3-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdymyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň demir ýol ulaglary ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek, täze polat ýollary gurmak, demir ýol gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, demir ýol hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän ak ýürekli we jan aýamazakly zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen 2015-nji ýylyň 23-nji ýanwaryndaky Permanyna laýyklykda Türkmenistanda ilkinji gezek ýurdymyzyň Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Etrekde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmaklarynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu taryhy waka sebit we halkara ulag düzüminiň ähmiýetli bölegine öwrülip, polat ýoluň gurluşygynyň tamamlanmagyny alamatlandy hem-de Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda has amatly demir ýol gatnawyny üpjin edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabarada çykyş edip, bu demir ýol magistralynyň möhüm demirgazyk-günorta halkara ulag geçelgesi bolup, ony döretmek başlangyjynyň milionlarça adamlaryň bähbidine, şunuň bilen birlikde parahatçylyk we ähliumumy abadançylyga gulluk etmek ýaly çuň mazmunynyň bardygyny belledi.
“Şu gün Ýewraziýa yklymynda täze halkara ýolunyň—Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň möhüm böleginiň açylan senesi hökmünde taryha müdimi girer” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şonda aýdypdy. Zamanamyzyň örän möhüm bu wakasy mynasybetli Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni döredildi.
Demirýolçular özleriniň ilkinji hünär baýramçylygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garyşlaýarlar. Olar Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara polat magistralyny gurmakda nobatdaky sepgide ýetdiler. Ýol çekmegiň iň çylşyrymly bölegi bolan toprakly gatlagy düşemek Owganystanyň Akina diýen ilatly ýerine çenli ýetirildi. Magistralyň ugrunda demir ýol köprüleriniň gurluşygy amala aşyrylýar, demir ýol beketleriniň gurluşygyna badalga berilýär.
Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly Ýewropany we Aziýany birleşdirýän halkara ulag aragatnaşyk ulgamynyň ýene bir möhüm bölegi bolar.
Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy ösüşiniň esasy guraly bolup durýar. Transkontinental üstaşyr ýük geçelgeleriniň möhüm çatrygynda bolmak bilen, Türkmenistan ýurduň durnukly ykdysady we durmuş ösüşine , dünýä bazarlarynda ýurduň harytlarynyň we hyzmatlarynyň bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna daýanyp, özüniň çäginde yklymyň möhüm ulag merekezleriniň birini kemala getirýär. Munuň özi Türkmen döwletiniň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna aralaşmagynyň ösýän derejesi bilen şertlendirlendir.
Döwlet tarapyndan pudagyň maddy-üpjünçilik binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ony häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen dolandyrmagy kämilleşdirmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň demir ýol ulagynyň hereket edýän düzümi doly täzelendi. Täze ýük wagonlarynyň müňden gowragy, şol sanda ýüküni özi düşürýän wagonlaryň 250-si, bitum daşamak üçin niýetlenen wagonlaryň 110-sy, nebit we nebit önümlerini daşamaga niýetlenen sisternalaryň 100-si, sement daşaýjylaryň 255-si, däne daşamak üçin wagonlaryň 102-si, dökün çekmek üçin wagonlaryň 256-sy satyn alyndy.
Polat ýollaryň gurluşygynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy bilen baglylykda dürli tehnikalaryň uly tapgyrlary—ýol goýujy kranlar, relsleri galdyrmak, olary berkitmek hem-de timarlamak üçin maşynlar, motodaşaýjylar, motorlaşdyrylan platformalar we beýleki enjamlar, ýoluň ýagdaýyny tehniki taýdan anyklamak üçin wagon barlaghanalary we beýlekiler gelip gowuşdy.
Bularyň ählisi hereket howpsyzlygynyň, serişdeleri tygşytlamagyň, demir ýol hojalygyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň meselelerini netijeli we çalt çözmäge mümkinçilik berýär.
2013-nji ýylyň oktýabrynda, Aşgabatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglar ministrliginiň täze belent desgasy açyldy. Pudagyň dolandyryş merkezi bolan bu desgada ähli şertler, şol sanda pudagyň ähli düzümleriniň we bölümleriniň işini utgaşdyrmagy kämilleşdirmek üçin täze tehniki, interaktiw we multimediýa enjamlary bilen üpjünçilik göz öňünde tutulypdyr.
Bu ýerde merkezleşdirlen dolandyryş nokadynyň bolmagy,onda kopýuter monitorlarynda ähli demir ýol beketleri hem-de ýurdymyzyň ýol hojalygy nokatlary barada maglumatlar çykarylýanlygy aýratyn üns bermäge mynasypdyr. Bu ýerden bir wagtyň özünde ýolagçy hem-de ýük otlularynyň hereketine, olaryň kabul edilşine we ugradylyşyna syn etmek, bu işlere dessine ýolbaşçylygy amala aşyrmak, düzümlerdäki wagonlaryň sany, ýükleriň görnüşleri, olaryň barmaly ýerleri, ýollaryň ulanyş ýagdaýy we beýlekiler baradaky maglumatlary almak bolýar.
Dolandyryş gözegçiliginiň bu kompýuter ulgamynyň tehniki-ykdysady netijeliligi, ähli demir ýol pudagynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmakda, şeýle hem polat ýollarda bökdençsiz işi we howpsyzlygy üpjin etmekde, ýolagçylary we ýükleri mümkin bolan ýokary öndürjilik bilen gatnatmagyň we daşamagyň has takyk meýileşdirilmeginde, tehniki bölümleriň özara täsirini guramagy kämilleşdirmekde ýüze çykýar.
Ulag toplumynyň pudaklarynyň ösüşiniň häzirki döwründe toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täze durmuş-ykdysady şertlere laýyk gelýän ulag ulgamynyň hukuk binýady döredilýär, degişli işleriň döwlet tarapyndan dolandyrylyş hem-de hünärmenleri taýýarlamak ulgamy kämilleşdirilýär.
2012-nji ýylda Aşgabatda demir ýol orta hünär mekdebi açyldy. Ol ýerde ýaş türkmenistanlylar “awtomatika, telemehanika we aragatnaşyk” , “demir ýol ulaglarynyň hereketini dolandyrmak we gatnawlary guramak”, “demir ýol hojalygy we gurluşyk” , “lokomotiw hojalygy”, “wagon hojalygy”, “energetika hojalygy we demir ýollaryň elektrik üpjünçiligi” ýaly ugurlar boýunça hünär alarlar.
2014-nji ýylda mekdebi tamamlan ilkinji uçurymlar ýurdymyzyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň guramalarynda we edaralarynda iş orunlary bilen üpjin edildi.
Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda demir ýol bölümi hereket edýär, onda talyplar demir ýol ulagyny ulanmak hem-de abatlamak ugry boýunça birnäçe hünärler boýunça ýokary bilim alýarlar (lokomotiwler; wagonlar; gatnawlary guramak hem-de hereketi dolandyrmak; awtomatika, telemehanika we demir ýol ulaglarynda aragatnaşyk, ýol hojalygy we gurluşyk).
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdymyzyň demir ýol pudagynyň öňünde milli ykdysadyýetiň bu möhüm ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny, demir ýol gatnawynyň göýberiş mümkinçiligini, ýolagçy we ýük daşalmagynyň, şol sanda üstaşyr geçirilmeginiň möçberini ep-esli ýokarlandyrmak barada wezipe goýdy.
Ulag hyzmatlarynyň bazarynyň häzirkizaman görnüşini emele getirmek boýunça täze maýa goýum-gurluşyk taslamalarynyň hatarynda geljekde Türkmenistanyň çäklerinde ýokary tizlikli gatnaw infrastrukturasyny döretmek we ösdürmek, pudaga täze tehnologiýalary çekmek we halkara gatnawlaryň örüsini giňeltmek, olary eksporta gönükdirmek wezipesi hem durýar.
Ulag ulgamyny ösdürmek Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam etmek bilen ýurdymyzyň dünýä hojalyk ulgamyna goşuluşmagynyň derejesine gönüden-göni täsir edýär. Bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň globallaşmak ýagdaýynda has hem wajyp ähmiýete eýedir. Munda ýurdymyzyň batly depginler bilen ösýän demir ýol pudagyna strategiki ähmiýet berilýär.
Ýurdymyzyň içeri we daşary syýasatynda demir ýol gatnawunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýänligini milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we yklymda ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine ýeke-täk ulag we söwda giňişligini döretmäge gönükdirilen başlangyçlary hem tassyklaýar. Milli Liderimiz bu pikiri BMG-nyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň belent münberinden aýdan halkara başlangyçlarynda öz beýanyny tapdy.
Bu gün Demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda dabara bolar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pudagyň öňdebaryjylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşurlar.
Şeýle hem “İň gowy kärhana” we “Öz hünäriniň ussady” atly pudak bäsleşikleriniň ýeňijileri yglan ediler.
Ýörüte bu baýramçylyga gabatlanyp “Bagta barýan ýollar” atly demir ýolçularyň durmuşyndan söhbet açýan çeper filimiň ilkinji görkezilişi bolar. Pudagyň edermen zähmetkeşleriniň köpüsi öz hünär baýramçylyklaryny iş orunlarynda garyşylaýarlar, çünki ýolagçy we ýük gatnadýan otlular bellenen tertipde takyk gatnamalydyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder