12 Aralık 2015 Cumartesi

BM Guramasynyň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Baýramçylyk Gutlagy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow!

Türkmenistanyň gadyrly raýatlary!

Hanymlar we jenaplar!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygy mynasybetli gyzgyn gutlaglarymy size ýollamaga rugsat ediň. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hökmünde Türkmenistanda iki gezek saparda bolmak maňa miýesser etdi. Resmi saparymyň biri şu ýyl bolup geçdi. Türkmenistan özboluşly baý däp-dessurlary, medeniýeti we owadan tebigaty bolan ajaýyp ýurt.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen parahatçylygyň, adalatlylygyň we adamlaryň abadan durmuşynyň hatyrasyna ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Men Türkmenistanyň hökümetine we türkmen halkyna Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine uly howandarlyk edýändikleri hem-de sebitde  parahatçylygy saklamak babatynda oňyn başlangyçlar bilen  çykyş edýändikleri üçin öz hoşallygymy bildirýän. Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanyň geljekde-de türkmen halkynyň, şeýle-de Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşarda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, adam hukuklaryny goramak boýunça bilelikdäki  işlerini dowam etjekdigine  umyt edýärin. 

Siziň hemmäňizi şanly baýram bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder