11 Aralık 2015 Cuma

Parahatçylygyň we Döredijiligiň Beýik Baýramynyň Şanyna

Türkmenistan ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ählhalk baýramynyň bosagasynda. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ynsanperwer daşary syýasatynyň we işjeň başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni hökmünde türkmen döwletiniň sene ýazgysyna hemişelik girdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” Rezolýusiýany kabul etmegi, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň, abraýynyň, dünýäniň syýasy kartasynda ähmiýetiniň berkemegini şertlendirdi. Garaşsyz Türkmenistan kuwwatly we abadan döwlet hökmünde özüniň içeri we daşary syýasatynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we doganlyk ýörelgelerinden ugur alýar.
“Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr”  diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ählhalk baýramynyň öňüsyrasynda çykan “Bitarap Türkmenistan” atly täze kitabynda belleýär.
Türkmen halky diňe bir giň göwrümli özgertmeleriň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge däl-de, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, dünýäniň ähli ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge esas bolan Türkmen döwletiniň Bitaraplyk halkara-hukuk derejesini almagynyň taryhy senesini aýratyn ruhubelentlik bilen belleýär.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde seýilgählerinde we beýleki ýerlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şan-şöhratyny wasp edýän aýdymdar ýaňlanyp, baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Baýramçylyk günlerinde köpsanly aýdym-sazly çykyşlar, sahna oýunlary, sergiler, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikler geçiriler. Şanly senä gabatlanyp, maslahatlaryň, sergileriň, baýramçylyk konsertleriniň, sport ýaryşlarynyň we desgalaryň açylyş dabaralarynyň ençemesi bolup geçer.
Halkymyzyň şatlygyny daşary ýurtlardaky dostlarymyz hem paýlaşýarlar. Ol ýerde şanly sene mynasybetli çäreler geçirilýär. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň bitirýän hyzmatynyň dünýäde ykrar edilýändiginiň güwäsi bolup durýar. Garaşsyz türkmen döwleti tarapyndan öňe sürülýän işjeň daşary syýasat, Türkmenistanyň Bitaraplygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebitde we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün edýän esasy ýagdaý hökmünde garalýar. Türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasaty onuň köptaraply daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry bolmak bilen, ählumumy parahatçylygy, ösüşi we ykdysady gülläp ösüşi üpjün etmek ýaly üçünji müňýyllygyň hemmetaraplaýyn maksatlaryna laýyk gelýär. Muny şu ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini goldaýyndygyny ýene bir gezek tassyklap, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Rezolýusiýasyny gaýtadan kabul etmegi aýdyň görkezýär.
Türkmen paýtagty şu günler dabaralaryň we uly medeni çäreleriň geçiirlýän merkezine öwrüldi. Taryhy baýramçlylygyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Aşgabatda, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň dabaraly mejlisi boldy. Hormatly Prezidentimiz bu  umummilli forumda eden çykyşynda, geçen ýigrimi ýylyň dowamynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde gazanan üstünliklerini, öňe süren başlangyçlaryny we ynsanperwer daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny açyp görkezdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Bitaraplyk baýramynyň şöhratly 20 ýyllygynyň şanyna Ýaşulular maslahatynda, soňra bolsa Türkmenistanyň Mejlisinde, ministrliklerde we pudak edaralarynda Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmakda, zähmetde we jemgyýetçilik işlerinde aýratyn tapawutlanan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryny “Garaşsyz, Baky Bitarp Türkmenistan” ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesini almagynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan ýadygärlik şaýy pullary ulanylyşa goýberildi.
Däp bolşy ýaly, jemgyýetçilik guramalary, Ylymlar Akademiýasy, aýry-aýry ministrlikler we pudak edaralary, bilim ulgamynyň edaralary Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň guramaçylary hökmünde çykyş edýärler. Aýyň başyndan bäri ýokary okuw mekdeplerinde we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ylmy institutlarynda ylmy-amaly  maslahatlar geçirilýär. Olaryň sanawyna gyzykly we öwrediji çykyşlar girizilipdir.
Ol forumlaryň hatarynda - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda eden çykyşyna bagyşlanan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan guralan “Innowasion tehnologiýalar we ykdysady gazanylanlar” atly maslahat, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi we ýurdumyzyň Ylymlar Akademiýasy tarapyndan guralan “Bitaraplyk ýörelgeleriniň we ynsanperwerligiň taryhy kökleri” atly ylmy maslahat, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maslahatlar zalynda guralan “Bitaraplyk milli buýsanjymyz” atly ylmy-amaly maslahat we ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan “Bitaraplyk we parahatçylyk” atly maslahat bar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi tarapyndan guralyp, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdepde geçirilen “Türkmen halkynyň Bitaraplyk syýasaty ýer ýüzünde parahatçylygyň, agzybirligiň we abadançylygyň kepilidir” atly maslahaty hem Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygyna bagyşlandy.
Şöhratly senäniň şanyna bagyşlanan dabaralary guramak boýunça başlangyçlaryň ençemesi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna degişlidir. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşlarymyz “Merdana nesil-2015” atly watançylyk ähmiýetli bäsleşige her ýyl gatnaşýarlar. Bäsleşigiň aýgytly tapgyry, däp bolşy ýaly, Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda “Watan” kinokonsert merkezinde geçirildi.
Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabatda, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýaş estarada aýdymçylarynyň we höwesjeň ýerine ýetrijileriň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly ýörgünli döredijilik bäsleşiginiň tapgyrlary geçýär.
Baýramyň öňüsyrasynda zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Türkmenistanyň ýaşlar baýragy gowşuryldy. Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, 9-njy dekabrda sylaglamak dabarasyny geçirdi. Şol gün bu ýerde ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan “Türkmenistanyň Bitaraplygy – döwletiň daşary syýasatynyň binýadydyr” atly okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň döwlet kitaphanasynda, Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen sergiler “Bitaraplyk – parahatçylygyň senasydyr” diýlip, atlandyrylýar.
Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Ruhuýet köşklerinde”Bitaraplyk we parahatçylyk” atly baýramçylyk dabaralary uly üstünlik bilen geçirilýär.
Paýtagtymyzyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, “Altyn ýyldyz” we “Älem” medeni-dynç alyş merkezlerinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri hem-de aýdym-sazly dabaralar uly we köp dürli çykyşlary öz içine alýar.
Ýurdumyzda, soňky ýyllarda sagdyn-durmuş ýörelgesiniň we sportuň dürli görnüşleri bilen içgin meşgullanmagyň giňden wagyz edilmegi netijesinde uly meşhurlyga eýe bolan sport ýaryşlary baýramçylyk dabaralarynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Baýramçylyk çäreleriniň resmi meýilnamasyna girizilen giň göwrümli, ählihalk çärelerinden başga-da, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ençemesinde dabaraly ýygnanyşyklar we duşuşyklar geçirilýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyryp, dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli syýasy, söwda-ykdysady, medeni we gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürýär. Dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çäklerini yzygiderli giňeldýär. Hut şu sebäpli hem, şanly senä bagyşlanyp geçirlýän çäreleriň meýilnamasynda daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriljek halkara çärleriniň bolmagy kanuna laýykdyr. Şunuň bilen baglylykda, şanly baýramçylygy köpdürli çäreler – konsertler, sergiler, döredijilik agşamlary, kino görkezişleri we döredijilik duşuşyklary bilen bezeýän, iki doganlyk halkyň dostlugyny, döredijilik baglanyşygyny we özara bähbitli işjeň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň şu günler ýurdumyzda geçirilýändigi bellärliklidir. Türkmen we belarus önüm öndürijileriniň 11-13-nji dekabrda paýtagtymyzyň Sergi köşgünde bilelikde geçirjek sergi-ýarmarkasy hem şeýle maksatlara eýerýär. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk daşary ýurtly sungat ussatlarynyň, meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda konsert çykyşlary bilen bellener.
Esasy dabaralar baýramçylyk güni 12-nji dekabrda geçiriler. “Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy” atly ýokary derejeli halkara maslahaty baýramçylyk gününiň wakalarynyň arasynda esasy orny eýeleýär. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli myhmanlaryň, şol sanda döwlet we hökümet baştutanlarnyň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, syýasy we jemgyýetçilik işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Köp ýyldan bäri gelýän däp boýunça, 12-nji dekabrda, irden türkmen döwletiniň ynsanperwer esaslarynyň we döredijilikli ýörelgeleriniň mizemezliginiň nyşanyna öwrülen, Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy geçiriler.
Türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesini almagynyň 20 ýyllyk baýramçylygy paýtagtymyzyň Mejlisler merkeziniň ajaýyp binasynda sungat ussatlarynyň konserti bilen jemlener. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň iň ussat ýerine ýetirijileri, aýdym-saz, teatr we folklor toparlary gatnaşar.
Şeýle hem şol gün Döwlet sirkinde, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli iri tomaşa merkezlerinde baýramçylyk konsertleri we täsirli sirk çykyşlary bolar. Türkmen we daşary ýurtly sungat ussatlarynyň çykyşlary paýtagtymyzyň gyşky oýunlar olimpiýa toplumynda 20-nji dekabra çenli dowam eder.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmen döwletimiziň taryhy senenamasyna ajaýyp sahypa bolup ýazyljak şanly sene mynasybetli baýram, örän uly we ajaýyp baýramçylyk feýerwerki bilen jemlener. Beýik baýram Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýän parahatçylygyň, dostlugyň we deňhukukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder