Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsyzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň 11 aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak, ýurdumyzda kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew 2015-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmäge gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistan yň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň esasy maksadynyň tutuş dünýäde howpsuzlygy, abadançylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, bitaraplyk derejesiniň ählumumy goldawa eýe bolmagynyň ýurdumyzyň seçip alan ýolunyň halkara ykrarnamasynyň subutnamasydygyny belledi. Şu aýda Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy giň gerimde we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçiler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şanly senä gabatlanylan çäreleriň, ilkinji nobatda, daşary ýurtly wekiliýetleriň gatnaşmagynda guraljak çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli şertleriň üpjün edilmegini talap etdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli düzümleri häzirkizaman tehnikalary bilen üpjün etmegiň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmekde möhüm şert bolup durýandygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly işleri berk gözegçilikde saklamygy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi. Ol edermen Watan goragçylarymyz tarapyndan ygtybarly goralýan serhetdäki ýagdaý, ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça, hususan-da, serhet galalaryny gurmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ýaş serhetçileriň söweşjeň taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak babatda öňde goýlan wezipeleriň çäklerinde ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň türkmen topragynda parahatçylygy hem-de asudalygy üpjün etmäge goşýan ägirt uly goşandyna ýokary baha berip, döwletimiziň serhet gullugynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen meselelere mundan beýläk-de uly üns berjekdigini nygtady. Mähriban topragymyzda gadymdan bäri goňşy we doganlyk ýurtlar bilen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleri nesilden-nesle geçirilip gelinýär.
Soňra Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministr G.Hojaberdiýew şu ýylyň 11 aýynyň dowamynda ýerine ýetirilen işler hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipelerini çözmegiň gaýragoýulmasyz şerti hökmünde milli howpsuzlygy üpjün etmek maksadynda görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanygymyz döwlet Garaşsyzlygynyň berkararlygyny üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuny nygtap, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini saklamagyň jemgyýetde raýat parahatçylygynyň we milli ylalaşyklylygyň esasy bolup durýandygyny aýratyn belledi.
Soňra Türkmenistanyň içeri işler minitsri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Içeri işler ministri kanun bozmalaryň öňüni almak we ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek boýunça hasabat döwründe geçirilen çäreler, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek we ýurdumyzyň awtoulag ýollarynda ýol-hereket hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen ýol gözegçiligi gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möhüm baýramçylyklaryň—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hem-de Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda kanunçylygy we hukuk tertibini berk berjaý etmek boýunça içeri işler edaralarynyň işgärleriniň alyp barýan işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew milli kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik edýän prokuratura edaralary tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow prokuratura işgärleriniň üstüne ýüklenen jogapkärçiligiň örän uludygy barada aýdyp, mundan beýläk-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Olar Watanymyza gaýduwsyz hem-de päk ýürekden gulluk etmelidirler.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda täze taryhy eýýamyň talaplaryny nazara almak bilen, kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen köpugyrly işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz kazylaryň üstüne ýüklenen wezipäniň örän wajypdygyny nygtap, ýurdumyzyň kazylarynyň işinde esasy ýörelgäniň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwlet hem-de jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýän kanunçylyk hem-de adalatlylyk bilen bagly bolmalydygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagynyň hem-de ulanylmagynyň öňüni almak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde umumy tagallalary güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de söwdasy ýaly nogsanlyga garşy aýgytly göreş alyp barjakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, dessin-gözleg çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň hem-de neşekeşligiň düýp-teýkary bilen ýok edilmeginiň, şol sanda ilatyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmegiň hasabyna neşekeşligiň öňüniň alynmagynyň wajypdygy nygtaldy.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän duzüminiň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, gümrük edaralarynyň we
barlag-geçiriş bölümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça ozal berlen berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary okgunly ösdürmekde gümrük gullugynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, serhetden geçirilýän harytlaryň we ýükleriň ählisiniň içgin barlanylmagyny üpjün etmek maksady bilen gullugyň barlag enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruny - halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugruny durmuşa geçirmek babatda bu gullugyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, migrasiýa syýasaty ulgamynda gullugyň öňünde goýlan wezipeleri yzygiderli çözmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berip, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek, ony halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy wezipelerine laýyk getirmek babatda ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwlet syýasatynyň möhüm maksatlaryna laýyk gelýän giň möçberli hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenip taýýarlanylýan hukuknamalarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek bolsa şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary jemläp, döwlet ösüşi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde möhüm orun eýeleýän esasy ugurlara ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, döredijilikli zähmeti bilen Watanymyzyň üstünliklerini artdyrýan türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek, harby hem-de hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokardandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns bermegi talap etdi.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beýleki möhüm meseleleriň hem birnäçesine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine asylly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder