18 Eylül 2016 Pazar

Migrasiýa Gullugy Hakynda

I. 2009-njy ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Migrasiýa gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 4, 79-njy madda; 2013 ý., № 2, 46-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1. 3-nji madda şu mazmunly täze altynjy bölegi goşmaly:

«6. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy migrasiýa gullugynyň harby gullukçylarynyň wezipe sanawyny we zähmet haky goruny Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanan düzüminiň we kesgitlenen işgär sanynyň çäklerinde,  şeýle hem harby gullukda durmaýan işgärleriniň wezipe sanawyny we zähmet haky goruny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş  taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenilen kadalaşdyryjy ölçegnamalaryna laýyklykda hyzmat etmegiň kadalaryndan ugur alyp, Döwlet býujetinde şol ýyl üçin bölünip berlen serişdeleriň  çäklerinde hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ylalaşylan zähmet haklarynyň çyzgydyna               laýyklykda tassyklaýar.».

2.  20-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:
«Migrasiýa gullugyna borçnama boýunça harby gulluga Türkmenistanyň raýatlary «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.


Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 12-nji sentýabry.
№ 438-V. 

"Migrasiýa Hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna Üýtgetmeler we Goşmaçalar Girizmek Hakynda 
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2005-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul edilen "Migrasiýa hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 3, 4, 29-njy madda; 2008 ý., № 4, 64-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda) şu aşakdaky üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. Kanunyň ýazgysynda "raýatlygy ýok adam" diýen salgylanmany "raýatlygy bolmadyk adam" diýen salgylanma bilen çalşyrmaly.

2. 6-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"2. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çägine girenden soň ýa-da ýurduň çäginde bolýan ýerini üýtgedip, barmaly ýerine barandan soň, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kanun arkaly bellenilen tertipde alnan wizalar we ýaşamak üçin ygtyýarnamalar esasynda üç iş gününiň dowamynda hasaba durmaga borçludyrlar.".

3. 9-njy maddanyň birinji bölegine şu mazmunly 9-njy, 10-njy, 11-nji, 12-nji bentleri goşmaly:

"9) okamak maksady bilen Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň ýazmaça towakganamasy;

10) lukmançylyk barlagyndan geçmek we bejeriş üçin Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şahsy arzasy we saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen hem-de şol adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň zerurlygyny tassyklaýan resminamalar;

11) daşary ýurtlaryň halkara gatnawynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ekipažlarynyň düzümine girýän fiziki şahslaryň şahsy arzasy ýa-da kabul edýän guramanyň ýazmaça towakganamasy;

12) daşary ýurt raýaty, raýatlygy bolmadyk adam wizany resmileşdirmezden Türkmenistana gelen we onuň çäklerinde bolýan halatynda, şeýle hem wizanyň ýatyrylmagy ýa-da hereket edýän möhletiniň tamamlanmagy bilen baglanyşykly şol adamlaryň çykyş wizasynyň berilmegi baradaky şahsy arzasy.".

4. 12-nji maddanyň ikinji tesimini aýyrmaly.

5. 13-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"2. Şu Kanunyň 11-nji we 12-nji maddalarynda görkezilen ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hasaba alnan we hasaba almagyň hereket ediş möhleti uzaldylan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hakynda maglumatlary ýigrimi dört sagadyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna bermäge borçludyrlar.".

6. 14-nji maddada:

ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly:

"Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar üznüksiz ýagdaýda iki ýyldan az bolmadyk möhletde Türkmenistanyň çäginde ýaşandan soň ýaşamak üçin ygtyýarnamany almak üçin ýüz tutup bilerler.";

dördünji böleginde:

birinji tesimden soň şu mazmunly täze tesimi goşmaly:

"Ata-enelere ýa-da olaryň birine berlen ýaşamak üçin ygtyýarnama 16 ýaşyna ýetmedik (şol sanda perzentlige alnan) çagalaryna hem degişli edilýär. Ol çagalara 16 ýaşyna ýetmegi bilen ata-enelerinden biriniň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen arzasy esasynda ýaşamak üçin ygtyýarnama wizalaryň berlişine gözegçilik baradaky topar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär.";

ikinji we üçünji tesimleri degişlilikde üçünji we dördünji tesimler diýip hasap etmeli;

dördünji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

"Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýa-da berilmeginden ýüz dönderilendigi hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy kabul edilýär.".

7. Şu mazmunly 141-nji we 142-nji maddalar bilen üstüni ýetirmeli:



"141-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak

1. Daşary ýurt raýaty we raýatlygy bolmadyk adam ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmak üçin Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna arza bilen ýüz tutýar. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmagy degişli barlaglardan soň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy amala aşyrýar.

2. Şu Kanunyň 15-nji maddasynda görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilip bilner.

3. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüt kabul edilen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.

142-nji madda. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň çalşyrylmagy

1. Zerur halatlarda daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň arzasy boýunça ýaşamak üçin ygtyýarnama çalşyrylyp bilner. Ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň çalşyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Ýaşamak üçin ygtyýarnama şu halatlarda çalşyrylýar:

daşary ýurt raýatynyň, raýatlygy bolmadyk adamyň şahsy maglumatlarynyň üýtgemegi netijesinde onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy çalşyrylsa ýa-da şol resminama üýtgetme girizilse;

ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;

ulanmaga ýaramsyz ýagdaýda bolanda;

bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.".

8. 15-nji maddada:

maddanyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

"15-nji madda. Wizany we ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz döndermek üçin esaslar";

birinji böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

"1. Şu halatlarda daşary ýurt raýatyna, raýatlygy bolmadyk adama wizany we ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz dönderilip bilner:";

birinji böleginiň 8-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

"8) eger ol administratiw tertipde Türkmenistandan çykarylan bolsa, administratiw tertipde çykarmagyň möhleti tamamlanýança;";

ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"2. Wizany we ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermekden ýüz dönderilendigi baradaky çözgüt arza berene şeýle çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda habar berilýär.".

9. 16-njy maddada:

11-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

"11) degişli resminamalar bilen tassyklanylan esasly sebäpler bolmazdan, alty aýdan köp wagtlap üznüksiz ýagdaýda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşan bolsa;";

şu bentden soň şeýle mazmunly täze bentleri goşmaly:

"12) eger administratiw tertipde Türkmenistanyň çäginden çykarylsa;

13) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilse;

14) aradan çyksa.";

madda şu mazmunly ikinji bölegi goşmaly:

"2. Şu maddanyň birinji böleginiň 13-nji we 14-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasyny ýatyrmak barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy çözgüt kabul edýär.

Aradan çykan daşary ýurt raýatynyň ýa-da raýatlygy bolmadyk adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy ýatyrylan halatynda, onuň 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan olaryň 16 ýaşyny doldurmagy bilen ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga hukugynyň bardygy barada kepilnama berilýär. Kepilnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.".

10. 18-nji maddada:

altynjy böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

"6. Administratiw tertipde ýurtdan çykarmak boýunça çykdajylar:";

2-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

"2) kabul edýän guramanyň ýa-da fiziki şahsyň serişdeleriniň;".

11. 29-njy maddany şu görnüşde beýan etmeli:                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                                     

"Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistandan gitmäge olaryň kanuny wekilleriniň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan tassyklanan ynanç haty esasynda ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça rugsat berlip bilner.".

12. 30-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

"1) Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty;".

13. 31-nji maddanyň adyny we birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"31-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň

Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana

gelmek üçin pasportlaryny resmileşdirmegiň

tertibi

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlaryny (mundan beýläk  pasport) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy resmileşdirýär.".

14. 33-nji maddanyň birinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

"1. Pasportlary bermekden we resmileşdirmekden ýüz dönderilen ýa-da olar wagtlaýyn saklanylan ýa-da alnan ýagdaýynda Türkmenistanyň raýaty bu hereketler barada Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edip biler.".

 Türkmenistanyň                                                       Gurbanguly
Prezidenti                                                                     Berdimuhamedow

 Aşgabat şäheri.
2011-nji ýylyň 26-njy marty.
№ 185-IV.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder