1 Aralık 2015 Salı

Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet Günleri

Türkiýäniň Konýa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri hem-de ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti dabaraly açyldy. Döredijilik çäräni Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi guradylar.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri  ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda giňden bellenilýän şanly senäniň—türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilýär. Bu bolsa çärä aýratyn ähmiýet berip, Garaşsyz, Bitarap döwletiň daşary syýasy ugrunyň üýtgewsizdigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklara Bitaraplyk hem-de parahatçylyk syýasatyny amala aşyrmagyň, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary, şol sanda doganlyk türk halky bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy saklamagyň möhüm görnüşi hökmünde garaýar. 

Ýurtlaryň ikisinde guralýan köpsanly forumlar we festiwallar türkmen-türk ynsanperwer gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Şunda diňe Medeniýet günleriniň çäklerinde köpdürli çäreler yzygiderli geçirilýär.  2011-nji ýylyň iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynda Medeniýet günleri, 2012-nji ýylda biziň ýurdumyzda  Türkiýäniň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. 2013-nji ýylyň iýulynda Türkiýe türkmen sungat ussatlaryny kabul etdi. 2014-nji ýylyň sentýabrynda bolsa   Aşgabat we Mary şäherleri türk medeniýetiniň wekillerini garşylady.

Beýik akyldarlaryň we şahyrlaryň, beýleki taryhy şahsyýetleriň döredijiligini çuňňur öwrenmek we giňden ýaýmak boýunça iki ýurduň alymlary bilelikdäki işleri geçirýärler. Türki döwletleriň medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde geçirilen bilelikdäki çäreler doganlyk halklaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösmeginiň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Gadymy türk şäherleri bolan Konýa we Izmir şäherlerinde şu gezekki döredijilik çäresini geçirmek üçin biziň ýurdumyzyň wekilçilikli topary iberildi. Bu bolsa medeni gatnaşyklaryň, olaryň köpdürlüliginiň we köpugurlylygynyň giňelýändigine şaýatlyk edýär. Iki ýurduň özara gatnaşyklarynda gadymy türkmen we türk şäherleriniň medeniýetleriniň öz beýanyny tapmagy nesilleriň ruhy gatnaşyklarynyň üznüksizdigini, doganlyk halklaryň häzirki zaman medeniýetine we sungatyna ylham berýän taryhy kökleriň yzygiderliligini görkezýär. 

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy baý mazmunly bolup, nesilden-nesle aýawly saklanyp we geçirilip gelinýän türkmen medeni däpleri, şeýle hem olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiniň meýilleri babatda düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Doganlyk ýurtda biziň halkymyzyň häzirki zaman sungaty, döredijiligi, çeper däpleri bilen uly döredijilik wekiliýeti tanyşdyrýar. Onuň düzüminde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, belli halk aýdymçylary we sazandalary, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans we döredijilik toparlary, teatr işgärleri, muzeý işgärleri we žurnalistler bar.

Olaryň Türkiýä sapary Kiçi Aziýanyň gadymy şäherleriniň biri we zyýaratçylygyň merkezi hasaplanýan Konýa şäherinden başlandy. Bu ýerde dünýä belli şahyr-sopy, Möwlana lakamy bilen tanalýan, esasan pars dilinde ajaýyp şygyrlary döreden Jelaleddin Rumy ýaşapdyr we döredipdir. Konýanyň köp sanly ýadygärlikleri iki halkyň asyrlar dowam edip gelýän medeniýetleriniň özara täsirine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Konýa şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, giň jemgyýetçiligiň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda Konýa şäheriniň konsert merkezinde boldy. 

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş edenler däbe öwrülen türkmen-türk hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga, iki doganlyk halkyň taryhy mirasyny, baý milli däplerini  wagyz etmäge ýardam edýän wakanyň ähmiýetini  bellediler. 

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Halk aýdymlary we sazlary, türkmen kompozitorlarynyň, şeýle hem dünýäniň nusgawy eserleri, estrada aýdymlary we joşgunly tans çykyşlary onuň esasyny düzdi. 

Baýramçylyk konserti “Serpaý” döredijilik toparynyň “Ak ýollaryň dünýä ýalkym Arkadag” atly watançylyk aýdymy bilen açyldy. Özboluşly sahnanyň simwoliki keşpleri türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik, dostluk we myhmansöýerlik ýaly häsiýetleri açyp görkezdi.

Türkmen bagşylarynyň jadylaýjy aýdym-sazlary türkmen halkynyň özboluşly medeni däpleri hakynda gürrüň berdi. Tomaşaçylar “Läle” toparynyň hem-de “Şirin owaz” skripkaçylar toparynyň çykyşlaryna şowhunly el çarpdylar. “Näzli” tans topary özboluşly çykyşlary görkezdiler.

Halk saz gurallarynyň hem-de ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň häzirki zaman aýdymlary, olaryň mahmal sesli owazlary we dürli öwüşginli milli tanslary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary we güler ýüzleri göýä uly saz gölüni emele getirdi.   

Milli döredijilik sungatyň özboluşly keşbi bolan gadymy we juwan küştdepdi tansy konsertiň bezegine öwrülip, tomaşaçylarda şatlyk duýgusyny döretdi.

Konserte gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Türkmenistan” atly aýdym dabaranyň jemleýji pursatyna öwrüldi. Onuň joşgunly sazy hem-de ajaýyp watançylyk setirleri bu gün öz hakyky rowaçlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň özboluşly senasyna öwrüldi.

Ertir medeni çäräniň çäklerinde Konýa şäheriniň muzeýinde türkmen halkynyň muzeý gymmatlyklarynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar. Agşam bolsa teatr sahnasynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň “Dowamat dowam” atly sahna oýny görkeziler. 

2-3-nji dekabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilýän çäreler Izmir şäherinde dowam eder. Şeýle hem bu ýerde döredijilik çäresiniň ýapylyş dabarasy hem-de iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti geçiriler. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder