Ýurdumyzda umumymilli derejede bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döredilýän täze ýokary okuw mekdebiniň — Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy.
Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hem-de innowasion ulgamynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Milli Liderimiziň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli bilim özgertmeleriniň esasynda goýlan oňyn başlangyçlary ýurdumyzyň intellektual — işgärler kuwwatyny artdyrmaga, döwletiň, ylmyň we işewürligiň netijeli gatnaşyklarynyň wezipelerini çözmäge ýardam etmäge gönükdirilen nobatdaky iri taslamada aýdyň beýanyny tapdy.
Şu gün täze ýokary okuw mekdebiniň açylmagy — munuň özi bir bilim ulgamynda ýene-de bir desganyň ulanmaga berilmegi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol bilim babatdaky şanly wakadyr. Bu waka bolsa beýleki pudaklar bilen birlikde, bilim ulgamynyň hem okgunly ösýändigini we öňe barýandygyny alamatlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň goldaw bermeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli ýokary okuw mekdebi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesine, ösüşiň gazananlaryna daýanyp, özüniň ylym-bilim we pedagogik mümkinçiliklerini artdyrýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt döwrebaplaşdyrylmagy, onuň täze, ylym bilen bagly pudaklaryny okgunly ösdürmek hem-de bilimlere esaslanýan jemgyýeti kemala getirmek babatda işgärler üpjünçiliginiň zerurlygy bilen baglylykda iň täze bilim tehnologiýalarynyň we standartlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy tutuş ýokary okuw mekdepler ulgamynyň düýpli özgerdilmegini, soňky ýyllarda hünärmenleri taýýarlamagyň täze hünär ugurlarynyň onlarçasynyň ornaşdyrylmagyny talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň eýýamymyz ylmy-tehniki pikiriň okgunly ösmeginiň döwri bolup durýar. Munuň özi bilimleriň, tehnologiýalaryň, magaryfyň we döredijilik mümkinçilikleriniň okgunly ösüş derejesi bilen şertlendirilendir. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanda ýokary kompýuter tehnologiýalaryny, multimediýa ulgamlaryny, öňdebaryjy iş tejribesini ulanmak arkaly döwrebap okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmäge, ýagny tutuş bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň esasy ugurlary hünärleşdirmekden, kompýuterleşdirmekden, okuwlary tehnologiýalaşdyrmakdan, dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmakdan ybaratdyr.
...Ir säherden Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumynyň öňünde ruhubelentlik hem-de uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, eli baýdakly köpsanly ýaşlar ýygnandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uniwersitetiň esasy girelgesiniň öňüne gelýär, bu ýerde milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylyş dabarasyna gatnaşýan ýaponiýaly myhmanlar bilen mähirli salamlaşdy. Olaryň hatarynda Ýaponiýanyň biziň ýurdumyzda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata, düýn Türkmenistana sapar bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Motome Takisawa hem-de Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň wekilleri we täze gurlup ulanmaga berlen uniwersitetde işlejek beýleki hünärmenler bar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, ylym, bilim pudagynyň ösdürilmegi, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy we myhmanlary şanly waka mynasybetli guralan dabaralara çagyrdy.
Uniwersitetiň esasy binasynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançada meşhur aýdymçylar hem-de döredijilik toparlary baýramçylyk aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş edýärler.
Hormatly Prezidentimiz münbere gelýär we ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisini bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde giňden bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar baýramy, şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly eziz Diýarymyz, merdana halkymyz üçin taryhy wakalara, buýsandyryjy üstünliklere örän baýdyr diýip belledi. Şolaryň biri hem täze ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol häzirki zaman şäher binagärliginiň hem-de döwrebap bilimler merkeziniň ajaýyp nusgasyna öwrüler.
Öňdebaryjy dünýä tejribesi nazara alnyp bina edilen toplumda talyp ýaşlarymyz döwrebap bilimleri we ylymlary özleşdirerler. Olaryň öz ylmy-inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion, maglumat-tehnologiki ylmy-barlaglaryny Garaşsyz döwletimiziň ylmy-tehnologik binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine gönükdirjekdigine berk ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. Berkarar döwletimiz özüniň täze taryhyndaky ajaýyp sene bolan Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna uly üstünlikler bilen barýar. Şu günki gazanýan guwandyryjy netijelerimiz – eziz Diýarymyzyň durmuş- ykdysady ösüşi, syýasy taýdan durnuklylyk, jemgyýetimiziň agzybirligi mähriban halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmetiniň miwesidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Biz döwrebap obadyr şäherleri gurmak, jemgyýetimiziň döredijilik, aň-bilim mümkinçiliklerini kämilleşdirmek bilen, berkarar döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni binýadyny has-da berkidýäris. Ata Watanymyzyň beýik taryhyna şöhratly sahypalary ýazýarys.
Eziz Watanymyzyň dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýan bilim ulgamyny hem döwrebap özgerdýäris. Raýatlarymyzyň, ilkinji nobatda bolsa, geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň häzirki zaman ylymlaryny we tehnologiýalaryny düýpli özleşdirmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýäris.
Ýurdumyzyň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da berkitmek we ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri alyp barýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw — multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini gurmaga aýratyn üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
«Bilim serhetsizdir» diýen taglymatdan ugur alyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy, şol sanda Aziýanyň, Ýewropanyň, Amerikanyň meşhur ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýäris. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, bilim we adam mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Bilimler we ylymlar dünýäsiniň gapylary giňden açylýan şu gün ulanmaga berilýän Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem ýokary hünärli, ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşjak nesiller bilim alarlar.
Täze ýokary okuw mekdebiniň türkmenistanly we ýaponiýaly professor-mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň berkarar döwletimiziň halkara bilim giňişligindäki abraýyny has-da berkitmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň umumy meýdany on iki gektardan ybarat. Toplum bäş gatly baş binany, iki sany okuw binasyny hem-de ylmy-barlag merkezini özünde jemleýär. Bir ýüz segsen bäş okuw otagyndan ybarat ýokary okuw mekdebinde bir wagtyň dowamynda üç müň talybyň okamagy üçin ähli şertler döredildi.
Paýtagtymyz Aşgabadyň gözelligine özboluşly öwüşgin berýän täze Uniwersitetde bäş fakultet, on bäş sany hem kafedra işlär. Talyplar bu ýerde materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar; himiki tehnologiýa; biotehnologiýa; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; innowatika ýaly möhüm ugurlar boýunça döwrebap bilim alarlar.
Uniwersitetde okatmagyň häzirki zaman usullary bolan bakalawr, magistr we doktorant derejeleri ulanylar.
Okuwyň birinji ýylynda talyplar iňlis we ýapon dillerini düýpli özleşdirerler. Soňky ýyllarda bolsa, sapaklar diňe şu iki dilde alnyp barlar. Zehinli, ylmyň inçe ugurlaryny saýlap alan talyplar bolsa, Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde bilimlerini dowam etdirerler.
Täze binalar toplumynda mejlisler we maslahatlar zaly, ýörite kitaphana we okalga zallary bar. Uniwersitetiň ýöriteleşdirilen otaglarynda we kafedralarynda professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi, ylym bilen meşgullanmagy üçin hem ähli mümkinçilikler döredildi. Ýokary okuw mekdebine ýanaşyk 1200 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy we sagaldyş-sport toplumy ýerleşýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, ylym-bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýç bolup durýandygyny nygtady. Şoňa görä-de, talyp ýaşlarymyz beýik maksada – berkarar Watanymyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlerimize gowy okamak, yzygiderli zähmet çekmek, gurmak, özgertmek, ylym-bilim dünýäsine giňden aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrlar.
Ýaşlarymyzyň ylym, bilim we hünär taýýarlygy hemişe ýokary derejede bolmalydyr. Bu bolsa geljekde ata Watanymyzyň dünýäde iň ösen, kuwwatly döwletleriň birine öwrülmegine mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi.
Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlary hem öz işleriniň ussatlary bolmak bilen, häzirki zaman enjamlaryny we tehnologiýalaryny okuw işinde giňden ulanmalydyrlar. Talyp ýaşlar bolsa, bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ylym-bilim basgançaklarynyň belentliklerine ýetmelidirler. Iş başarjaň, ukyply, kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmelidirler. Umuman, nesilbaşymyz Oguz hanyň adyny göterýän Uniwersitet nusgalyk bilim we ylym ojagyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz talyp ýaşlaryň uzak taryhyň dowamynda agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özünde jemlemelidigini belläp, täze ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaşlaryň geljekde hünär tejribesini üstünlikli geçen, ussat hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Men Inžener – tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary, şeýle hem ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyz bu wezipeleri berjaý etmek üçin arkalaşyp, yzygiderli we ýadawsyz zähmet çekerler diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz hut öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy üçin ýaponiýaly myhmanlarymyza, Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Premýer-ministri Sindzo Abä minnetdarlygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şu günki dabaralar bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaponiýaly myhmanlar bilen bilelikde toý bagyny kesýär we binanyň içine girip, ýokary okuw mekdebiniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlaýar.
Umuman, onuň düzümi bilim, ylym, önümçilik, innowasion we işewürlik ugurlarynyň bir merkezde birleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň esasy maksada bolsa milli Liderimiziň bir ýyl mundan ozal tassyklan “Ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasyna” laýyk gelýär hem-de giň dünýägaraýyşly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, döredijilikli pikirlenmegi hem-de oýlanyşykly çözgütleri kabul etmegi başarýan zehinli hünärmenleri ýetişdirmekden ybaratdyr.
“Uniwersitet” diýen söz latyn dilinden terjime edilende “birleşen” ýa-da “birleşik” diýmegi aňladýar. Onuň häzirki wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmändigini aýtmak gerek. Orta asyrlar uniwersitetleri bilim bermek we bilim almak maksady bilen guralypdyr. Wagtyň geçmegi bilen ösüp, uniwersitetler okuwlary ylmy-barlag işleri bilen utgaşdyryp başlapdyr. Ahyrda-da , biziň günlerimizde uniwersitetiň täze görnüşi — bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, tehnologiýanyň we işewürligiň birleşdirilmegini göz öňünde tutýan innowasion nusgasy — ýagny innowasion derejeli uniwersitet kemala geldi.
Häzirki wagtda hut şu nusga bilimleriň ykdysadyýetini ösdürmek, adam mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeler babatda iň netijeli hasap edilýär. Düýpli ylymlar amaly bilimler bilen baýlaşýar, inžener we tehnologiýalar ulgamynda amaly barlaglar bilen birleşýär hem-de önümçilik bilen gönüden-göni ýakynlaşyp, bar bolan meseleleri çözýär.
Nusgawy ylym bilimiň hem-de geljegiň IT-tehnologiýasynyň däplerini birleşdiren Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümine ýurdumyzyň dünýä derejesindäki ykdysady, bilim, senagat kuwwatyny gazanmak üçin zerur bolan ugurlary hem-de hünärleri girizildi.
Ine, himiýa we nanotehnologiýalar fakultetinde esasan nanohimiýada tehnologiýalara, elektronika, biolukmançylyga, energiýanyň öwrülmegine ýerli tebigy çig mallaryň esasynda täze serişdeleriň işlenip taýýarlanylmagyna üns berler. Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetinde genomika, amaly immunologiýa, dermançylyk, gen inženeriýasy, öýjükleri köpeltmegiň usullary we tehnikasy, derileri ösdürip ýetişdirmek, DNK-ny rekombinirlemek we beýlekiler öwreniler.
Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň okuw maksatnamasynyň esasyny maglumat nazaryýetleri, kibernetika, kompýuter ulgamlary we maglumat inženeriýasy düzer. Awtomatika we elektronika fakulteti ýokary hünärli inženerleri, robot tehniklerini, elektronika boýunça hünärmenleri we beýlekileri taýýarlar. Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň amaly ugurly okuwlary innowasion işler we ylmy taslamalaryň täjirleşdirilmegi, marketingiň esasy ýörelgelerini hem-de başarnyklaryny, innowasion önümleri we taslamalary işläp taýýarlamagy, şeýle hem meýilleşdirmegiň esaslaryny we işewürligi alyp barmagyň hukuk ýagdaýlaryny öwretmek ulgamynda talyplaryň biliminiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.
Uniwersitet şäherjigine Ylmy-barlag merkezi, Dil öwreniş merkezi hem-de dersleri çuňňur öwrenmek üçin dürli dillerdäki edebiýat gaznasy bolan kitaphana girýär. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphanasy bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebiniň iňlis, ýapon we türkmen dillerindäki owadan suratlar, diwarlyklar we şygarlar bilen bezelen giň eýwanyny synlap, ikinji gatda ýerleşen lingafon otagyna galdy. Ol iň täze multimediýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylyp, iňlis dilini okatmak boýunça derslere niýetlenendir.
Döwlet Baştutanymyz talyplary okatmak üçin döredilen şertler we otagyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde oturdylan programma üpjünçiligi, onuň mümkinçilikleri hem-de interaktiw wezipeleri bilen gyzyklandy.
Soňra milli Liderimiz ýapon dili boýunça okuw geçip duran otaga geldi. Döwlet Baştutanymyz görkezme okuw dersiniň geçişine syn etdi. Onuň barşynda mugallym bu ýerde gurnalan enjamyň, multimediýa tagtasynyň mümkinçiliklerini görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow interaktiw okuw geçilişiniň usullary, talyplara nähili gönükmeleriň hem-de meseleleriň beriljekdigi we olaryň özbaşdak işleri ýerine ýetirişine neneňçi gözegçilik ediljekdigi, okuw geçilişiniň oňa goşmaça serişdeleri näderejede birleşdirmäge, ýaşlarda özbaşdak gözlegiň başarnyklaryny, maglumatlary seljermegi we oňa baha bermegi neneňsi kemala getirmäge mümkinçilik berýändigi bilen gyzyklandy.
Okuwlar ýapon edim-gylymy üçin däp bolan baş egmek bilen tamamlandy. Günüň dogýan ýurdunyň wekilleri mugallymyň dil biliş derejesine ýokary baha berdiler, talyplaryň taýýarlygyny nazarda tutup, peýdalanylýan okuw maksatnamalary, olary guramagyň ýörelgeleri barada soradylar. Türkmenistanyň Baştutany ýokary okuw mekdebiniň ugry boýunça ysnyşykly aragatnaşyklary ýola goýmagyň we ösdürmegiň türkmen mugallymlaryny hünärlerini ýokarlandyrmaga Ýaponiýa ugradyp durmagyň, özümize ol ýerden hünärmenleri köpräk çagyrmagyň wajypdygyny belledi.
Okuw geçmek üçin dil saýlamagyň esasy ugurlarynyň arasynda tehnologik hem-de maglumat ugurlary bar. Tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köpsanlysy iňlis dilinde çykarylýar. Dünýäniň iri uniwersitetleriniň ählisi iňlis dilli ýurtlarda ýerleşýär. Iri habarlar agentlikleri işlerinde, ilkinji nobatda, iňlis dilini peýdalanýar. Bir söz bilen aýdylanda, şonsuz häzirki zaman hünärmenine, aýratyn-da, işiň ylym, tehnologiýa ulgamlarynda ýa-da halkara hünär aragatnaşyklary zerur bolan ugurlarda meşgullanýan hünärmene häzirki wagtda işlerini üstünlikli guramak kyndyr.
Ýapon dili barada aýdylanda bolsa, munuň özi ykdysadyýetde bolşy ýaly, bilim ugry boýunça-da Türkmenistanyň hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hemişe öňdebaryjy bolan Günüň dogýan ýurdunyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň meýilnamasy bilen şertlenendir. Ýapon dilini öwrenmek eneçe beýlekilere elýeterli bolmadyk maglumatlaryň ägirt uly giňişligine ýol açýar. ABŞ-dan soň, Ýaponiýa iri kompaniýalaryň sany boýunça ikinji orny eýeleýär. Mundan başga-da, Internetde ýapon dili iňlis we hytaý dilinden soň, iň meşhurydyr.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýa tarapyndan guramaçylyk işlerini Sukuba şäheriniň uniwersiteti öz üstüne aldy.
Döwlet Baştutanymyz okuw otaglaryny gözden geçirip, iň täze görnüşli kompýuterler hem-de wagtyň şol pursadynda peýdalanyjynyň elleriniň we gözleriniň hereketlerini yzarlamaga ukyply, ekrana çykarylýan üç ölçegli şekilleri dolandyrmaga mümkinçilik berýän 3D-displeýler bilen enjamlaşdyrylan okuw otagyna baryp gördi. Işläp düzüjileriň pikirine görä, “zSpace” atly täze enjam dürli serişdeleriň, desgalaryň taslamalary düzülende, nusgalary taýýarlanylanda olaryň hakyky ýagdaýynyň görülip-eşidilmedik mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň baryp gören beýleki otagynda hem talyplar milli Liderimize bu ýerde gurnalan enjamy iş ýüzünde, ýagny 3D-skanerleriň we printerleriň işleýşini görkezdiler. Tehnologiýalar, hakykatdan-da, haýran galdyrýar: 3D-printer islendik zady çap edip bilýär. Döredilýän zadyň ölçegi printerleriň diňe işledilýän meýdançasy bilen çäklidir, ýöne bu meseläni hem çözüp bolýar.
Printer 3D nusgany ýörite maksatnamada taýýarlanylan geljekki önümi kagyz ýüzüne çykarmak wezipesini berýän kompýutere birleşdirilendir. Bu 3D printerde çap etmek üçin gipsiň esasynda kompozit serişdesi peýdalanylýar. Ol ýokary mümkinçiligi bilen reňkleriň ähli görnüşlerini çykaryp, çap etmäge mümkinçilik berýär.
Iş usuly şeýle — printerde ownuk dispersli toz azajyk guýulýan, tekizlenilýän ýer bar. Şonuň üstünden kartrijli enjamjyk geçip gidýär hem-de dürli reňkdäki berkidijini gerekli ýerlere sepýär. Ýene-de tozuň bir gaty sepilýär, tekizlenýär, berkidiji sepilýär we şeýle hereket köp gezek gaýtalanýar. Gatlar şeýle bir ýuka, olaryň aşagynda öň ýanyndaky gatlar görünýär. 3D nusgany çap etmek üçin neşir edilýän önümiň çylşyrymlylygyna baglylykda birnäçe sagat gerek bolýar. Iş tamamlanandan soň, taýýar edilen nusga kompozitden seresaplylyk bilen alynýar hem-de ýörite ýerde ýerleşdirilýär. Şol ýerde ol kompressordan çykýan howanyň we ýumşajyk çotganyň kömegi bilen tozdan arassalanylýar. Şeýdip, taýýar önümleri iň ownuk böleklerine çenli görkezip, dürli taslamalary we nusgalary çap etmek bolýar.
Ýapon wekiliýetiniň agzalarynyň biri — robototehnikasy boýunça hünärmen ýokary okuw mekdebiniň “zSpace”toplumynyň enjamlaşdyrylyşynyň derejesine ýokary baha berip, özi kompýuteriň başyna geçip oturdy hem-de täsin ulgamyň mümkinçiliklerini synady. Ol şeýle hem tejribe geçilýän gurnamany böleklere bölüşdirip, talyba ony ýygnamagy teklip etdi. Talyp üstünlik bilen onuň hötdesinden geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary okuw mekdebi bilen tanyşlygyny dowam edip, baş binadan çykdy hem-de Ylmy-barlag merkeziniň toplumyna tarap ugrady. Milli Liderimiziň barýan ýolunyň ugrunda uniwersitet şäherjiginiň çäklerinde artistler çykyş etdiler, aýdym-sazlar ýaňlandy.
Ylmy-barlag merkezinde döwlet Baştutanymyz fizika barlaghanasyna baryp gördi. Şol wagt awtomatika we elektronika fakultetiniň talyplary bu ýerdäki enjamlardan peýdalanyp, tejribe geçirip otyrdylar. Barlag geçirmek işleri islendik tehniki ýokary okuw mekdebinde fizika boýunça ders taýýarlygynyň möhüm düzüm alamaty bolup durýar. Täze uniwersitetiň innowasion ugurlydygy nazara alnyp, bu ýerde iň döwrebap tejribe binýady döredildi. Ol ylmyň we maglumat tehnologiýasynyň ösüşi bilen deň gadam urup, yzygiderli täzelenip durar. Şol binýat barlaghana enjamlar toplumynyň we gurnamalaryň programma üpjünçiligine birleşdirilmeginiň hasabyna giň mümkinçiliklere eýedir.
Fizika amalyýetiniň çäklerinde talyplar özleriniň geljekki okuw we hünär işleriniň ugurlaryny anyk şöhlelendirýän barlaglary geçirerler diýip, milli Liderimize barlaghanadaky käbir enjamlar barada gürrüň beren uniwersitetiň mugallymy teswirledi. Mysal üçin, koreý önümçiliginiň bu ýerdäki atom güýçli mikroskopy üstki bölegiň ýa-da ýerleriň elektro geçiriji we magnit häsiýetlerini ýokary takyklyk bilen öwrenip, üç ölçegli relýefiň şekilini almaga mümkinçilik berýär. Ony kristal gözenekde atomyň görnüşini kesgitlemek üçin ulanyp bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýurdumyzda ýokary takyklygy bolan şunuň ýaly abzallar barmy?” diýen soragyna şeýle atom güýçli mikroskopyň Tehnologiýalar merkezinde bardygy, emma bu barlaghana eýýäm onuň kämilleşdirilen nusgasynyň gelip gowşandygy barada jogap berildi.
Talyp gyzlaryň biri milli Liderimize ähli deň-duşlarynyň adyndan ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna ýurdumyzda döredilýän iň oňat şertler üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de öz düzen goşgy setirlerini okap berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz täze ýokary okuw mekdebiniň rektory bilen söhbetdeşlikde ýapon hünärmenleri bilen ylmy-tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmek, bilelikdäki barlaglary geçirmek, ornaşdyryş häsiýetli taslamalary ýerine ýetirmek hem-de Ýaponiýadaky ýaly hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli usulyny has işjeň peýdalanmak boýunça görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz talyplara okuwda, saýlan hünäriňi ele almakda hem-de ýapon dilini içgin öwrenmekde maksada okgunly boluň diýip, ak pata berdi. Siziň üstünlikleriňizi görüp, men begenýärin hem-de size buýsanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz Ýaponiýanyň bilim merkezleriniň wekilleri bilen söhbetdeşliginde jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda ylmyň bahasyna ýetip bolmajak ornuny belläp, ylym mekdebini ösdürmek üçin alyş-çalyşlaryň hem-de hünärleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow okuwlaryň hilini üpjün etmekde zerur bolan täsin okuw diwarlyklary, multimediýa we seljeriji ýokary takyklygy bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylan himiýa barlaghanasyna bardy. Bu ýerde talyplar döwlet Baştutanymyza barlaghana tehnikalaryny we abzallary, sarp ediş serişdeleri peýdalanmak bilen, käbir barlaglaryň gurnalyşyny görkezdiler.
Ýerli çig maldan alnan serişdeleriň himiki birleşmesiniň gurluşynyň we düzüminiň, şeýle hem himiki täsir geçmäniň barabarlygynyň ýagdaýyny düşündirip, himiýa we nanotehnologiýalar fakultetiniň talyplarynyň biri özüniň peýdalanýan seljeriş we synag ediş enjamyny dünýäde esasy öndüriji bolan Shimadzu ýapon korporasiýasynyň infragyzyl spektrometri barada gürrüň berdi.
Ýokary duýujy spektrometr suwuklyklary, gazlary, plýonkalary hem-de gaty nusgalary hil we möçber taýdan seljermegiň wezipeleriniň giň toplumyny çözmegi üpjün edýär. Häzirki ýagdaýda enjam özüniň programma üpjünçiliginde bar bolan maglumatlaryň kömegi bilen seljerilýän nusganyň häsiýetleriniň ugurlaryny çalt kesgitledi — bu nebitgaz pudagy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan polietilen, sintetik serişdedir.
Hormatly Prezidentimiz talyp gyzyň haýsy daşary ýurt dillerini bilýändigi bilen gyzyklandy. Ol ýapon, iňlis dillerini bilýändigi, türk we rus dillerinde oňat gepleşip bilýändigi barada aýtdy. Milli Liderimiz myhmanlara soňky wagtlarda ýaş türkmenistanlylaryň bir däl-de, iki-üç daşary ýurt dilini bilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzyň bilim ulgamynda dil maksatnamasynyň irki döwürden, çagalar bagyndan başlanýandygyny belledi. Şol döwürde çagalaryň kabul edijiligi hem-de daşary ýurt dilinde sözleýşiniň kemala gelmegi-de tebigy, ene dilindäki ýaly ýokary bolýar.
Döwlet Baştutanymyz barlaghananyň tekjelerindäki dürli serişdeleriň we önümleriň nusgalaryna üns berdi. Bularyň ählisi türkmen topragynyň baý serişdelerine, peýdaly gazylyp alynýan baýlyklaryna gönüden-göni degişlidir. Şu ýerde polipropilenden dürli ölçegli geçirijiler görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda gazdan alynýan önümleriň senagat önümçiligi barada gürrüň gozgap, gazy geçirijiler, gaplar, plýonkalar, ýuka örtükler, dürli enjamlar.... ýaly harytlara öwürmek üçin gaýtadan işlemekde onuň geljegi örän uly serişdedigini nygtady. Türkmenistanda şu ýyl polipropilenden haly we haly önümlerini öndürýän kärhana ulanylmaga tabşyryldy.
Polipropileniň esasynda kompozit serişdeleri döretmek ulgamynda täze ylmy işläp taýýarlamalar peýdalanylyp, lukmançylykdan başlap, awiasiýa we kosmos tehnikalaryna çenli onuň ulanylyşy çäksiz derejede bolýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz ylmyň, hakykatdan-da, serhediniň ýokdugyny we diňe ylmyň biziň mümkinçiliklerimiziň çäklerini giňeltmäge ukyplydygyny aýratyn nygtady.
Milli Liderimiziň baryp gören indiki — biotehnologiýalar barlaghanasynda hem ajaýyp tehniki mümkinçilikler bar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýaş hünärmenler garşylap, ylmy-barlaglary hem-de tejribeleri geçirmek üçin bar bolan enjamlar barada gürrüň berdiler. Bu enjamlar lukmançylyk, derman serişdeleri, ekologiýa, energetika hojalygy, azyk senagaty we obasenagat toplumy ýaly ulgamlarda mikrobiologlaryň, tehnologlaryň hem-de beýleki barlagçylaryň amatly we netijeli işlemegini üpjün etmäge niýetlenen abzallardyr hem-de serişdelerdir. Hemme enjamlaryň berkligi, takyklylygy we ygtybarlylygy düýpli we amaly seljermeleri hem-de barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Şu ýerde döwlet Baştutanymyz ýapon hünärmenleri, alymlary bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda ekologiýa ulgamyny goramak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi, türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlidigi, Garagumuň merkezinde şor suwlaryň jemlenýän “Altyn asyr” Türkmen kölüniň döredilendigi barada gürrüň berdi. Şor suw çölüň çägelerinden akyp geçip, arassalanýar. Bu bolsa daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsir edýär.
Milli Liderimiz ýurdumyzda abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek babatda giň möçberli işleriň geçirilýändigi barada gürrüň berdi. Daşoguz sebitinde onuň ýaramaz täsirini peseltmek üçin bagy-bossanlygyň düýbi tutuldy. Ol Aral giňişliginde durmuş-ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşmagyna kömek edýär.
Türkmenistanyň Baştutanynyň ýapon alymlary bilen söhbetdeşliginde täze müňýyllykda adamzadyň düýpli meselesine — agyzsuwy meselesine deglip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esasynda Hazaryň kenarynda deňiz suwunyň süýjedilmegi ýola goýlan tehnologiýalar barada gürrüň berdi. Ýaponiýada hem duzly suwlaryň süýjedilmegi uly möçberde alnyp barylýar — görnüşi ýaly, bu ulgamda hem ylmy-tehnologik taýdan özara hereket etmegiň mümkinçilikleri açylýar.
Milli Liderimiz ýapon hyzmatdaşlarymyzy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp, deňizýaka sebitindäki özgertmeleriň gerimini öz gözleri bilen görmäge çagyrdy. Bu ýerde ekologiýa barada giň gerimli işler alnyp barylýar. 7 kilometre uzap gidýän gämi gatnawly derýa hem-de gök zolaklar şypahananyň bezegine öwrüldi. Munuň özi bu ýerde ýoduň ionlaryna we fitonsidlerine baý howanyň bolmagy netijesinde bejeriş häsiýetli mikroklimaty döredýär.
Ýapon myhmanlarynyň biri hormatly Prezidentimiziň Sukuba uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabarada aýdan sözüni ýatlap, şu günki mazmunly söhbetdeşligiň onuň dowamyna hem-de geljegi uly hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň anyklaşdyrylmagyna öwrülendigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz iki ýurt üçin hem wajyp bolan ugurlarda bilelikdäki barlaglaryň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi jemledi. Bu meseläni ara alyp maslahatlaşyp, daşary ýurtly hünärmenler arap ýurtlarynda häzir suwy süýjetmek boýunça ýapon tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyny hem-de bu ulgamda Günüň dogýan ýurdunda toplanan tejribäniň Türkmenistanda-da netijeli ulanylyp bilinjekdigini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryna ünsi çekip, olary çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Gazyň arassalanylmagyndan galýan kükürdiň gaýtadan işlenilmeginiň meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylmaga mynasypdyr. Häzirki wagtda kükürt birnäçe himiýa önümçilikleri üçin çig malyň möhüm görnüşleriniň biridir, şoňa görä-de, dünýä bazarynda isleg bildirilýän kükürdiň görnüşlerini çykarjak kärhanalary döretmegiň üstünde pikirlenmek gerek.
Türkmenistandan tapawutlylykda, Ýaponiýa gazylyp alynýan peýdaly baýlyklara onçakly baý däl, ýöne bizde innowasion önümçilikleri döretmek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar bar diýip, ýapon alymlary türkmen ykdysadyýetini senagat taýdan has-da döwrebaplaşdyrmak babatda geljekki taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Soňra milli Liderimiz ýapon hünärmenleri bilen söhbetdeşliginiň barşynda uniwersitetiň ýanynda şu gün umumybilim berýän orta mekdebiň açylandygyny aýtdy. Onuň maksatnamasyna daşary ýurt dili hökmünde ýapon dili girizildi. Milli Liderimiz bu mekdebe baryp görüp, dil boýunça dersleriň okadylyşynyň usullary bilen tanyşmaga çagyrdy. Bu mekdebiň direktory Ýaponiýada bilim aldy.
Şeýle mekdepler ýurdumyzyň welaýatlarynda-da açyldy. Şunuň ýaly mekdepleriň sany Türkmenistanda eýýäm on ikä ýetdi diýip, milli Liderimiz bu okuw mekdeplerinde işlemäge isleg bildirýän ýapon mugallymlary we professorlary üçin hemme zerur şertleriň dörediljekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz talyplara hünärleri özleşdirmekde uly üstünlikleri arzuw edip, elektronika barlaghanasyna bardy. Bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň aýratynlyklary, bu ýerde oturdylan tehniki serişdeler, ýerli ulgama birleşdirilen kompýuterleriň binýadynda degişli programmalaryň we “trenažorlaryň” gollanmalary hem-de toplumlary barada gürrüň berdi. Munuň özi talyplara bilim berlende we okadylanda, olaryň kompýuter başarnyklary ýokarlandyrylanda hem-de öňdebaryjy sanly tehnologiýalar bilen işlemek başarnyklary öwredilende aýratynlykda çemeleşmäge mümkinçilik berýär.
Bu ýerde talyplar mugallymyň ýolbaşçylygynda dürli elektron enjamlary işläp düzmek we öndürmek üçin zerur bolan düýpli ylmy-barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän işleriň usullaryny özleşdirýärler. Bu ugur bolsa, mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň täze pudagynyň — elektron senagatynyň döredilmeginiň başyny başlady.
Döwlet Baştutanymyz mugallym bilen gürrüňdeş bolup, onuň üstünde işleýän dissertasiýasynyň mowzugy, şeýle hem bar bolan awtorlyk işläp düzmeleri, patentleri hem-de oýlanyşykly teklipleri bilen tanyşdy. Mugallym şeýle hem elektronika we nanoelektronika ylmy barlaghanasynda bar bolan “Weybl” meşhur nemes kompaniýasynyň enjamlary barada jikme-jik gürrüň berdi.
Milli Liderimiz dabaralara gatnaşan myhmanlar bilen söhbetdeşliginiň barşynda ýurdumyzda elektroenergiýanyň önümçiligi üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini hem-de bu ugruň ösüşiniň ägirt uly geljeginiň bardygyny belledi. Ýurdumyzda tebigy gazda işleýän hem-de energiýanyň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berýän elektrobeketler gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan sapary mahalynda gol çekilen ençeme ikitaraplaýyn resminamalaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen gazturbina elektrobekediniň taslamasyny düzmek we ony gurmak üçin Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Sumitomo” korporasiýasynyň arasynda Ylalaşygyň hem bardygyny ýatlatdy.
Biz elektrik energiýasyny öndürýäris hem-de goňşy Owganystana kömek berip, ony ýeňillikli baha boýunça iberýäris, Ýaponiýanyň gatnaşmagynda gurlan elektrobeket siziň ýurduňyzyň owgan halkynyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna goşant bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz uniwersitetiň eýwanyna bardy, şol ýerde 3 müň talyp orunlyk täze uniwersitet şäherjiginiň hem-de onuň çäklerindäki ähli desgalaryň taslamasy görkezildi.
Täze ýokary okuw mekdebiniň düzümi bilen tanyşlyk onuň döredilmegi bilen ýurdumyzyň hünär bilim ulgamynda giň möçberli işiň başlanandygy, ýagny okuwda tebigy we ykdysady ylymlary utgaşdyrmagyň başardandygy barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Täze pikir-garaýyşly hünärmenleri taýýarlamakda bu ýerde fizika, matematika, himiýa, tehnologiýa, ykdysadyýet, dolandyryş, maliýe, hukuk we beýlekiler ýeke-täk bir ulgama jemlenýär. Şoňa görä-de, onuň uçurymlary diňe bir inžener-tehnologlar däl, eýsem, programmaçylar, alym barlag geçirijiler, seljerijiler we işewürler bolup ýetişer.
Döwlet Baştutanymyz täze ýokary okuw mekdebiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň potratçysy bolup çykyş eden “5M” türk kompaniýasynyň wekillerine minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz türk hyzmatdaşlaryň döwlet maksatnamalarynyň hem-de ähmiýetli durmuş we ykdysady taslamalaryň olaryň taryhy Watany bolan Türkmenistanda ýerine ýetirilmegine goşandyna ýokary baha berdi.
Milli Liderimiz uniwersitet şäherçesi bilen tanyşlygyny tamamlap, bu günki ajaýyp wakadan ýadygärlik hökmünde ýokary mekdebiň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryny we mugallymlaryny şanly waka bilen gutlady hem-de olara okuwda we işde uly üstünlikleri arzuw etdi. Talyplar we mugallymlar türkmenistanlylaryň ýaş nesilleriniň, bilim almagyna, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine berýän yzygiderli ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder