“Aşgabat” köpugurly sport toplumynda geçen taý boksy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň ýeňijileri belli boldy. Paýtagtly türgenler ýaryşa has taýýarlykly gelendiklerini görkezip, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Taý boksy milli federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bu söweş sungaty bilen meşgullanýan türgenleriň 120-ä golaýy gatnaşdy. Iki ýetginjek toparlarynda, ýagny 16 ýaşa çenli we 18 ýaşa çenli toparlarda geçen ýaryşda türgenler baýraklaryň jemi 22 toplumy ugrunda güýç synanyşdylar.
Paýtagtymyzyň türgenleri ýaryşda doly artykmaçlyk gazandylar. Olar hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna 16 gezek çykdylar. Umumy toparlaýyn hasapda Daşoguzdan gelen ýaşajyk taý boksçylar ikinji orna mynasyp boldular. Olar altyn medallaryň 3-sini gazandylar. Hormatly üçünji orna agram derejeleriniň birinde ýeňiş gazanan Mary welaýatynyň topary mynasyp boldy.
Sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna girýänligi bellärliklidir. Hut şu sebäpli hem ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda ýaryşa gatnaşan türgenleriň, hususan-da, 18 ýaşa çenli toparda çykyş eden taý boksçylarynyň birnäçesiniň ýene 2 ýyldan milli ýygyndymyzyň düzüminde ýurdumyzyň sport abraýyny goramaga uly mümkinçiligi bardyr. Şonuň üçin hem olaryň her biri ýaryşda özlerini ussatlarça görkezmäge çalyşdylar.
Dekabr aýynyň 18-inden 20-sine çenli Mary şäherinde taý boksy boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň kubogy ugrunda ýaryş geçiriler.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder