Türkmen paýtagtynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2016” atly X halkara sergisiniň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy gurady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän we ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän senagatynyň ösen derejesini giňden beýan etmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn çäre, şeýle hem bu ulgamda dünýäde iň täze işläp taýýarlamalary peýdalanmakda tejribe alyşmak üçin meýdança bolup durýar.
Bu iri foruma şu ýyl türkmen aragatnaşyk edaralarynyň we dünýäniň köp ýurtlaryndan öndürijileriň 90-dan gowragy gatnaşýar.
“Türkmentel-2016” halkara forumynyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda aragatnaşyk pudagyna täze tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ata Watanymyzyň milli telekommunikasiýa ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürmekde ýola goýulýan ählumumy hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedigi nygtalýar. Döwlet Baştutanymyzyň Ýüzlenmesinde dünýä ülňülerine laýyk telekommunikasiýalary döretmek Türkmenistanyň dünýä derejesinde abraýynyň pugtalanmagyna ýardam edýär diýlip bellenilýär.
Garaşsyz Watanymyz öz Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň öňüsyrasynda. Biziň ýurdumyz ykdysady taýdan okgunly ösýän we durmuş abadançylygynyň ýurdudyr, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açyk döwletdir. Ýurdumyzy dünýä bileleşigine äşgär edýän ýokary hilli maglumat berişi üpjün edýän kämil telekommunikasiýa ulgamyny döretmek - munuň özi Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň, şeýle hem Gündogar bilen Günbataryň arasynda baglanyşdyryjy ýurt hökmündäki mundan beýläk-de ösüşinde ileri tutulýan ugurdyr.
Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan irimöçberli özgertmeler döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny öz içine alyp, kärhanalary we guramalary innowasiýa maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary esasynda awtomatlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çözgütleriň kabul edilmegini şertlendirdi. Pudagyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de täzeçil usullaryň peýdalanylmagy netijesinde Türkmenistanda aragatnaşygyň, sanly tele we radioeşitdirilişiň köpşahaly ulgamy üstünlikli hereket edýär, elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon stansiýalarynyň ösen ulgamy giň ýaýrawly internete we maglumatlar gaznasyna girmegi üpjün edýär. Milli “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň müşderileriniň sany barha artýar.
Halkara optiko-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini çekmek işleri dowam etdirilýär. Şular ýaly awtomatlaşdyrylan telefon stansiýalarynyň ählisi sanly beketler bilen çalşyryldy, bu çäre hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek we olaryň sanawyny artdyrmak, STM-64, СWDM/DWDM we IP/MPLS görnüşli geçirijilikli ulgamy döretmek üçin amala aşyrylýar. DWDM ulgamy (ýaýlymlary bölmek) esasynda esasy aragatnaşyk ugurlary döwrebaplaşdyrylýar, munuň özi dürli maglumatlara aralaşmagy ýeňilleşdirýär hem-de aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Wi-Fi tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy internete ýokary tizlikde aralaşmagy üpjün etdi. LTE tehnologiýalarynyň binýadynda ykjam aragatnaşyk ulgamynyň iň soňky 4G görnüşiniň göwrümi giňeldilýär.
Ilkinji milli emeli hemramyzyň kosmos giňişligine uçurylmagy bilen döwrebap telearagatnaşyk ulgamyny döretmäge giň mümkinçilikler we şertler açyldy. “TürkmenÄlem52oE” milli hemra arkaly HD ölçeginde ýedi türkmen teleýaýlymy görkezilýär hem-de radiogepleşikler eşitdirilýär.
Şu gezekki halkara sergisi ýurdumyzyň maglumat tehnologiýalary ulgamynda we telearagatnaşykda ýeten sepgitleriniň aýdyň subutnamasyna, iň täze meýilleriň we bu ulgamda geljekki ösüşleriň görkezilişine öwrüldi. Iň täze işläp taýýarlamalar we innowasiýalar maglumatlar tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeg enjamlary, simsiz we giň zolakly aragatnaşyk, audio we wideoýazgy enjamlary, howa maglumaty, kabel önümleri we toplumlary, hyzmat operatorlary, ýörite tehnika, logistika ýaly bölümlerde görkezilýär.
Aragatnaşyk ministrliginiň, “Türkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň we onuň welaýatlardaky bölümleriniň, “Altyn Asyr” ykjam aragatnaşyk kärhanasynyň, şeýle hem “Türkmenpoçta” bölümleriniň diwarlyklarynda myhmanlara we sergä gatnaşyjylara ulgamlaýyn we ykjam aragatnaşyk serişdeleriniň, telearagatnaşyk ulgamynyň binýadynda maglumatlary elektron usulda ibermegiň, milli teleradioýaýlymlaryň ýokary hilli alnyp görkezilmegini üpjün etmegiň, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gyssagly poçta ugratmalarynyň dürli görnüşleri giňden beýan edildi.
Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň bölüminde talyplaryň işläp taýýarlamalary we barlaglarynyň netijeleri myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň sergi bölümi köp adamly boldy. Bu ýerde degişli gulluklaryň işiniň hilini kämilleşdirmäge gönükdirilen täze enjamlar görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen aragatnaşyk ulgamynda we telekommunikasiýalarda geçirilmegi meýilleşdirilen döwlet maksatnamalary we taslamalary uzakmöhletleýin esasda üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň döwlet düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýokary tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň iri kompaniýalary hem işleýärler. Olaryň hatarynda Beýik Britaniýanyň “Hermes” kompaniýasy hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny edýär, “THALES AleniýaSpace” Fransuz kompaniýasy nawigasiýa, kosmos, howpsuzlyk ulgamy ugrundan ýöriteleşendir. Russiýanyň “Prima Telekom” kompaniýasy eşitdirmegiň sanly ulgamyny üpjün etmäge gatnaşýar, Hytaýyň “HUAWEI Technolgoiýes” kompaniýasy bolsa ykjam aragatnaşygyň dolandyryjylary üçin toplumlaýyn çözgütleri iberýär. Şeýle hem telekommunikasiýa enjamlaryny we elektron resminamalary dolandyryş ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylar türkmen bazarynda üstünlikli işleýärler.
Ýokary tehnologiýalar bazarynda öz ornuny pugtalandyrýan türkmen telekeçileri hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýärler. Şeýle hem olar bu ulgamda pudagyň kärhanalary we edaralary üçin dürli enjamlary, aragatnaşyk serişdelerini we wideogözegçilik enjamlaryny göni getirmegi üpjün edýärler. Sergä hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalaryň 60-dan gowragy gatnaşýarlar, olaryň hatarynda “Altyn ýaprak”, “Kwant”,“Diýarkom”, “Ynamly belentlik”, “Asman oky” we beýlekiler bar.Olar ýurdumyzyň telekommunikasiýalar, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, internet ulgamyny öňdebaryjylaryň hataryna çykarmakda telekeçileriň goşýan goşandyny aýdyň görkezýärler.
Sergide şeýle hem, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini telekommunikasiýalar ulgamynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri görkezildi. Türkmen aragatnaşykçylary panel gün batareýleriniň, günden energiýa alýan enjamlaryň, kiçi telefon beketleriniň we beýleki gurallaryň kiçeldilen nusgalaryny görkezdiler, olar uzak ýerlerde we barmasy kyn künjeklerde ulanmakda örän oňaýlydyr.
Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar serişdeleri ulgamynda gazanylanlaryň halkara gözdengeçirilişine ulag ulgamynyň pudaklaýyn düzümleriniň hem işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek, olar howa gatnawlarynda, demir ýollarynda we awtoulag ýollarynda hereketleri netijeli dolandyrmakda ýokary kesgitleýji radionawigasiýa, ulag akymlaryna we beýlekilere gözegçilik ediş ulgamlaryny üpjün edýärler.
“Türkmentel-2016” Halkara serginiň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi, onda aragatnaşyk, kommunikasiýalar, ulag ulgamlarynyň esasy hünärmenleri, pudagyň düzümleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar aragatnaşyk toplumynyň ösüşiniň esasy ugurlarynyň häzirki ýagdaýy, geljegi barada maglumatlary aldylar, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir we tejribe alyşdylar, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlediler.
Halkara sergisi şu gün (30-njy sentýabrda) öz işini tamamlar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder