4 Aralık 2015 Cuma

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işlenip taýýarlanylan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan halkara giňişliginde uly üstünliklere eýe boldy. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk Türkmenistan döwletimiziň berkararlygyny hem-de mizemezligini, türkmen halkynyň taryhy ösüş ýoluny we gazanan üstünliklerini şöhlelendirmek bilen, halkara giňişliginde ýurdumyzyň uly abraýa eýe bolmagyna mümkinçilik berdi.

Türkmenistan özüniň garaşsyz we özygtyýarly ösüşiniň ilkinji günlerinden parahatçylyk söýüjilikli ýörelgelere eýermek bilen, oňyn hemişelik bitaraplygyň belent hem-de jogapkärli hukuk derejesine doly hukukly mynasyp döwletdigini subut etdi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulan daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasynyň özüne çekijiligi onuň dünýä giňişliginde halkara abraýynyň artmagyny şertlendirdi we Ýer ýüzünde bitarap döwlet hökmünde başlangyçlarynyň goldanylmagynyň kuwwatly mümkinçiliklerini açyp görkezmäge  ýardam etdi.

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidentiniň halkara derejesindäki abraýy, sebitleýin we ählumumy meseleleri çözmekde goşýan ägirt uly şahsy goşandy Türkmenistana ylalaşdyryjy döwlet hökmünde abraý getirdi, biziň halkymyzda bolsa halklaryň we döwletleriň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsini gurmak üçin uly tagallalary edýän öz Milli Liderine guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmek, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmak, ata Watanymyzyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine goşan uly şahsy goşandyny, jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň baýramçylygy, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi  k a r a r  e d ý ä r :

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
A.Nurberdiýewa.

Aşgabat şäheri. 2015-nji ýylyň 2-nji dekabry. № 315-V.




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder