jemgyýeti bina edýär, onuň düzümine köpsanly lukmançylyk desgalary, inženerçilik ulgamlary we kommunikasiýalar, özbaşdak suw, ýylylyk we energiýa üpjünçilik ulgamy girýär.
4 gatly üç sany esasy bejeriş binalarynyň biriniň öň tarapy eýýäm ak mermere örtüldi. Timarlaýyş işlerinde häzirkizaman gurluşyk serişdeleri we gurnamalary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň iýul aýynda Lebap welaýatyna bolan iş sapary mahalynda lukmançylyk şäherjiginiň golaýynda lukmançylyk işgärleri üçin häzirkizaman ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berdi. Häzirki wagtda bejeriş binalary bilen bir hatarda 200 maşgala niýetlenen saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde ähli amatlyklary bolan giň üç we 4 otagly öýleri, şeýle hem durmuş hem-de sport maksatly desgalar göz öňünde tutulan 4 gatly jaýlaryň altysy peýda bolar.
Lukmançylyk şäherjigini 2017-nji ýylyň ahyryna çenli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, saglygy goraýyş ulgamynyň okgunly ösdürilýändiginiň ýene bir subutnamasy bolar. 2008-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatynda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we sagaldyş merkezleriniň 46-sy gurlup ulanmaga berildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder