30 Eylül 2016 Cuma

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Toparyň Mejlisi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň hem-de Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, milli synçylar – Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi öňde geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça wezipeleri, şeýle hem käbir okruglar boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamaga degişli saýlaw möwsüminiň barşyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Nygtalyşy ýaly,  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde Watanymyzyň ykdysady kuwwaty artýar, jemgyýetiň we döwletiň demokratik ýörelgelerini hem-de hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzir mähriban Watanymyzyň has-da gülläp ösmegini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler   jemgyýetiň ähli ulgamyny gurşap aldy. Halk hojalygynyň pudaklary depginli ösýär. Halkyň durmuşynyň we hal-ýagdaýynyň derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy hem şunuň bilen şertlenendir.

Mejlise gatnaşyjylar hukuk ulgamynda gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilip, milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan “açyk gapylar” syýasatynyň netijelidigini bellediler. Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna yzygiderli eýermek bilen, bu ulgamda adam hukuklaryny üpjün etmäge degişli esas goýujy resminamalaryň düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek üçin hemme çäreleri görýändigini bu ýere ýygnananlar kanagatlanma bilen nygtadylar. 

Munuň özi, ilkinji nobatda, saýlamaga bolan ählumumy hukukdyr, raýatlaryň saýlawlara erkin gatnaşmagydyr,  dalaşgärler üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegidir, saýlaw möwsüminiň barşynda wagyz etmek işleriniň erkinligidir, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goralmagydyr, açyklykdyr we aýdyňlykdyr. 

Bellenilişi ýaly, özara tejribe alşylmagy we hereket edýän halkara kadalary hem-de daşary ýurtlarda saýlaw işleriniň guralyşynyň tejribesi bilen tanşylmagy, bu ulgamda ýöriteleşen daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda yzygiderli esasda bilelikdäki mejlisleriň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň we “tegelek stollaryň” geçirilmegi milli saýlaw ulgamynyň mümkinçiligini berkitmek babatda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly orun tutýar. 

Mejlisiň çäklerinde, şeýle hem welaýatlaryň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak”, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” we 124-nji “Pendi” saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça häzirki alnyp barylýan işler barada habarlary diňlenildi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder