4 Aralık 2015 Cuma

Ahalda Täze Çagalar Sagaldyş we Dynç Alyş Merkezi Guruldy

Arapgala geňeşliginiň Hywaabat obasynyň çäklerinde “Ýaşyl ýaýla” täze çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyşy bolup geçdi. Bu sagaldyş merkez Köpetdagyň etekleriniň ajaýyp görnüşiniň üstüni ýetirdi. 

Çagalar sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasyna welaýat we etrap dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, obanyň ýaşaýjylary, hormatly ýaşulylar, ýaşlar, şeýle hem bu merkezi guran “Merw inşat” türk kompaniýasynyň gurluşykçylary gatnaşdylar. Tapawutlanyp işlän gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Toplum iki binadan ybarat bolup, onuň her biri 150 çaganyň oňaýly dynç almagy üçin niýetlendir. Şeýle hem bu ýerde 50 orunlyk myhmanhana, medeni-dynça alyş merkezi, amfiteatr guruldy. Merkezde çagalaryň oňat hilli dynç almaklary üçin zerur bolan şertler döredilendir. Kompýuter we okuw otaglary, kitaphana, giň naharhana, lukmançylyk nokady çagalaryň hyzmatynda bolar. Merkeziň çäklerinde we zallarda sport we oýun oýnalýan meýdançalar, suwda ýüzülýän howuz we beýlekiler gurulandyr.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder