4 Aralık 2015 Cuma

Türkmen Türgenleriniň Bürünç Medallary

Ýurdumyzyň gylyçlaşmak boýunça ussatlary iri halkara derejesindäki ýaryşlarda nobatdaky üstünlige eýe boldular. Bu gezek olar Irlandiýanyň açyk çempionatynda bürünç medallaryň ikisini eýelemegi başardylar. Bu ýaryşlar Irlandiýanyň Dublin şäherinde geçirildi. Türkmen türgenleri öz üstünliklerini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşladylar.

Ýaryşa 15 ýurtdan – ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Gollandiýadan, Portugaliýadan, Çehiýadan we beýleki döwletlerden türgenleriň 200-e golaýy gatnaşdy. Medallar ugrundaky  bäsleşikler sportuň bu görnüşiniň iki ugry – gylyçlarda we şpagalarda gylyçlaşmak boýunça geçirildi. Türkmenstanlylar gylyçlajylaryň ýaryşynda tapawutlandylar. 

Biziň toparymyzyň düzüminde bürünç medallaryň birini Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň uçurumy, häzir bolsa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubunyň wekili Serdar Baýramow eýeledi. Biziň ildeşimiziň toparynda şeýle hem 13 ýurtdan türgenleriň 40-a golaýy bäsleşdi. 

Deslapky ýaryşlarda türkmenistanly türgen 6 duşuşyk geçirip, olaryň ählisinde ynamly ýeiş gazandy. Serdar Baýramow ýer eýeleriniň wekilinden, şeýle hem Portugaliýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň we Germaniýanyň türgenlerinden üstün çykdy. Biziň ildeşimiz ýaryşyň toparlaýyn tapgyryny ähli türgenleriň arasynda iň gowy görkeziji bilen tamamlady. Şondan soňra, ýaryşlar olimpiýa ulgamy boýunça dowam etdirildi, ýagny ýeňlişe sezewar bolan türgen bäsleşikden çykmaly boldy. 

Ýarym finala barýan ýolda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Witaliý Kagramanowyň şägirdi güýçli türgenleriň üçüsinden, şol sanda Irlandiýanyň geçen ýylky açyk çempionatynyň ýeňijisi fransiýaly Rafael Gilmasdan üstün çykmagy başardy. Finala çykmak ugrundaky duşuşykda ýer eýesi Ouwen Maknemiden ýeňlişe sezewar boldy. Bu çekeleşikli duşuşykda irlandiýaly türgen ildeşimizden 15:14 hasabynda üstün çykmagy başardy. Netijede, türkmen türgeni hormat münbleriniň üçünji basgançagyna galdy. 

Ýene-de bir bürünç medala ildeşimiz Aýlar Melikowa mynasyp boldy. Onuň toparynda 9 ýurtdan 20 türgen çykyş etdi. Ýaryşyň deslapky tapgyrynda ildeşimiz 4 ýeňiş gazanyp, 2 gezek ýeňlişe sezewar body. 

Alýona Bogdanowynyň şägirdi aşgabatly türgen ýaryşyň “olimpiýa” tapgyrynda garşydaşlarynyň üçüsinden üstün çykyp, ýarym finala çykmagy başardy. Finala çykmak ugrundaky bäsleşikde paýtagtymyzyň 36-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Beýik Britaniýanyň ýygyndy toparynyň  wekilinden asgyn geldi. Şeýlelikde, ildeşimiz üçünji orna mynasyp boldy. 

Biziň türgenimiz Aýlar Melikowa hem şpaga boýunça bäsleşikde baýrakly orunlara has golaýlaşdy. Bu ýerde türkmen türgeni bäşinji orna mynasyp boldy. 

Şu ýylyň oktýabr aýynda S.Baýramow we A.Melikowa Finlýandiýada geçirilen iri halkara ýaryşlarynda hem tapawutlanmagy başardylar. Şonda Serdar altyn medala, Aýlar bolsa bürünç medala mynasyp boldular. 

Irlandiýada geçirilen çempionatda ildeşlerimiziň ýene-de ikisi – Türkmenistanyň Milli sport we sywýahatçylyk institutynyň talyplary Meňli Goýunlyýewa we Ahmet Agaýew oňat netijeleri görkezmegi başardylar. Meňli iň güýçli türgenleriň sekizligine girdi, Ahmet bolsa sekizden bir finala çykdy. 

Häzirki wagtda gylyçlaşmak boýunça milli ýygyndymyz ýene-de bir halkara ýaryşyna taýýarlyk görýär. Bu bäsleşik 10-13-nji dekabr aralygynda Bahreýnde geçiriler. Şondan soňra, 16-20-nji dekabr aralygynda Mary welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlar geçiriler.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder