Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Piter Martin Teşden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrundaky işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Jenap Piter Martin Teş hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili hökmünde iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda diplomata giň halkara özara hereketleri ösdürmek möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýän milli döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Myhman şeýle hem milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şol özgertmeleriň baş maksady halkyň abadançylygyny, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini gazanmakdan ybaratdyr.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleri barada aýdylyp, söwda-ykdysady ulgamynda, oba hojalygynda, ylym we bilim ulgamynda şeýle hem dostluk gatnaşyklaryny we iki halkyň özara düşünişmegini pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni gatnaşyklar babatda döwletara aragatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi bellenip geçildi.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler bilen baglylykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Şunda, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň, BMG-niň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde iki ýurduň özara hereketleriniň wajypdygy bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda awstraliýaly diplomat Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilige eýe bolup, häzirki zamanyň ýagdaýlaryna hem-de hyzmatdaşlygyň özara bähbitlerine laýyk bolan doly möçberli gatnaşyklara öwrülmegi üçin hemme şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
***
Şu gün Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Piter Martin Teş Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek gyzyklanma bildirilip geçen özara pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder