Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, döwlet we jemgyýetçilik işinde görkezen işjeňligi hem-de ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylym, bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş ulgamlaryny hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk ruhunda terbiýelemek işinde görkezen aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär: Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly.Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.NurberdiýewaAşgabat şäheri.2016-njy ýylyň 12-njisentýabry.№ 447-V.
- TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY
Türkmenistanyň Konstitusiýasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň her bir raýatynyň, ähli halkynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän parasatly syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda çekilýän zähmet eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetirdi. Mähriban Watanymyzyň ykdysadyýetinde häzirkizaman bazar gatnaşyklaryna geçilmeginiň we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň, Türkmenistanyykdysady, syýasy we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň, amala aşyrylýan belent işleriň durýanlygyny duýmak buýsançlydyr. Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezip, eziz Diýarymyzyň aýdyň geljegi we halkymyzyň eşretli durmuşy ugrunda alnyp barylýan, her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän parasatly syýasaty durmuşa geçirmäge goşant goşmak, Watan üçin, halk üçin zähmet çekmegiň we döretmegiň iň gowy nusgalygyny gündelik işiň bilen subut etmek mukaddes işdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda yglan eden Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşyny kämilleşdirmek, bazar ykdysadyýetine doly geçmek baradaky belent özgertmeleriniň konstitusion hukuk esaslaryny üpjün etmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş, ykdysady özgertmeleriniň depgininiň ýokarlanmagyna we geriminiň giňelmegineýardam etmek, Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony rejelenen görnüşde tassyklamakboýunça Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda umumylaşdyrylyp taýýarlanan we Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Kontitusion toparynda ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň garamagyna hödürlenen teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda: 1-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony rejelenen görnüşde tassyklamak hakynda tekliplerini doly makullamaly. 2-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar). 3-nji madda. Şu Konstitusion kanun kabul edilen pursadyndan güýje girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
- Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyz ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijelere eýe bolýar. Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly ýubileýini mynasyp garşylaýan Bitarap Türkmenistanyň her güni beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara beslenýär. Agzybirligiň, ruhubelentligiň hem-de abadan durmuşyň ýurdy bolan eziz Diýarymyz gazanýan ýokary netijeleri, eýeleýän belent sepgitleri, dost-doganlyk we parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty bilen Ýer ýüzünde uly abraý gazanýar.
Garaşsyz Watanymyzyň üstünliklerinde, mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzdan gelýän milli däplerimize laýyklykda terbiýelemekde ýaşuly nesliň bitirýän hyzmaty örän uludyr. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli möhüm meseleleri maslahatlaşyp-geňeşip çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere parasatly ýaşulularymyz işjeň gatnaşýarlar. Möhüm ähmiýetli başlangyçlara olaryň ak patasy bilen badalga berilýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatyny halkymyza düşündirmekde hem sarpaly ýaşulularymyzyň hyzmaty örän uludyr. Ýaşuly nesliň gün-günden ösýän we özgerýän agzybir jemgyýetimizdäki ornuna, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlaryna döwletimiz ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändiklerini hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändiklerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly: Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň «Gurluşykmateriallary» kombinatynyň sakçysy Agamämmet Bäşimowa, Türkmenbaşynyň Ruhy metjidiniň mütewellisi Rejepmämmet Ataýewe, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumamyrat Gurbangeldiýewe, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Döwgala geňeşliginiň Döwgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garýagdy Mämmedowa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginiň Ýaňgala obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ata Aşyrowa, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Hanýap geňeşliginiň Hanýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Sapargeldi Baýramowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amangeldi Rejepowa, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýguly Annagurbanowa, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir geňeşliginiň Çukurýurt obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Aşyrmuhammet Gurbanowa, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Suhan Babanowa, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Täzezaman geňeşliginiň Dörtýap obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Rejep Bazarowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Şyhberdi Geldiýewe, Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Sahypnazar Ilnazarowiç Allaýarowa, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jora Nobatowa, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen geňeşliginiň Tallymerjen obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hudaýberdi Allaberdiýewe, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Baýramowa, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Goňur geňeşliginiň Garagoňur obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Atakowa, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginiň Magtymguly adyndaky obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Durdyoraz Allamyradowa. Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
- «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar. Çärýek asyryň dowamynda eziz Diýarymyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler bitirildi. Bitarap döwletimiz dünýäde ýokary depginler bilen ösýän, öz halkynyň abadan, bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşamagyny gazanan ýurtlaryň hatarynda ynamly öňe barýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti ösdürmekde, raýat jemgyýetini kämilleşdirmekde, Bitarap döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, Ýer ýüzüniň ýurtlarydyr halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde we berkitmekde buýsandyryjy netijeler gazanyldy. Garaşsyz Türkmenistany ýokary depginler bilen ösdürmekde, kabul edilen milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň uly goşandy bardyr. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň ýokary sepgitlere ýetmegine önjeýli goşant goşýan watandaşlarymyzyň ählisi uly hormat-sylaga mynasypdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny artdyrmakda, kanunçylygy kämilleşdirmekde, ylmy, bilimi, medeniýeti, sungaty, saglygy goraýyşy, şeýle hem ykdysadyýetiň senagat, nebitgaz, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, işjeň we önjeýli döwlet işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly: Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Akja Täjiýewna Nurberdiýewany, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Öwezgeldiýewiç Meredowy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Taganowiç Atdaýewi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Rejep Bazarowy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy Şamuhammet Durdylyýewi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşowy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Bäşimmyrat Atamyradowiç Hojamämmedowy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýewi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Gülşat Sahyýewna Mämmedowany, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Satlyk Baýjanowiç Satlykowy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Sapardurdy Toýlyýewi; *** Aşgabat şäheriniň häkimi Myratniýaz Ýazmuhammedowiç Abilowy, Ahal welaýatynyň häkimi Esenmyrat Orazgeldiýewi, Balkan welaýatynyň häkimi Durdy Durdyýewi, Daşoguz welaýatynyň häkimi Orazmyrat Gurbannazarowy, Lebap welaýatynyň häkimi Çarygeldi Çarlyýewi, Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Durdyýewiç Annagurbanowy. Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder