Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde geçiriljek duşuşykda uzakmöhletleýin esasda guralýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň bu babatda toplanan uly tejribä hem-de taryhyň dowamynda kemala gelen aragatnaşyklara, türkmen we tatar halklarynyň medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly kuwwatdan netijeli peýdalanmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini, munuň bolsa iki tarapyň hem bähbidine laýyk gelýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki iş toparynyň yzygiderli geçirilýän duşuşyklarynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga hem-de degişli meseleler boýunça sazlaşykly çözgütleri gözlemäge ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz degişli resminamalara gol çekip, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, ýangyç-energetika toplumynyň senagat düzümini giňeltmegiň esasynda yzygiderli ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod kuwwatlyklaryny doly durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen energetika syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudakda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän oýlanyşykly we toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ähli welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki kadalara doly laýyklykda dowam edýändigi bellenildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymynyň depgini barha ýokarlanýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda hususy öndürijileriň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň bazarlaryny özümizde öndürilen oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar. Milli Liderimiz geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň bu pudagyna uly üns berilmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz pagty ýygymyny hem-de güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ýurdumyzda LED lampalarynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet ösüş maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda elektron pudagynyň täzeçil ösüşini üpjün edýän dürli hili elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanany döretmek işleri alnyp barylýar. Oňa laýyklykda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky “Türkmenmaşyngurluşyk” konserni bilen ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze zaman gurluşykçy” hususy kärhanasynyň arasynda “Aýdyň gijeler” atly hojalyk jemgyýetini döretmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklary şertlerinde Döwlet ösüş maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagatynda içerki we daşarky bazarlar üçin bäsdeşlige ukyply önümçiligi döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew 8-10-njy sentýabrda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Wise-premýer türkmen telekeçileriniň we edara-kärhanalarynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň oňa gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Sergä gatnaşyjylar öz kompaniýalarynyň iň gowy gazananlaryny görkezerler, olar anyk şertnamalarda we taslamalarda durmuşa geçirilip bilner.
Wise-premýer paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler hem-de görülýän çäreler barada-da hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda täze desgalary gurmak hem-de binalaryň ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek, ulag we inžener-tehniki düzümi döwrebaplaşdyrmak, seýilgähleri hem-de dynç alyş zolaklaryny abadanlaşdyrmak boýunça işleriň dowam edýändigi habar berildi. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem-de ministrlikler we degişli düzümler bilen bilelikde netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Bu ulgamda amala aşyrylýan maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda iri taslamalar durmuşa geçirilýär, täze kuwwatly elektrik beketleri ulanylmaga berilýär.
Milli Liderimiz nobatdaky serginiň hem-de maslahatyň halkara bileleşigine bu pudakda gazanan üstünliklerimizi görkezmäge we öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, zerur işleriň görülmeginiň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak meseleleri barada durup geçip, ýurdumyzyň baş şäheriniň ýollarynyň, köp derejeli köprüleriniň, ýerüsti we ýerasty geçelgeleriniň, jemgyýetçilik ulagy üçin niýetlenen duralgalaryň gurluşygynyň hiline ünsi çekdi. Şol desgalar ähli babatda halkara görkezijilerine doly laýyk gelmelidir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda işlenip taýýarlanylýan taslamalaryň öňdebaryjy inženerçilik çözgütlerine gönükdirilmelidigini, olara bildirilýän talabyň bolsa raýatlarymyz üçin has amatly şertleriň döredilmegi bilen baglydygyny belläp, şäherde arassaçylygyň hem-de ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynň 25 ýyllygyna bagyşlanan “GDA-nyň 25 ýyllygy: goşulyşmagyň we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” atly döwletara sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň özygtyýarly ösüşiniň 25 ýylyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda – ýangyç –energetika toplumynda, himiýa we dokma senagatynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda, telekeçilikde, gurluşykda hem-de durmuş ulgamynda – medeniýetde, ylymda, bilimde, syýahatçylykda, saglygy goraýyşda we sportda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän wideogörnüşiň taslamasy taýýarlanyldy. Wideogörnüşe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça şekilleri goşmak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň GDA agza döwletler bilen gatnaşyklary oňyn hyzmatdaşlyk esasynda guraýandygyny belläp, söwda-ykdysady ulgamy, senagat syýasatyny, ulag ulgamynda, ylym-tehniki we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Halklaryň dostlugyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar we şeýle bolmagynda galýar. “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” Döwletara maksamtnamasynyň çäklerinde 2016-njy ýylda bu hormaty wezipäni ýerine ýetirmäge Daşoguz şäheri mynasyp boldy, mundan ozal – 2012-nji ýylda Mary şäheri şeýle hormata eýe bolupdy.
Milli Liderimiz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň täze taslamasy – wirtual görnüşdäki sergini guramak taslamasy barada aýdyp, ýurdumyzyň oňa gatnaşmagynyň internet-giňişliginde Türkmenistanyň kuwwatyny, eziz Watanymyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanan üstünliklerini giňden görkezmäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli açyljak durmuş-medeni maksatly desgalary ulanmaga bermäge hem-de baýramçylyk dabaralaryny guramaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Baýramçylyk mynasybetli medeni çäreleriň maksatnamasyna köpçülikleýin teatrlaşdyrylan sahnalar, çeperçilik we kitap sergileri, döredijilik hem-de ylmy forumlar, konsertler we beýleki çäreler girer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, golaýlaşyp gelýän şanly sene mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, bu wakalaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny, biziň döredijilikli özgertmelerimizi hem-de üstünliklerimizi beýan etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagalaryň tomusky dynç alşynyň guralşynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer 1-30-njy sentýabrda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň maksatnamasy barada habar berdi. Bilim, Içeri işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri tarapyndan beýleki pudak edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda çäreleriň degişli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çagalaryň arasynda düşündiriş işleriniň olaryň ýaş aýratynlyklary nazara alnyp guralmalydygyny, bu çäreleriň ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda bilimleriň hem-de başarnyklaryň bir bitewi ulgamyny kemala getirmäge ýardam etmelidigini belledi. Milli Liderimiz badalga alan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, oňa giň jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Aşgabadyň halkara howa menzili toplumyny ulanmaga berilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk düzümlerinde alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, bu pudaklarda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, önümçilige täzeçil usullary, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şeýle hem wise-premýer ulagyň dürli görnüşleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” bolup durýan Aşgabadyň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Ýurdumyzyň ulaglar ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan toplumyň açylyş dabarasynyň medeni maksatnamasynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümleriniň işiniň halkara ösen derejelerine laýyk ýagdaýda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, middi ykdysadyýetimiziň bu pudagy boýunça ýola goýulýan hyzmatlaryň hilini we derejesini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek we gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini halkara habarlar giňişliginde giňden wagyz etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Daşary işler ministrligi birnäçe pudaklaýyn düzümler bilen bilelikde degişli teklibi taýýarlamak boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçirdi. Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde dünýäniň belli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ýöriteleşdirilen halkara guramalary bilen degişli taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, olary häzirki zamanyň ýagdaýlaryny we bildirilýän ýokary talaplary nazara almak bilen, mundan beýläk-de ösdürmek, habar beriş serişdelerini ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek we olary taýýarlamak bilen baglanyşykly teklipleri täzeden işlemegiň möhümdigini belledi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, şanly wakalaryň gyssagly beýan edilmegi, dünýä jemgyýetçiliginiň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilikli syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Watanymyzyň ähli durmuş ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler bilen giňden tanyşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa hormatly Prezidentimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň şu ýylyň 28-31-nji awgustynda parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň çäklerinde Koreýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe möhüm ugurlaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk çärelerini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iri maksatnamalar, taslamalar amala aşyrylanda möhüm ähmiýete eýe bolan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegine üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berilmelidigini aýtdy.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder