3 Eylül 2016 Cumartesi

Yslam Kerimow Soňky Ýoluna Ugradyldy

Beýni ganamasy sebäpli aradan çykan Özbegistanyň Prezidenti Yslam Kerimow şu gün dogduk diýary Semerkantda geçiriljek jynazadan soň ene-atasynyň ýanynda jaýlandy.
Kerimowyň tabydy şu gün paýtagt Daşkentden dogduk diýary Semerkanda getirildi.

Kerimow şenbe güni beýni ganamasy sebäpli bejergi astyna alnypdy. Özbegistanyň Parlamenti bilen hökümeti düýn Prezident Kerimowyň aradan çykandygyny mälim etdi.

1938-nji ýylda doglan İslam Kerimow 1989-njy ýyldan bäri Özbegistany gönükdirýärdi.

Kerimowyň aradan çykmagy sebäpli Özbegistanda 3 günlük milli ýas yglan edildi.

Yslam Kerimow 1991-nji ýylda Özbegistanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň geçirlen ilkinji saýlawda sesleriň 86 göterimini alyp Özbegistanyň ilkinji Döwlet ýolbaşçysy hökmünde saýlanypdy.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder