Paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp türkmen we daşary ýurt sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti boldy. Baýramçylyk dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi örän uly ähmiýetli taryhy wakalaryň biri bolup, ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde alyp barýan syýasy tagallalary netijesinde giň gerimli, ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmek mümkin boldy, türkmen döwletiniň dünýäniň dürli ýurtlary hem-de iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary netijeli häsiýete eýe boldy. Türkmen Lideriniň işjeň halkara syýasaty, oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň ägirt uly gyzyklanmasyna we goldawyna eýe bolýar.
Şu gün türkmen paýtagtynda geçirilen dabaralar we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde guralan ýokary derejeli halkara maslahat munuň aýdyň subutnamasydyr. Maslahata dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriň hem-de iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, diplomatlar, syýasy we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara belent mertebeli myhmanlaryň gatnaşmagy Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna, türkmen halkynyň häzirki we geljeki nesilleriniň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Şu gün köpugurly ajaýyp Mejlisler merkezinde aýratyn dabaraly we ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär, bu ýeri ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanyna ägirt uly döredijilik baýramçylygyny geçirmek üçin saýlanyp alyndy. Mejlisler merkeziniň zalynda ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmy edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar ýygnandylar. Ýygnananlaryň arasynda köp sanly daşary ýurtly myhmanlar bar, olar baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza geldiler.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy we belent mertebeli myhmanlary ör turup, dowamly el çarpyşmalary bilen garşylaýarlar, belent mertebeli myhmanlar konserte gatnaşyjylary mähirli gutlap, özleri üçin ýörite bellenilen ýere geçýärler.
Bu günki baýramçylyk dabaralary parahatçylyk, dostluk we hoşniýetli gatnaşyklar, özara düşünişmek, belent maksatlar hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň nyşany bolmak bilen, halklary Ýer ýüzüniň röwşen geljeginiň bähbidine jebisleşdirýär. Konsertiň guralmagynyň maksady onuň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt sungat ussatlarynyň özboluşly, köp öwüşginli çykyşlaryndan ybarat maksatnamasynda öz beýanyny tapdy.
"Dokmaçylar" folklor toparynyň hem-de "Meňli" we "Näzli" tans toparlarynyň ajaýyp ýerine ýetirmeginde ýaňlanan "Dünýä dursun parahat" diýen edebi-sazly çykyşy ägirt uly baýramçylyk dabarasynyň özboluşly girişi boldy. Çuňňur mana ýugrulan bu kiçijik sahna oýny türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan parahatçylyk we döredijilik, dostluk hem-de myhmansöýerlik däplerini aýdyň açyp görkezdi.
Sungat ussatlarynyň çykyşy häzirki zaman Bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy tapgyrlaryny alamatlandyrýan wideoşekiller bilen bezeldi. Sahnada goýlan giň ekranda 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry senesi peýda bolýar, bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň "Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda" Rezolýusiýasynyň kabul edilen güni bolup, mähriban Watanymyzyň ýyl ýazgysyna dünýä bileleşiginiň biziň Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we oňyn başlangyçlar daşary syýasatyny ykrar etmeginiň aýdyň alamaty hökmünde hemişelik girizildi.
Soňra giň monitorlarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşykly Türkmenistanyň iň täze taryhynyň şanly wakalary şöhlelendirilýär. Olar döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden yglan eden halkara başlangyçlaryny, häzirki döwürde Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine alyp barýan syýasy tagallalaryny beýan edýär. Ägirt uly ekrandan BMG-niň agza ýurtlarynyň baýdaklarynyň aýdyň öwüşginleri sahnada şekillendirilýär, olaryň hatarynda biziň Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagy belent pasyrdaýar.
Sahnada şöhratly ahalteke bedewleriniň şekilleri peýda bolýar, ol ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan türkmen döwletini alamatlandyrýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň geljegi bolan ýaşajyk türkmenistanlylaryň aýdyň çykyşy bilen konsert maksatnamasy dowam edýär. "Güneş" çagalar horunyň we "Mukam" skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzyň waspnamasy — "Gülle, Bitarap Türkmenistan!" aýdymy ýaňlanýar, onda türkmen halkynyň özygtyýarly Bitarap Watanymyza çuňňur söýgüsi beýan edilýär.
Belent äheňde badalga alan baýramçylyk konserti türkmen we daşary ýurt artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdirildi. Halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijiler, tans we saz toparlary öz döredijilik ussatlyklaryny görkezýärler. Konsertiň maksatnamasyna şeýle hem dünýä saz sungatynyň meşhur wekilleriniň hem-de belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri girizildi. Tutuşlygyna Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan şu günki konserti dünýäniň ýurtlary we yklymlary boýunça belent saz sungatynyň tolkunlarynda özboluşly syýahat hökmünde kabul etmek bolar. Ähli çykyşlar özboluşlylygy hem-de aýdyň öwüşgini bilen tapawutlandy. Muňa baýramçylyk sahnasynda häzirki zaman tehniki usullarynyň ýerlikli peýdalanylmagy oňyn täsir etdi.
Dünýä belli opera aýdymçylary Wesselina Kasarowanyň (Şweýsariýa) we Nil Şikoffyň (ABŞ) ýerine ýetirmeginde Žorž Bizeniň "Karmen" operasyndan parça tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu baýramçylyk güni türkmen kärdeşi bilen bilelikde biziň ýurdumyzyň dosty, awstriýaly dirižýor Wolfgang Harreriň öz ussatlygyny görkezmegi aýratyn guwançly ýagdaýdyr, onuň ady bilen "Galkynyş" türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň işi baglanyşyklydyr.
Şu gün Mejlisler merkezinde çykyş eden daşary ýurt aýdymçylarynyň köpüsiniň biziň ýurdumyz bilen döredijilik gatnaşyklaryny saklaýandygyny aýratyn bellemek gerek. Tomaşaçylar Nuraýym Azykbaýewanyň çykyşyna mynasyp baha berdiler. Zehinli aýdymçy we sazanda, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň we Hökümetiniň Iş dolandyryş müdirliginiň ýanyndaky "Agym" estrada — folklor toparynyň çeper ýolbaşçysy şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň altyn asyry" döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şeýlelikde, artist zenanyň türkmen-gyrgyz medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge goşan şahsy goşandyna, şeýle hem dostlukly halklaryň aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirişine ýokary baha berildi. Nuraýym "Ak güllerim saňa" aýdymyny uly joşgun bilen ýerine ýetirýär, bu aýdym
milli Liderimiz tarapyndan döredildi we ilkinji gezek 2011-nji ýylda awtoryň ýerine ýetirmeginde ýaýlymda ýaňlandy.
Belli hindi aýdymçy zenany we kompozitory, "Sufi music" folklor toparynyň ýolbaşçysy Raşmi Agarwal türkmenistanlylara döredijilik sowgadyny taýýarlady, onuň ýerine ýetirmeginde şeýle hem Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdymlar hindi dilinde ýaňlandy. Beýik türkmen şahyrynyň 290 ýyllygyna beslenen geçen ýyl Raşmi Agarwal "Magtymguly Pyragy — ynsan kalbynyň lukmany" atly halkara ylmy maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen Deli şäherinde geçirilen bilekdäki türkmen-hindi konsertine hem gatnaşdy.
Täjigistanyň estrada ýyldyzy Jonibek Murodow ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylary begendirdi, ol hem türkmen sungat işgärleri bilen bilelikdäki konsertlere ençeme gezek gatnaşdy. 2012-nji ýylda Jonibek Murodow GDA agza ýurtlaryň meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertinde çykyş etdi, bu çäre Mary şäherine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty—2012 derejesiniň berilmegi mynasybetli
bu gadymy türkmen şäherinde geçirildi.
"Beýik Mongoliýa" toparynyň artistleri bokurdaga salyp aýdym aýtmak boýunça täsin ussatlygy görkezip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdylar. Gang Jen we Gao Weýn hytaý saz sungatynyň inçe tärlerini görkezdiler.
Gruzin aýdymçyse we sazandasy Anri Johadzeniň we aýdymçy Nina Baduraşwiliniň bilelikde ýerine ýetiren çykyşy tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Belli opera aýdymçysy, Azerbaýjanyň halk artisti, Azerbaýjanyň opera we balet döwlet akademiki teatrynyň aýdymçysy Samir Jafarow nusgawy saz eserini ýerine ýetirdi.
Meşhur italýan aýdymçysy, estrada muşdaklarynyň köp nesliniň söýgisini gazanan Toto Kutunýonyň çykyşy aýratyn täsir galdyrdy. Dünýä saz sungatynyň rowaýatyna öwrülen aýdymçylar bilen bir hatarda, eýýäm häzirki zaman estrada sahnalarynda meşhurlyga eýe bolup başlan ýaş aýdymçylar hem çykyş etdiler. Russiýaly aýdymçy, kompozitor, "Ýewrowidiniýe—2015" bäsleşiginde baýrakly orna eýe bolan Polina Gagarina, Belarus Respublikasynyň at gazanan artisti Alýona Lanskaýa, iordaniýaly aýdymçy Toni Katan we türk aýdymçy zenany Sewjan Orhan ajaýyp çykyşlary bilen baýramçylyk konsertini bezediler.
Gadymy we özboluşly "Küştdepdi" aýdymy hem tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň folklor — tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan bu çykyşa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşanlaryň ählisi goşuldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ähli türkmen halkynyň adyna dünýäniň dürli dillerinde mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar ýaňlandy.
Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan "Dostluk mukamy" aýdymy dabaraly konsertiň aýdyň jemlemesi boldy, ol parahatçylyk we dostluk mekany — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine okgunly öňe barýan Watanymyza bagyşlandy.
Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soň, ýaşajyk türkmenistanlylar Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa, belent mertebeli myhmanlara gül desselerini gowşurdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan artistlere ajaýyp gülli sebet gowşuryldy.
Soňra Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Mejlisler merkezinden çykdy we bu ýerden ugrady
***
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan konsertler şu gün Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hem-de "Älem" medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň iri konsert meýdançalarynda geçirildi.
Agşam Aşgabadyň aýdyň asmanynda ägirt uly feýerwerkler dürli öwüşginde peýda boldy we Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň saýlap alan parahatçylyk, dostluk we abadançylyk ýoluny ýagtylandyrdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder