Paýtagtymzyň demirgazyk böleginde Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen Gurbansoltan eje köçesiniň çatrygynda awtomobil sowma ýoluny hem-de Oguzhan çüwdürimler toplumyna barýan A.Nyýazow şaýolunyň durky täzelenen bölegini ulanmaga bermek dabarasy boldy.
Nobatdaky desgalar paýtagtymyzyň awtomobil ýollarynyň häzirki zaman düzüminiň üstüni ýetirdi, olaryň gurluşygynda aýratyn berk serişdeler peýdalanylyp, iň häzirki zaman we öňdebaryjy tehnologiýa çözgütler ulanyldy, şunda bu ýollardan gatawlaryň has ýygjamlygy, şeýle hem seýsmiki taýdan durnuklylygy göz öňünde tutuldy.
Türkmenistan milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ygtybarly binýadyň döredilmegine uly möçberli serişdeleri gönükdirmek bilen, maýadarlar üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrýar, bu bolsa ýurdumyzyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmegini göz öňünde tutmak bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda täze ýol aýrydynyň hem-de iň häzirki zaman şaýolunyň durky täzelenilen böleginiň ulanylmaga berilmegi bu ugurdaky nobatdaky ädimdir.
Garaşylan pursat gelip ýetýär. Şowhunly el çarpyşmalar astynda türkmen jemgyýetiniň iň sarpaly wekilleri – ýaşulular toý bagyny kesýärler.
Açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, degişli pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly ýaşlar, çagalar gatnaşdylar. Olar baýramçylyk görnüşinde bezelen Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça dabaraly ýöriş etdiler, ýörişe gatnaşanlaryň hatarynda ahalteke bedewine atlanan çapyksuwarlar, gelinalyjylar bar. Olar ýurdumyzda geçirilýän ähli baýramçylyklara bezeg berýärler. Soňra isleg bildirýänleriň ählisi ýeňil awtoulaglardan we awtobuslardan düzülen “kerwene” münýärler. Ýolagçylaryň arasynda körpeje türkmenistanlylaryň hem bardygy guwançlydyr.
Ýol düzümine degişli desgalaryň ulanmaga berilmegi birnäçe wezipeleri çözmäge ýardam berer. Bu şaýola okgunly ösýän Aşgabat şäheriniň örän möhüm ulag-kommunikasiýa düzümi hökmünde orun degişlidir, täze ýol aýrydynyň ulanmaga berilmegi Halkara howa menzilinde şäheriň merkezine çenli öňkülereden birnäçe essa çalt ýetmäge mümkinçilik berer. Bu taslama durmuşa geçirilende onuň estetiki keşbine hem aýratyn üns berildi.
Ýerasty awtoulag geçelgesiniň uzynlygy 790 metre, estakadalaryň her biriniň uzynlygy 660 metre golaý gatnaw böleginiň giňligi bolsa 9 metre deňdir. Köprüniň beýikliginiň 30 metrden gowrak bolmagy iri göwrümli ýük awtoulaglarynyň we ýörite tehnikanyň päsgelçiliksiz geçmegine şert döredýär.
Ulag aýrydynyň gurluşygynda öňdebaryjy inženerçilik şläp taýýarlamalary peýdalanyldy. Tehniki çözgütler ýerine ýetirilende bu ýoluň köp gatnawlydygy, ýurdumyz üçin mahsus bolan howa we geologiýa şertleri jikme-jik göz öňünde tutuldy. Ýokary seýsmiki durnuklylyk üpjün edildi.
A.Nyýazow şaýolunyň uzynlygy 980 metre we gatnaw böleginiň her tarapa giňligi 15 metre deň bolan nobatdaky böleginiň ulanmaga berilmegi Türkmenistany durmuş ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolan ýol-ulag düzüminiň döwrüň talabyna laýyk gelýän keşbiniň kemala getirilmegi nukdaý nazaryndan uly ähmiýete eýedir.
Ýoluň ugry boýunça suw gaýtaryjy, bag-nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ýol hereketini guramakda tehniki serişdeler üçin elektrik üpjünçiligi, ýol hereketini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy hem-de daşky yşyklandyryş ýaly zerur inženerçilik desgalar çekilipdir.
Ýol örtügi üçin has ygtybarly asfalt beton peýdalanyldy. Munuň özi ýol örtüginiň ýokary berkligini hem durnuklylygyny we çukurlaryň emele gelmezligini üpjün eder, şeýle hem ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrar.
Täze ýollaryň gurulmagy we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzda häzirki zaman ýol-ulag düzümini döretmegiň möhüm ugry bolup durýar. Bu wezipäniň oňyn çözülmegi döwletimiziň okgunly ösýän paýtagty üçin aýratyn ähmiýete eýedir, paýtagtymyzda bolsa awtoulaglaryň sany günsaýyn artýar. Munuň özi türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň we abadançylygynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr.
Aşgabadyň kemala gelýän täze keşbi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmündäki ýokary derejä laýyk gelmelidir hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent döredijilik ruhy bilen sazlaşmalydyr. Şunda şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde hem, tutuşlygyna Türkmenistanyň döwlet syýasatynda hem adamlaryň durmuşy üçin iň amatly şertleri döretmek esasy talap bolup durýar. Aşgabatda bina edilýän häzirki zaman desgalaryň ählisi bu ölçeglere laýyk gelýär we paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşyp, ony has-da gözel görnüşe getirýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder