4 Aralık 2015 Cuma

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet Günleri Tamamlandy

Türkiýäniň Izmir şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň jemleýji çäreleri hem-de bu döredijilik çäresiniň dabaraly ýapylyşy boldy.

Ozal habar berlişi ýaly,  forum Konýa şäherinde badalga aldy, şol ýerde iki günüň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti, ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň sahna oýny hem-de sergi üstünlikli geçdi. Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň hem-de Şekillendiriş muzeýiniň gymmatlyklary bu serginiň ekspozisiýasyny düzdi. 

Şu gün türkmen medeniýeti gadymy taryhy hem-de ösen medeniýeti bolan iri port şäherinde – Izmir şäherinde mynasyp görkezildi. Irden Çeperçilik gallereýasynda sergi geçirildi. Ol ýörite niýetlenen uly zalda ýerleşdirilip, türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ösüşiniň köpdürlüligini hem-de özboluşlylygyny şöhlelendirdi. Günüň ikinji ýarymynda türkmenleriň meşhur nesilbaşysy Oguzhan, onuň agzybirligi berkitmek, döwlet garaşsyzlygyny berkarar etmek, parahatçylygyň gadyryny bilmek barada nesillerimize  eden, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl bolan arzuw-wesýetleri barada gürrüň berýän “Dowamat dowam”  atly sahna oýny görkezildi. Bu oýun ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň topary tarapyndan guraldy. 

Milli ruhy mirasy aýawly saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek bilen birlikde dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ynsanperwer ulgamdaky giň möçberli halkara gatnaşyklar, dünýä bileleşigi bilen medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bu wezipäni çözmäge ýardam berýär. Şu döredijilik çäresi munuň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrülip,  doganlyk halklaryň dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny şöhlelendirdi. Bu gatnaşyklaryň çuňňur taryhy kökleri hem-de ajaýyp däp-dessurlary bar. 

Mundan başga-da, kabul edýän tarapyň taýýarlan çuň mazmunly medeni maksatnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti gadymy Konýa we Izmir şäherleriniň taryhy we beýleki ajaýyp ýerlerine, türkmen we türk halklarynyň köpasyrlyk taryhynyň hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň sahypalaryny özünde jemleýän ýadygärliklere baryp gördüler. 

Dostluk konserti Medeniýet günleriniň  jemleýji çäresi boldy. Onda türkmen we türk sazandalary, aýdymçylary, döredijilik toparlary bilelikde çykyş etdiler. Türkmen artistleriniň ýurdumyzda geçirilýän döredijilik forumlaryna ençeme gezek gatnaşan izmirli kärdeşleri bilen oňat tanyşdygy bellärliklidir. “Türkmen dünýäsi”  aýdym-saz we tans topary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu topar “Mary 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty”  atly jemleýji çärelere gatnaşdy hem-de türkmen aýdymlaryny we tanslaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. 

Türkmen sungat ussatlary özleriniň çykyşlaryny ezizi Watanymyza, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan beýik işlerine, mähriban topragymyzyň gözelligine bagyşladylar. 

“Serpaý”  folklor topary hem-de konserte gatnaşan tans toparlary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilen gadymy “küştdepdi”  türkmen tansy bu döredijilik çäresine özboluşly öwüşgin çaýyp, doganlyk halklaryň ruhy kökleriniň gadymydygyny alamatlandyrdy. 

Döredijilik baýramynyň ahyrynda  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni dörediji milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly  hem-de öňdengörüjilikli syýasatyny wasp edýän “Eziz Arkadag” aýdymy ýaňlandy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bolsa halkara hyzmatdaşlygy, dünýäniň döredijilige hem-de ösüşe ymtylýan dürli halklarynyň döredijilik gatnaşyklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Aýdymyň belentden ýaňlanan owazy astynda uly konserte – hakyky dostluk we döredijilik baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisi sahna çykdy. 

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleri ýakyn dostlaryň gatnaşyklaryny dowam edip, medeni gymmatlyklaryň mundan beýläk-de alyşylmagyna hem-de iki döwletiň we doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge kuwwatly itergi berdi. 






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder