3 Eylül 2016 Cumartesi

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 50-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, yşyklandyryş kerosini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan, Singapurdan we Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny hem-de göni arassalanan benzini, Türkiýeden gelen telekeçiler bolsa “B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we nah mata, tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, azyklyk bugday, arassalanan pagta ýagy, pagta süýümi, nah ýüplükleriň galyndylary ýerlenildi. Bu harytlary Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan, Belizden, Belarusdan, Ermenistandan, Gyrgyzystandan gelen işewürler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 51 million 904 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Niderlandlaryň we Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 9 million 76 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, pagta soapstogynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.

Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri jemi 315 müň manatlyk azyklyk bugdaý satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder