5 Aralık 2015 Cumartesi

Türkmen Atşynaslarynyň Rowaç Döwri

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň edara binasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň wekilleriniň, tejribeli atşynaslaryň, halypa seýisleriň, çapyksuwarlaryň hem-de belli seçgiçleriň, alymlaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirildi.

Onuň barşynda ýurdumyzda atçylyk ulgamyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we türkmen atlarynyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek boýunça öňde durýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň okgunly ösüşiniň baş nyşanyny alamatlandyrýan ahalteke bedewleri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň we türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz ajaýyp atlara “Ahalteke bedewi –biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” ýaly kitaplary bagyşlady. Milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň giňden wagyz edilmegi ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri özüniň oňyn netijesini berýär. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary guruldy. Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynyň durky doly täzelendi. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy işjeň hereket edýär. Meşhur türkmen seýisleri, atşynaslary bedewleri ýerli tebigy aýratynlyklara laýyklykda ösdürip ýetişdiripdirler. Olar arassa ganly ahalteke bedewleriniň kämil derejä göterilmegi ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmandyrlar. Türkmen atlaryna mahsus reňkleri bolan bedewleriň beden gurluşynda, çeýeliginde, ýygnamdylygynda özboluşly aýratynlyk bar. Munuň özi öz işine ussat atşynaslaryň, yhlasly seýisleriň köp asyrlaryň dowamynda çeken zähmetiniň, zehininiň aýdyň miwesidir. Bedewleriň tebigy sazlaşygynda gadymy seýisleriň  ussatlygy, ýiti zehini äşgär duýulýar. 

Bu günki maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda gurulýan athanalar toplumyna we  ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň gidýän ýerine baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň, toplumda bedewler hem-de atşynaslar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi barada beren tabşyryklarynyň özleri üçin uly hormatdygyny aýratyn nygtadylar. Ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ösdürilmegi, asyrlar aşyp gelýän arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy hem-de bu ugurdaky tagallalaryň yzygiderli dowam etdirildmegi ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy. 

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda bina edilýän 600 baş bedewe niýetlenen atçylyk toplumynyň, şeýle hem 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depginleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, täze toplumyň baş maksady arassa agnly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmakdan, bu ugurda alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmakdan we atşynaslar üçin ähli zerur şertleri üpjün etmekden ybaratdyr. 

Maslahata gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny saklamakda we artdyrmakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasynyň bardygyny bellediler. Milli Liderimiz yzygiderli aladasy ngetijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagy ösüşiň täze belentligine çykdy. Ýurdumyzda bu düzümi ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, milli atçylyk sportuny we at çapyşygynyň asylly ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. 

Şeýle hem maslahatda çykyş edenler ahalteke bedewleriniň häzirki döwürde bar bolan ähli tohumdaky atlardan özüniň çeýeligi, ýygnamlygy hem-de ajaýyplygy bilen tapawutlanýandygyny nygtadylar. Ahalteke bedewleri diňe bir ýurdumyzyň atşynaslarynyň yhlasly zähmetiniň netijesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, beýik gymmatlygy dünýä beren halkymyzyň we jemgyýetimiziň ýokary ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda bedewler ýurdumyzyň baş nyşany bolmak bilen ählihalk söýgüsine mynasyp boldy. Ahalteke atlary asyrlaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny, beýik ýeňişleri, sazlaşygy, zähmeti, ruhubelentligi we döredijiligi özünde jemleýän milli gymmatlykdyr. 

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar taryhda öçmejek yz galdyran we ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratynyň dikeldilmegi ugrunda mynasyp goşant goşan Aba Annaýewiň bitiren hyzmatlaryny ýatladylar. Bu ýerde çykyş edenler Gökdere obasynda atşynaslar üçin döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, orta mekdebiň, çagalar bagynyň binalarynyň,  birnäçe athanalaryň, muzeýiň,  okuw merkeziniň,  olaryň bir bitewi toplumy emele getirýändigini guwanç bilen bellediler.  Şeýle hem çykyş edenler köpsanly desgalardan we tutuş ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan bu toplumy Aba Annaýew adyndaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy diýip atlandyrmak kararyna geldiler we bu teklibi biragyzdan öňe sürdüler. Bu teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldawa mynasyp boldy.  

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň ösmegi ugrunda oňyn başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar we ahalteke atçylyk pudagynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna, Garaşsyz, bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi we abadançylygy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder