18 Eylül 2016 Pazar

Prezidentimiziň Aşgabat Halkara Howa Menziliniň Açylyş Dabarasynda Eden Çykyşy

Hormatly adamlar! 
Eziz watandaşlar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi täze ulag toplumynyň  Aşgabat Halkara howa menziliniň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ilki bilen, şu günki dabaramyza gatnaşýan halkara awiasiýa guramalarynyň ýolbaşçylaryna, dünýäniň awiasiýa ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekillerine, hormatly myhmanlarymyza, belli syýasatçylara we jemgyýetçilik işgärlerine ýurdumyza «Hoş geldiňiz!» diýip ýüzlenýärin.

Biz şu dabaramyza halkara guramalarynyň giň wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagyna berkarar Watanymyza goýulýan belent hormatyň nyşany hökmünde garaýarys. Türkmenistanyň sebit we kontinent derejesinde halkara ulag geçelgelerini döretmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren degişli başlangyçlaryna düşünýändikleriniň we olary goldaýandyklarynyň subutnamasy diýip hasap edýäris.

Hormatly dostlar! 

Türkmenistanyň Ýewraziýa kontinentiniň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmekde milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Biziň alyp barýan döwlet syýasatymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge we dünýä bileleşiginiň bähbitlerine sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman köp ugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek bolsa, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzyň logistika strategiýasy taryhy taýdan emele gelen ýörelgeden ugur alýar. Bir wagtlar kontinentimiziň halklaryny we ýurtlaryny birleşdiren esasy söwda ýollary Türkmenistanyň çäklerinden geçipdir. Gürrüň medeni ösüşde, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bolan Beýik Ýüpek ýoly barada barýar.

Geljekde biziň ýurdumyzy Ýewropa, Aziýa Ýuwaş Ummany we Günorta Aziýa ykdysady hyzmatdaşlygyny üpjün edýän transkontinental köprä öwürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulmak bilen, Türkmenistan GündogarGünbatar we Demirgazyk Günorta ugurlary boýunça ýollary hem-de çatryklary birleşdirýän milli üpjünçilik ulgamyny barha giňeldýär.

Şu maksat bilen, biz iri halkara taslamalaryny amala aşyrýarys. Demirgazyk Günorta ugry boýunça «Gazagystan Türkmenistan Eýran» demir ýolunyň gurlup, ulanmaga berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. «Türkmenistan Owganystan Täjigistan» demir ýolunyň gurluşygy bu ugurda ýene-de bir iri taslamadyr. Biz bu taslamanyň sebitdäki guryýer döwletleri iri halkara bazarlaryna çykarmakda örän netijeli boljakdygyna ynanýarys. 

Şeýle hem, ýurdumyzyň deňiz flotuny ösdürmegiň ähmiýeti örän uly bolar diýip pikir edýäris. Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gurluşygy iri ulag taslamalarynyň biri bolup durýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy deňiz flotuny ösdürmegiň örän möhüm ugrudyr. Hazaryň kenarynda gurulýan täze port häzirki zaman deňiz gatnawynyň möhüm bölegi bolar. Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky söwda ykdysady hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin örän amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde özboluşly inženerçilik desgalary  halkara ulag ulgamynyň «altyn halkasyna» öwrüljek demir ýol we awtomobil köprüleri hem giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berilýär.
Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki köprülerden başga-da, täze awtomobildir demir ýol köprüleriniň we köp sanly beýleki desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzyň çäklerinden geçýän «Aşgabat Garagum Daşoguz», «Türkmenbaşy Aşgabat Farap» awtomobil ýollarynyň esasy aýratynlygy olaryň dünýä ölçeglerine laýyk gelýänliginden ybaratdyr. Bu ýollaryň ugrunda onlarça inženerçilik desgalary  häzirki zaman ulag çatryklary, köprüler we estakadalar gurulýar.

Hormatly dostlar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Biz raýat awiasiýasyny ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Sebäbi, ol döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrýar we halkara giňişligine goşulmaga ýardam berýär. Türkmenbaşy şäherinde bina edilen, sagatda 800 ýolagça hyzmat edýän halkara howa menziliniň ähmiýeti uly bolar diýip pikir edýärin. Marynyň 550 ýolagça, Daşogzuň sagatda 500 ýolagça hyzmat edýän howa menzilleri hem bu ulgamyň düzümine girýär. Häzirki döwürde Türkmenabat şäherinde halkara howa menzili çalt depginler bilen gurulýar. Ol sagatda 500 ýolagça hyzmat eder. 

Gözel paýtagtymyz Aşgabatda şu gün açylyp, ulanmaga berilýän döwrebap halkara howa menzili bu ugurda alyp barýan uly işlerimiziň aýdyň mysalydyr. Bu desga ýurdumyzyň esasy «howa derwezesi», kontinent we kontinentara howa ýollarynyň üstaşyr geçýän iri menzili bolar diýip hasaplaýaryn. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňýanynda ak mermere beslenen paýtagtymyzda ulanmaga berilýän täze howa menzili toplumy, nesip bolsa, sebitde häzirki zaman ulag-üstaşyr üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegine öwrüler. Bu döwrebap toplum Aziýa bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döreder. Sebitara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin ösüşine uly itergi berer. Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmäge giň mümkinçilikleri açar. 

Merkezi Aziýada örän iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan bu toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalar bolup durýar. Bu desgalaryň hatarynda baş we ikinji ýolagçy terminalyny, ýük terminalyny, uçarlara tehniki hyzmat edýän angarlar toplumyny, okuw hem-de lukmançylyk merkezlerini we köp sanly beýleki desgalary görkezmek bolar.

Bäş gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Ol bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat eder. Üç milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, häzirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan hem köp adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berer. Ýük terminaly bolsa, 200 müň tonna ýüki üstünden geçirer.

Täze howa menziliniň uzynlygy 3 müň 800 metre ýetýän, ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. Howa hereketini dolandyryş gullugynda iň häzirki zaman nawigasiýa enjamlary oturdyldy. Döwrebap howa menzili halkara derejesinde hyzmat edip, dürli görnüşli we agramly uçarlary kabul edip biler. Halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, ýurdumyzyň howa şertleri, howpsuzlyk kadalary göz öňünde tutulan täze howa menzili tutuş toplumyň ýokary netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýangyna garşy we awariýa-halas ediş, iýmit gulluklarynyň, awiasiýa-meteoroligiýa merkeziniň binalary, logistika toplumynyň ammarlary ýerleşýär. Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep, ussahanalar, ýolagçylar we ekipaž agzalary üçin ähli amatlyklary bolan myhmanhana we köp sanly beýleki binalar hem-de desgalar bar.

Şeýle hem, täze toplumda milli howa gatnawlarynyň ekipaž agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin türgenleşik merkezi göz öňünde tutuldy. Onuň okuw otaglary «Boeing» howa gämileriniň uçarmanlary üçin işdäki ýaly şertleri döredýän we uçar dolandyrylanda zerur hereketleri ýerine ýetirmäge hem-de uçuş wagtynda bolup biljek ýagdaýlary göz öňüne getirmäge ýardam berýän iň täze türgenleşik enjamlary bilen üpjün edildi.

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar! 

Häzirki döwürde howa ýollary syýahatçylyk etmek üçin hem örän amatly bolup durýar. Halkara howa ulaglarynyň ýolagçylarynyň köpüsi syýahatçylyk, işewürlik ýa-da medeni maksatlar bilen ýola çykýarlar. Şoňa görä-de, bu ugurda hem milli awiasiýa uly orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine netijeli täsirini ýetirýär.

«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň howa gämileri häzir dünýä belli öndürijileriň iň täze uçarlarynyň we dikuçarlarynyň hasabyna doly täzelendi. Soňky ýyllarda howa gämileriniň sany ýokary hilli «Boeing» uçarlarynyň we beýleki kämil tehnikalaryň hasabyna barha artýar. Häzirki wagtda «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki gatnawlardan başga-da, dünýä ýurtlarynyň onlarça şäherine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Uçuş ugurlarynyň sany yzygiderli artýar. Täze ugurlar boýunça uçuşlary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hem öwrenilýär.

Ýeri gelende, ajaýyp paýtagtymyzyň täze howa menziliniň ulanmaga berilýän senesiniň özboluşly manysynyň bardygyny hem bellemek isleýärin. Şu günki waka Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyndan laýyk bir ýyl öň bolup geçýär. Nesip bolsa, şu Oýunlara gatnaşmak ýa-da tomaşa etmek üçin ýurdumyza gelýän köp sanly myhmanlary hut milli raýat awiasiýasy gulluklarynyň işgärleri ilkinjiler bolup garşy alarlar. 

Aşgabatda 2017-nji ýylda boljak Oýunlara taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler Aziadanyň geçiriljek döwründe awiaugurlary köpeltmäge, şol sanda Aziýa sebitiniň ýolagçylary üçin köpeltmäge hem degişlidir. Parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýan Bitarap Türkmenistan hemişe anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar. Sebit we ählumumy derejede hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Şu meselede biziň ýurdumyz diňe bir sebitiň döwletleriniň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen çäklenmeýär. Ilki bilen has giň  kontinentara ykdysady bähbitler üçin, ýokary depginde ösýän öz ulag-üstaşyr gatnatmalarynyň, şol sanda howa gatnatmalarynyň mümkinçiliginden ugur alýar. Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimiziň döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň özara düşünişmegine hem-de ýakynlaşmagyna ýardam berjekdigine berk ynanýaryn. Döwrüň ýagdaýyny we talaplaryny göz öňünde tutýan başlangyçlarymyz özara bähbitli söwda ykdysady gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilendir. Bu başlangyçlar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň  70-nji  mejlisinde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň baştutanlarynyň duşuşyklarynda, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda we beýleki ýokary derejedäki maslahatlarda öňe sürüldi. Hususan-da, gürrüň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmegi göz öňünde tutýan, Birleşen Milletler Guramasynyň ulaglary ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar.

Ulag we kommunikasiýalar ýaly geljegi uly bolan ugurlarda işjeň halkara hyzmatdaşlygy dünýä ykdysadyýetiniň umumylaşýan häzirki şertlerinde goşulyşmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu umumylaşma bolsa, köpugurly we howpsuz halkara ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmegi talap edýär. Şu gün ulanmaga berilýän Halkara howa menzili hem munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly adamlar! 

Sizi şu günki şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn we Aşgabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrýaryn!


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder