12 Aralık 2015 Cumartesi

Türkmenistanyň Bitaraplyk Baýramy Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp çap edilýän makalalaryň sany barha artýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäde abraýy barha belende galýan türkmen döwletiniň durmuşynyň dürli ugurlaryna dünýä jemgyýetçiligi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri uly gyzyklanma bildirýär.

Halkara işewürlik žurnaly “Image. ua”  Ukrainada çap edilýär, onuň tutuş bir sany ýörite Türkmenistana bagyşlandy. Bu taslama ýurdumyzyň we Ukrainanyň ilçihanalarynyň 2015-nji — Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiren bilelikdäki işleriniň netijesidir.

Oňat bezelen žurnalda Türkmenistan ýurdumyzyň döwlet nyşanlary, milli baýramlary, Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň ähli ugurlarynda ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän makalalar ýerleşdirildi. Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler —  oktýabr aýynda Ukrainanyň Prezidenti Pýotr Poroşenkonyň ýurdumyza resmi saparyna bagyşlanan makala žurnalda esasy orny eýeleýär. 

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanyň daşary syýasat  ugry, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwaty barada makalalar ýerleşdirildi. “Bitaraplyk –Türkmenistanyň ägirt uly gazananlary”, “Bitaraplyk we parahatçylyk Türkmenistanyň durmuş gymmatlyklarynyň ulgamynda”, “Türkmenistan: parahatçylyk we abadançylyk” hem-de beýleki makalalarda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň häzirki zaman geosyýasatyndaky ornuna ýokary baha berilýär.  

“Image. ua”   žurnalynyň köp sanly okyjylary BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň münberinden yglan edilen Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlary bilen tanşyp bilerler. Mälim  bolşy ýaly, türkmen döwleti döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk, dawalaryň parahatçylykly, syýasy serişdeler arkaly  çözülmeginiň tarapdary ýörelgelerinden ugur alýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň barşynda ýurdumyz tarapyndan ählumumy we sebit meseleleri boýunça täze halkara başlangyçlarynyň birnäçesi beýan edildi. Olaryň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de  howpsuzlygy pugtalandyrmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak,  ynsanperwerlik meseleleri bar. 

Žurnalda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan bölekler getirilýär, şol jümlelerde Türkmenistanyň halkara derejesinde alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär.

Soňky ýyllarda ähli pudaklarda ýokary makroykdysady görkezijiler bilen häsiýetlendirilýän ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine bagyşlanan aýratyn makala çap edilýär. Makalada bellenilişi ýaly, 2015-nji ýylyň birinji ýarymynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri durnukly ykdysady ösüşiň aýdyň subutnamalarydyr: jemi içerki önümiň ösüşi 9,1 göterime deň boldy. Halkara pul gaznasynyň çaklamalaryna görä, bu görkezijiniň 11,5 göterime ýetiriljekdigi nygtalýar. Gaznanyň syn beren ýurtlarynyň arasynda bu iň ýokary görkeziji bolar.

Žurnalyň okyjylary iri taslamalar — TOPH (Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, ulag düzüminiň ösüşiniň we beýlekileriň ähmiýeti baradaky makalalaryň  tapgyry bilen hem tanşyp bilerler. 

Žurnalyň ýörite goýberilişiniň bir bölüminde türkmen halkynyň baý medeniýeti we däp-dessurlary, meşhur halylary, ahalteke bedewleri  barada gürrüň berilýär. Makalanyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň milli medeniýeti  dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda aýratyn orny eýeleýär” diýen sözleri getirilýär.

Aýry-aýry makalalarda bilim ulgamynda geçirilýän oňyn özgertmeler, ýurdumyzyň sebitleriniň ösüşi we beýlekiler barada gürrüň berilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, 2017-nji ýylda  ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu waka mynasybetli çap edilen makalada  Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport abraýyny ýokarlandyrmak,  bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek babatynda öňde boljak iri möçberli sport çäresiniň ähmiýeti nygtalýar.

Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüş depginleri baradaky makala hem žurnalda aýratyn orun eýeleýär, onda türkmen topragynyň  gaýtalanmajak keşbi we tebigy baýlyklary barada gürrüň berilýär. Makalalaryň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Hazaryň kenarynda döredilýän halkara derejeli deňiz şypahanasy, ägirt uly taslama -- "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky makalany bellemek gerek.

Köp sanly medeniýetleriň hem-de siwilizasiýalaryň mekany, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezleriniň biri bolan ýurdumyzyň çäklerinde uly ähmiýetli taryhy we medeni ýadygärlikler ýerleşýär. Şunuň bilen baglylykda,  žurnalyň okyjylaryna gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý galasy ýaly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikler,  Dehistan baradaky makalalar hödürlenilýär, olar ata-babalarymyzyň dürli ýurtlaryň hem-de halklaryň medeniýetleri bilen ýakyn baglanyşykly bolup, dünýä medeniýetini maddy we ruhy gymmatlyklar bilen baýlaşdyrandygyna şaýatlyk edýär.

Žurnalda Türkmenistanyň şypahanalary we sagaldyş merkezleri baradaky maglumatlar hem getirilýär, olaryň her biri gaýtalanmajak tenekar ähmiýeti bilen tapawutlanyp, tebigy-howa şertlerine hem-de mineral-bejeriş çeşmeleriniň aýratynlyklaryna baglydyr. 

“Image. ua”  halkara işewürlik žurnaly baradaky synymyzy jemlemek bilen, onuň rus, iňlis we ukrain dillerinde çap edilýändigini bellemelidiris.

Täjigistanda çap edilýän “Elite Magazine” döwürleýin neşirleriň sanlarynyň birinde Türkmenistan barada gyzykly makalalar ýerleşdirilýär. Onuň daşky sahabynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanan üstünliklerine bagyşlanan makalalaryň sanawy ýerleşdirilýär.

Çap edilen makalalaryň hatarynda milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan daşary syýasatyň esasy ugurlaryna syn berýän makalalary bellemek bolar, şol syýasat parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar hem-de dünýäniň ähli döwletleri bilen oňyn özara bähbitli hyzmatdaşlyga ösdürmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň uly ähmiýetli parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary barada gürrüň berýän “Elite Magazine” žurnaly olaryň Bitaraplyk hukuk derejesiniň  döwletara gatnaşyklarynda güýç ulanmazlyk,  ähli ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk  gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine goşulmazlyk, döwletleriň özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara gatnaşyklarynda BMG-niň çözgütlerini ileri tutmak ýaly binýatlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtaýar. Özüniň geosyýasy, ykdysady, serişdeler mümkinçiliklerini ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirýän Türkmenistan häzirki wagtda halkara derejesinde gepleşikleriň hem-de pikir alyşmalaryň täze görnüşini işläp taýýarlaýar. 

“Energiýa serişdeleriniň howpsuzlygynyň   konsepsiýasy – durnukly ösüşiň kepili” atly makalada ägirt uly nebitgaz serişdelerine eýe bolan we geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan uglewodorod çig malynyň dünýä bazarlaryna çykarylmagynyň ygtybarlylygyny  hem-de goraglylygyny  durnukly ösüşiň esasy şerti hökmünde öňe sürýär diýlip bellenilýär. 

Žurnalyň sahypalarynda ulag geçelgeleriniň ösdürilişi hakyndaky meselä aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň çäklerinde yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň, hakykatda kemala gelýändigine eýýäm çekilen müňlerçe kilometr demir ýollaryň we awtomobil ýollarynyň ulgamlary, öň bar bolan deňiz we howa menzilleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we täzeleriniň gurulmagy aýdyň şaýatlyk edýär.  

Žurnalda ynsanperwer ýörelgeleriň we durmuş ugurly döwlet syýasatynyň milli nusgasy hakynda gürrüň berýän makala aýratyn ünsi çekýär. “Döwlet adam üçindir!” — abadançylyk we ösüş syýasaty” atly makalada Türkmenistanyň durmuş ulgamynyň ösdürilmegine  her ýylda býujet serişdeleriniň 80 göterimine golaý möçberiniň goýberilýändigi bellenilýär. Žurnalyň sahypalarynda türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, milli mirasy we Türkmenistanyň çäklerindäki taryhy ýadygärlikleri barada gürrüň berýän suratlar ýerleşdirilýär.

Moskwada rus we iňlis dillerinde neşir edilýän “Türkmenistan” žurnalynyň türkmen döwletiniň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany çap edildi. Awtorlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan makalalary we fotoşekilleri taýýarladylar. 

Žurnalyň daşky sahabyndaky “Žurnaly okap — ýurdy açýarsyň”  diýen şygar Bitaraplyk derejesine degişlidir — okyjy Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, iri innowasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilişi we BMG-niň belent münberinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk söýüjilik başlangyçlarynyň awtory hökmünde yglan eden başlangyçlary bilen tanşyp biler. Häzirki wagtda ýurdumyza okgunly depginler bilen täze-täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýän “türkmen gudraty” dünýäniň syýasy we diplomatik toparlarynyň ara alyp maslahatlaşýan meselesine öwrülýär, iri daşary ýurt syn beriş-seljeriş neşirleri Türkmenistana ýörite makalalary, makalalar toplumlaryny hem-de  ýörite neşirleri bagyşlaýarlar.

Neşiriň aglaba bölegini ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar barada gürrüň berýän makalalar eýeleýär, şunda Türkmenistanda  amala aşyrylýan özgertmeler, daşary gatnaşyklaryň  ösüş ugurlary, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilişi, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda ornunyň pugtalanmagy nygtalyp geçilýär.

Žurnalyň “Syýasat” bölüminde “Parahatçylyk döredijiniň öňdengörüjiligi” atly habar çap edilýär, onda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň tejribesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylyk dörediji syýasatçy hökmünde ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine ägirt uly ruhy kuwwat bermek boýunça alyp barýan belent jogapkärçilikli wezipesi barada gürrüň berilýär, bu syýasat türkmen halkynyň iň gowy häsiýetleriniň kemala gelmeginiň kanunalaýyk dowamydyr. 

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, hususan-da, Astrahan oblasty bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilişine ýörite makala bagyşlanýar, bu gatnaşyklar gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar hem-de taryhy we medeni umumylyga daýanýar. Bu şertler dostlukly ýurtlaryň arasyndaky köptaraplylygy bilen tapawutlanýan aýratyn gatnaşyklary alamatlandyrýar. Žurnal soňky ýyllarda amala aşyrylan  bilelikdäki  taslamalar we medeni alyşmalar baradaky maglumatlary muňa mysal hökmünde getirýär. 

Neşiriň birnäçe bölümi Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanylýar. Olaryň awtorlary Garaşsyz döwletimizde üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler hakynda gürrüň berýärler. Žurnalda bellenilişi ýaly,  milli  Liderimiziň durmuş ugurly syýasaty döwrüň esasy aýratynlygydyr, şonuň netijesinde bu gün türkmenistanlylar abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar.

Makalalaryň birinde Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreler barada gürrüň berilýär, şolaryň çäklerinde dabara köp sanly gatnaşyjylara we myhmanlara türkmen halkynyň folklor döredijiligi, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary, aýdym-saz sungaty, ýurdumyzyň şekillendiriş sungatynyň  eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berildi. 

Aýry-aýry makalalarda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlarynda ýeten sepgitleri hakynda gürrüň berilýär, neşiriň pikirine görä, bu ulgamlaryň her birinde Türkmenistan haýran galdyryjy belentliklere ýetdi. 

Okyjylar ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri bilen hem tanyşdyrylýar. 

Žurnalyň sahypalarynda Türkmenistanda çap edilýän dürli neşir önümleri barada-da maglumat berilýär.
 
Žurnalyň ýörite sanynyň bölümleriniň her biri owadan bezelipdir, bu bolsa okyja türkmen topragyny gurşap alan özgertmeleriň ruhuny duýmaga ýardam berýär. 

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň  ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan žurnallaryň ýörite sanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn, öňdengörüjilikli syýasatyň häzirki wagtda dünýä we sebit ähmiýetli  möhüm meseleleriň çözgüdini tapmaga hil taýdan täzeçe çemeleşýän Türkmenistanyň belent halkara abraýyny üpjün edendiginiň nobatdaky subutnamasydyr.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder