25 Eylül 2016 Pazar

Türkmen Awiasiýasy Täze Belentliklere Cykýar

“Ýerden göterilmäge çalym edýän ägirt uly guşuň şekili uzaklardan görünýär. Ol howada ägirt uly ganatlaryny giňden açyp we nazaryny alyslyklara dikip, özüniň gurluşynyň ululygyny äleme äşgär edýär”. Türkmenistanyň baş howa derwezesi hasaplanylýan Aşgabadyň Halkara howa menziline bagyşlanan kitap şeýle sözler bilen başlanýar. 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň açylyş dabarasy boldy.
Ägirt uly toplum özüniň sebitde ýeke-täkligi hem-de keşbi we göwrümi bilen haýran galdyrýar. Ýöne onuň diňe bir göwrümi däl, eýsem bu ýerde ýolagçylara edilýän hyzmatyň ýokary derejesi hem bellemäge mynasypdyr. Bu ýerde äpet ganatlaryny ýaýan ullakan guş ertekilerdäki jandarlara çalymdaş keşbi bilen howa menziline gelýänleri garşylaýar. Bu şekillerden gözüňi aýrasyň gelmeýär. Oňa ýakynlaşdygyňça bina özüniň göwrümi hem-de görnüşi bilen haýran galdyrýar.

Türkmenistanda köpsanly owadan künjekler, gözel ýerler bar. Ýöne ýurdumyzyň baş howa menzili olaryň hatarynda öz ornuny berkidýär.

Eger-de öňki howa menzili ýük we ýolagçy gatnatmak boýunça islegleri kanagatlandyrýan bolsa, şunuň ýaly äpet toplumy döretmekden maksat näme?

Bu sowala “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan taýýarlanylan  “Aşgabadyň Halkara howa menzili” atly kitapda  giňişleýin jogap berilýär.

Dünýäde bar bolan ugurdaş desgalardan täze howa menziliniň toplumy özüniň özboluşly we adaty bolmadyk çeperçilik çözgüdi bilen tapawutlanýar. Onuň taslamasy taýýarlanylanda binagärler taýýar çözgütleri gözleimändirler we beýlekilerden göçürmän, örän özboluşly ýörelgelerden ugur alypdyrlar. Şeýlelikde, bu ýerde ajaýyp we üýtgeşik çözgüt emele gelýär. Onuň keşbinde “Türkmenhowaýollarynyň” nyşany bolan laçyn milli howa ulgamlary gullugynyň her bir uçarynda öz beýanyny tapdy.

Halkymyzyň aňynda laçyn diňe bir ýiti gözlüligi, belentlige bolan höwesi, gözelligi we tebigy aýratynlyklar bilen sazlaşygy bilen däl, eýsem ilkinji nobatda, ygtybarlylyga we ýagşy umyda bolan ynamy janlandyrýar. Ýolagçylaryň tehnikalaryň ygtybarlylygyna bolan ynamy we uçarmanlaryň hünär derejesine bolan wepasy Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň baş şygary bolup hyzmat edýär.

Gündogar halklaryna mahsus bolan nyşanyna garamazdan, howa menziliniň gurluşygynda diňe bir daşky görnüş däl, eýsem onuň ähmiýetliligi we howpsuzlygy esasy orunda durýar. Aşgabadyň Halkara howa menzili özüniň özboluşly bezeg aýratynlygy, täze hil derejesi bilen gözellik we mahawat ýörelgelerine hem-de durmuşy mümkinçiliklere laýyk gelýär. Onuň durmuş üpjünçiligi täzeçil usullar ulgamy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ony mahabatlandyrmak däl, eýsem anyk mümkinçilikleriň teswiridir. Aşgabadyň howa menziliniň hyzmatlar ulgamy özüniň görkezijileri boýunça dünýäniň öňdebaryjylary diýlip ykrar edilen düzümler bilen mynasyp bäsdeşlik etmäge ukyplydyr.

Aeronowigasiýa düzüminiň ösdürilmeginde, ýolagçylara edilýän hyzmatyň ýokarlandyrylmagynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi ýerüsti ugurdaş enjamlardan başlap, aerowokzal toplumynyň täzeçil hyzmatlaryna çenli bolan ähli düzümleriň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Täze binada howa menziliniň gurluşy bu ýerde howpsuzlyk ugurlaryny üpjün etmek, ýerüsti howa gämileriniň guramaçylyk we dolandyryş ulgamynda   bellenen tertibi ýola goýmak, ýolagçylara hyzmat etmek, ýokary halkara ülňülerine laýyklykda ýükleri işläp taýýarlamak boýunça bu ýerde hereket edýän ulgamlar barada gürrüň berilýär.

Kitapda ýolagçy terminalynda ulanylýan täze çemeleşmeler, tehnologiýalary, paýtagtymyzyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem tutuş sebitde iri Halkara howa menzilinde Kargo işiniň ýola goýluşy hakynda beýan edilýär.

“C-check” uçarlara tehniki hyzmat üçin angar toplumy hakynda gürrüň berýän bölüm iň gyzykly bölümleriň biri bolup durýar. Onuň önümçilik kuwwaty “Boing-737NG” dar fýuzelýažly howa gämileriniň bäşisine ýa-da “Boing-777” giň fýuzelýažly  howa gämileriniň üçüsine tehniki hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýöriteleşdirilen sehleriň 18-si, awia-tehniki we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen doko ulgamlary enjamlara we howa gämileriniň şaýlaryna hyzmat etmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze üpjünçilik maksatnamasy bilen üpjün edilendir.

Howa menziliniň ähli gulluklarynyň mümkinçiliklerine tehniki taýdan häsiýetnama bermekden başga-da, kitap okyjylara bu ulgamdaky birnäçe aýratynlyklar barada düşünje berýär. Meselem, awiadispetçeriň hünäri iň çylşyrymly we jogapkärli hasaplanylýar. Ownuk nädürslik ýa-da howa hereketini haýal  ýagdaýda dolandyrmak uçuşa ýaramaz täsir edip biler.
Şonuň üçin hem awiadispetçeriň hünäri şeýle kemçiliklere geçirimsiz bolup durýar.

Awiadispetçer tebigy taýdan durnukly, ýatkeşligi güýçli, pikir taýdan giň düşünjeli we howa ýagdaýyna dessine baha bermäge ukyply adamlar bolup durýarlar. Çünki ol şol bir wagtyň özünde ekranda radiolokatoryň hereketini görmeli ýa-da ýerüstündäki birnäçe desgalary, olaryň hereketini gözegçilikde saklaýar. Uçarmanlara degişli tabşyryklary berýär we öz kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirýär. Şeýle hem ol iňlis dilini gowy bilýän bolmalydyr.

Uçarmanyň işi hem köpsanly ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolup akyl taýdan ýokary jogapkärçiligi talap edýär. Jemgyýetiň tutuşlygyna kompýuterleşdirilmegi, çylşyrymly tehnikalaryň ornaşdyrylmagy bilen olaryň ulanylyşy diňe bir adymyň däl, eýsem köpsanly adamlaryň,tutuş adamzadyň durmuşy üçin töwekgelçilik bilen baglanyşyklydyr. Şunlukda, trenažýor tehnologiýasynyň tutuş ulgamy emele geldi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň trinožýor okuw
merkezi – munuň özi    ýokary tehnologiýaly nusgalaşdyryş ulgamlardan, kompýuter programmalaryndan, fiziki nusgalardan, ýörite her bir howa ulgamynyň işgärine ýokary hilli we gyssagly çözgütleri kabul etmäge ukyply edip ýetişdirmek üçin döredilýän ýörite ugurlardan ybaratdyr.

Taýýarlygyň we okatmagyň döwrebap trenažýorlarynda, maksatnamalarynda oňa esaslanýan amaly taýýarlygy bilen tejribe ukyplaryny ösdürmek ýörelgeleri durýar. Şeýle çemeleşmeleriň durmuşa geçirilmegi häzirki zamanyň tehnologiýalyrynyň ösüşi bilen baglylykda mümkin  boldy. Şeýle tehnologiýalaryň binýadynda  jikme-jikligi bilen dürli uçuş ýagdaýlaryny şekillendirmäge mümkinçilik berýän köpsanly trenažýorlar işlenip taýýarlanyldy. Sebitde şunuň ýaly trenažýorlaryň ýok ýerinde beýleki ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň okuw merkezini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň awiakärhanalaryna berilýän teklipleri öwrenmek mümkinçiligi bar.

Şu we beýleki köp zatlar hakyndaky maglumatlar Türkmen döwlet neşirýat gullugynda türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Aşgabadyň Halkara howa menzili” kitabynda gyzykly gürrüň berilýär. Ondaky fotosuratlaryň baýlygy kitapda aýdylýan gürrüňler barada doly maglumat almaga mümkinçilik berýär. Onuň bezeg aýratynlygy neşiriň has-dy gyzykly we özüne çekijiligini şertlendirýär. Bu kitaby okan ýaşlaryň howa ulgamlary gullugynda işlemäge bolan höwesini oýarmagy, okyjylaryň biziň howpsuz uçuşymyzy amala aşyrýan adamlara bolan ägirt uly hormatyny üpjün etjekdigi gürrüňsizdir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda şunuň ýaly ajaýyp we täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilýän myhmansöýer paýtagtymyza, kuwwatly ýurda öwrülýän döwletimize bolan buýsanjy artdyrýar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder