Biziň türgenlerimiz türkmen göreşi boýunça II dünýä çempionatynda we guşakly göreş boýunça dünýäniň Kubogy ugrunda Russiýa Federasiýasynyň Orenburg şäherinde geçirilen ýaryşlarda uly üstünlik gazandylar. Netijede, Türkmenistanyň ýokary sport gazananlarynyň gaznasyna onlarça medal goşuldy, olaryň 18-si altyn, 15-si kümüş we 7-si bürünç medallardyr. Bu bolsa biziň ýygyndy toparymyza umumy hasapda birinji orny üpjün etdi.
Bäş günüň dowamynda geçirilen dünýä derejeli ýaryşlarda 30-a golaý ýurtdan – Finlandiýadan, Hindistandan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýlekilerden 160-dan gowrak türgen gatnaşdy.
Türkmen milli göreşi boýunça dünýäniň birinjiliginiň ilkinji gezek Bütindünýä göreş federasiýasynyň howandarlygynda guraldy. Ştab-kwartirasy türkmen paýtagtynda ýerleşýän we geçen aýda döredilen bu sport guramasy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerini has-da güýçlendirmäge ýardam berer.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriljek yklym derejeli toplumlaýyn ýaryşlaryň maksatnamasyna türkmen göreşi hem girýär. Şol sebäpli hem bu federasiýanyň döredilmegi göreşiň bu görnüşiniň halkara sport giňişliginde has okgunly ösdürilmegine, şeýle hem beýleki ýurtlaryň guşakly göreş boýunça sport guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga oňyn täsir eder. Göreş boýunça Orenburgda geçirilen ikinji dünýä çempionaty munuň aýdyň subutnamasydyr.
Biziň pälwanlarymyzyň artykmaçlyklary mese-mälim boldy, agram derejeleriniň köpüsi boýunça jemleýji bäsleşiklerde diňe türkmenistanlylar çykyş etdiler. 57 kilograma çenli agram derejede Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi sport klubynyň wekili Tirkişgeldi Aýazow aýgytlaýjy tutluşykda ildeşimiz Şatlyk Myradowdan üstün çykdy.
Şeýle hem, Ysmail Orazow we Şatlyk Jumanazarow (62 kg çenli), Hangeldi Allakow we Jangeldi Medow (68 kg çenli), Derýa Abdyýew we Bäşim Orazow (75 kg çenli), Öwezgeldi Berdiýew we Seýdi Batyrow (90 kg çenli), Rejepaly Orazalyýew we Myrat Jumaýew (100 kg-dan ýokary) agram derejelerinde degişlilikde birinji we ikinji orunlary eýelediler.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Pirguly Gurbandurdyýew (82 kg çenli) toparymyza ýene bir altyn medal getirdi. 100 kg çenli agram derejede biziň türgenlerimiz Altymuhammet Ýegenow kümüş we Wepa Orazmyradow bürünç medallara eýe boldular.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynda çykyş edýän zenanlar hem uly üstünlik gazandylar. Lebap welaýatyndan Londonda geçirilen Olimpiada—2012-ä gatnaşyjy Gülnar Haýtbaýewa 63 kilograma çenli agram derejede ildeşimiz Dinara Hallyýewadan üstün çykyp, birinji orny eýeledi. 70 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Rano Uzakowa hem toparymyza ýene bir altyn medal getirdi.
Zarina Abdyrahmanowa (58 kg çenli) we Şirin Kubaýewa (77 kg-dan ýokary) kümüş medallara eýe boldular. Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli), Zöhre Madraimowa (58 kg çenli) we Jahan Muhammedowa (77 kg çenli) üçünji orunlara mynasyp boldular.
Umumy hasapda göreş boýunça II dünýä çempionatynda türkmen türgenleri dokuz gezek ýeňiji boldular, on gezek ikinji orny we dört gezek hem üçünji orunlary eýelediler.
Guşakly göreş boýunça dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda hem biziň ildeşlerimiz oňat netijeleri gazandylar. Şunda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň wekilleri dokuz gezek birinji orny eýelediler. Mundan başga-da, olar 5 kümüş we 3 bürünç medala mynasyp boldular. Göreşiň üç ugry – nusgawy we erkin görnüşi boýunça biziň toparymyz erkekleriň arasynda we erkin görnüşde zenanlaryň arasynda ýaryşlaryň baş baýragyna eýe boldular.
Türkmenistanlylar üçin göreşiň nusgawy ugry boýunça geçirilen bäsleşikler has-da netijeli boldy. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Medet Hallygurbanow (62 kg çenli), Annamuhammet Amanow (75 kg çenli), Altymuhammet Ýegenow (100 kg çenli), Türkmenabadyň (Lebap welaýaty) 7-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gylyç Jumaýew (90 kg çenli) altyn medala mynasyp boldular. Döwran Ýaýlymow (82 kg çenli) kümüş we Atamyrat Orazsähedow (68 kg çenli) bürünç medala eýe boldular.
Guşakly göreşiň erkin görnüşi boýunça hem türkmenistanlylar alty baýrakly orny aldylar. Olaryň ikisi altyn medaldyr, olar Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgäri Begenç Ýagmyrowa (62 kg çenli) we Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Rejepaly Orazalyýewe (100 kg-dan ýokary) gowşuryldy. Mekangeldi Berdiýew (68 kg çenli), Seýdi Batyrow (90 kg çenli) we Öwezgeldi Berdiýew (100 kg çenli) ikinji, Derýa Abdyýew (75 kg çenli) üçünji orunlary eýelediler.
Zenanlaryň arasynda Laçyn Badaglyýewa (52 kg çenli), Gülnar Haýtbaýewa (66 kg çenli) we Rano Uzakowa (76 kg çenli) birinji orunlary eýelediler. Zöhre Madraimowa 58 kg çenli agram derejede jemleýji tutluşykda bäsdeşinden asgyn geldi, Jahan Muhammedowa bolsa (76 kg çenli) bürünç medala eýe boldy.
Türkmen türgenleriniň Orenburgda gazanan bu gezekki uly ýeňşi, sözüň doly manysynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda guralan göreş boýunça dünýäniň birinji çempionatynda we guşakly göreş boýunça dünýäniň 12-nji çempionatynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly gaýtalanmasy boldy. Mundan başga-da, biziň türgenlerimiz mynasyp bolan altyn medallarynyň görkezijisi boýunça netijäni ýokarlandyrdylar: 2014-nji ýylda olar 16 medal alan bolsalar, bu gezek bu görkeziji 18-e ýetirildi.
Munuň özi guşakly göreş boýunça türkmen pälwanlarynyň yzygiderli kämilleşýändiklerini görkezýär hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda umumy toparlaýyn hasapda olaryň öňdeligi eýelejekdiklerine ynanmaga esas döredýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder