11 Aralık 2015 Cuma

Türkmenistanda Belarusuň Medeniýet Günleri Geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de belarus we türkmen artistleriniň bilelikdäki dostluk konserti geçirildi.

Bu uly döredijilik çäresi iki döwletiň Lideriniň — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň şanly wakanyň—ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda Aşgabatdaky duşuşygynyň özboluşly manysyny ýüze çykardy.   

 Belarus medeniýetiniň günleriniň çäreleri medeni däpleriň köptaraplylygyny açdy hem-de döredijilik üstünliklerini görkezip, hünär taýdan has-da ysnyşykly özara hereket etmek hem-de iki döwletiň medeniýet we sungat işgärleriniň tejribe alyşmagy üçin meýdança öwrüldi.

Paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde hem-de Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda Belarusuň çäklerinden has alyslarda meşhur bolan toparlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň konsertleri geçirildi. 

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen “Belorusskiý gostines” diýen amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň önümleriniň sergisi uly gyzyklanma döretdi. Onda Belarusuň oblastlarynyň altysynyň hem däp bolan senetçiligi görkezildi. Sergä gelenler çybyk örme, dokmaçylyk, tikinçilik, keramika, kendiriň işlenip taýýarlanylyşy, çybykdan başgap   örmek we beýlekiler ýaly usullarda ýerine ýetirilen önümlere baha berdiler. Önümleriň arasynda milli egin-eşikler, süpürgiçler, gobolenler, nepis gözenek saçaklar hem-de el süpürgiçler, kagyzdan ýasalýan dürli şekiller, ýüňden keçe ädikler bar. 

Sergide Belarusuň her sebitiniň däp bolan döwrebap lybaslary görkezildi. Olar nagyşlary hem-de serişdesi bilen tapawutlanýar. Sergä gelenlere görkezilen önümleriň köpüsiniň taýýarlanyş usuly görkezildi. Bu ýerde görkezilen film arkaly belarus senetçiliginiň köpdürlüligi, dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň ussatlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmak boldy. 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda  meşhur belarus edebiýatçysy, Belarusuň ýazyjylar birleşmesiniň agzasy Alesýa Badakyň türkmen şahyrlary, ýazyjylary, žurnalistleri bilen geçirilen duşuşygy hoşniýetli we köne dostlaryň gatnaşygyna öwrüldi. Onuň barşynda döredijilik gatnaşyklaryny, şol sanda terjimeçilik babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.        

Belarus Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Irina Driga duşuşyga gatnaşyjylara iki halkyň nusgawy hem-de häzirki zaman edebiýatçylarynyň eserleriniň belarus we türkmen dillerine terjime edilişi barada gürrüň berip, ýurdumyzyň baş kitaphanasyna belarus taryhyna, sungatyna we medeniýetine bagyşlanylan neşirleriň toplumyny sowgat berdi. 

Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlaryň ählisinde Garaşsyz Watanymyza hem-de türkmen halkymyzyň Arkadagy--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan şygyr bilen çykyş eden Türkmenistanyň Gahrymany, şahyr G.Şagulyýewanyň hem-de Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” diýen goşgusyndan bölekleri belarus dilinde okan  A.Badakyň şahyrana söhbetdeşligi uly kanagatlanma döretdi. 

Belarusuň wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde duşuşyk geçirdi. Ol ynsanperwer ulgamda köptaraply türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada  gyzyklanma bildirilen pikir alyşma öwrüldi. 
 
“Aşgabat” kinoteatrynda belarus kinematografiýaçylarynyň häzirki zaman işleri görkezildi.

Öz gezeginde belarus myhmanlary üçin taýýarlanylan baý medeni maksatnama olara ýurdumyzyň taryhy ajaýyplyklary, milli däp-dessurlar bilen tanyşmaga, şu günki Türkmenistan barada has köp zat bilmäge mümkinçilik berdi.

Medeni çäräniň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Aleksandr Lukaşenko alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin hoşallyk bildirdiler. Şol syýasat milli medeniýetleriň, iki ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösmegine  ýardam berýär. Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşyjylaryň türkmen topragynda mähirli garşylanylmagynyň olaryň aňynda uzak wagtlap galjakdygy bellenildi. 

Soňra  baýramçylyk gala-konsertiniň maksatnamasyny türkmen we belarus halk aýdymlary, mukamlar we tanslar, iki ýurduň häzirki zaman estradasy, halk döredijilik çykyşlary düzdi. 

Döredijilik agşamyny parahatçylygyň hem-de döredijiligiň bähbidine dostlukly gatnaşyklar üçin açyk ýurt bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana bagyşlanan watançylyk aýdymy açdy.

Belarusuň “Horoşki” şöhratly aýdym-saz topary tomaşaçylara ajaýyp sazly- horeografiýa çykyşyny hödürledi. Tomaşaçylar belarus opera aýdymçysy Nina Şarubinanyň hem-de belarus estradasynyň wekili Alýona Lanskaýanyň ussatlygyna şowhunly el çarpdylar. “Pesnýarynyň” ýerine ýetirmeginde söýgi aýdymlary mähirli garşylandy.

Türkmen aýdymçysynyň “Žurawli na polesýe letýat” diýen belarus aýdymyny ýerine ýetirmegi myhmanlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. 

Gadymy “Küştdepdi” tansy aýratyn ruhubelentlik bilen garşylanyldy. Onuň göwnüňi galkyndyryjy hereketleri özüne çekiji ajaýyplygy bilen dostluk konsertine gatnaşyjylaryň ählisini bendi etdi. 

“Dostluk mukamy” diýen aýdym konsertiň kuwwatly jemlenmesine öwrüldi. Ol parahatçylygyň we doganlygyň ýurdy bolan Türkmenistany şöhratlandyrýar. Onuň owazynyň  astynda gala-konserte—dostlugyň hem-de döredijiligiň mähirli we hakyky baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykdy. Konserte tomaşa edenler ýokary ussatlygyny hem-de öz halklarynyň özboluşly medeniýetiniň çuňlugyna aralaşmany görkezen doganlyk ýurtlaryň zehinli artistlerine dowamly el çarpdylar.  

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Türkmenistanyň belleýän şanly senesine belarus dostlarymyzyň ajaýyp döredijilik sowgady bolup, medeni gymmatlyklary mundan beýläk-de alyşmaga, iki döwletiň we doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge täze itergi berdi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder