Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin suw ýaşaýyş, durmuş hem-de mundan beýläkki ösüş üçin iň gymmatly serişdeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak wezipeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Suw hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi suw serişdelerini oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda ulanmagyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda durnukly suw üpjünçiligi we suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak meselesi barada aýdyp:
“Çäklendirilen suw serişdeleri şertlerinde biz olary oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin rejeli ulanmalydyrys, suwuň her bir damjasyny tygşytly harçlamagy öwrenmelidiris, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary, ilkinji nobatda, damjalaýyn suwaryş usulyny ornaşdyrmalydyrys, suwy köp sarp etmän, bol hasyl almagy başarmalydyrys. Biz suwuň bisarpa ulanylmagyny aradan aýyrmalydyrys, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny, suw hojalyk gurluşygynyň tehniki ýagdaýyny we hilini gowulandyrmalydyrys” diýip belleýär.
Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sözlerinde ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri hökmünde suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak, Merkezi Aziýada ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň many-mazmuny jemlenendir.
Mundan birnäçe ýyl ozal “Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmegiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy, onuň birinji nobatdakysy 2009-njy ýylda ulanmaga berildi. Bu möhüm ekologiýa taslamasy ýurdumyzyň ähli sebitlerinde suwarylýan ýerleriň zeý suwlaryny ýygnamak we olary Türkmenistanyň demirgazyk – günbatar böleginde ýerleşýän tebigy Garaşor çöketligine akdyrmak üçin bitewi zeýkeş ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
Türkmen kölüni gurmagyň taslamasy 2003-2010-njy ýyllar döwri üçin Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça anyk hereketleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlary tarapyndan 2002-nji ýylyň oktýabrynda, şeýle hem Araly halas etmek baradaky halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan 2003-nji ýylda tassyklanyldy. Şeýlelikde, “Altyn asyr” Türkmen kölüni gurmagyň wajyplygy we maksadalaýyklygy Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleri tarapyndan hem ykrar edildi.
“Altyn asyr” Türkmen köli gurulmazdan öň, Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäklerinde emele gelýän zeý suwlary Garagumuň oý ýerlerinde ýygnanyp, çöldäki öri meýdanlaryň azalmagyna getirýärdi. Lebap welaýatynyň we Özbegistanyň serhetýaka welaýatlarynyň çäklerinde emele gelýän zeý suwlary bolsa uzak ýyllaryň dowamynda Amyderýa akdyrylypdy. Munuň özi derýanyň aşaky akymlarynda suwuň hiliniň ýaramazlaşmagyna getirýärdi. Ekin meýdanlaryndan zeý suwlaryň öz wagtynda akdyrylmaýandygy zerarly, Daşoguz welaýatynda hem käbir meseleler ýüze çykýardy.
“Altyn asyr” Türkmen kölüni döretmegiň esasy maksady zeý suwlaryň ýygnalmagyny kadalaşdyrmak we olary ekologiýa taýdan howpsuz ýere akdyrmak, zeýkeşleriň geçýän ýeriniň ugrunda şora çydamly oba hojalyk ekinlerini ekmek, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, zeý suwlary bilen doldurylan howdanlarda balyk hojalygyny ösdürmek üçin ýurdumyzyň hojalygara we esasy zeýkeşlerini bir bitewi ulgama birleşdirmekden ybaratdyr.
Garagumda uly emeli suw howdanynyň döredilmegi Türkmenistanyň suwarymly meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şorlaşmagyň öňüni almakda we şeýlelikde, topragyň mundan beýläkki zaýalanmagyny aradan aýyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Suw hojalygy, meliorasiýa we ekologiýa baradaky “Soýuzwodproýekt” inženerçilik ylmy-önümçilik merkeziniň Baş direktory, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň tebigat ylymlarynyň akademigi, geografiýa ylymlarynyň doktory, professor Igor Sergeýewiç Zonn 2014-nji ýylda Germaniýanyň “Şpringer” neşirýaty tarapyndan çapa taýýarlanan “Altyn asyr Türkmen köli we Türkmenistanyň suw serişdeleri” kitabynda Türkmen kölüniň döredilmegine oňyn baha berdi:
“Garagum çözüniň merkezinde el bilen gurulýan “altyn asyr” Türkmen kölüniň, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga, suw we ýer serişdelerini rejeli peýdalanmaga gönükdirilen ägirt uly ekogilrotehniki taslamanyň möçberleri hem-de ähmiýeti gymmatlydyr”.
Akademik I.S.Zonana hem kollektor-drenaž ulgamlarynyň şaha aýaradan ulgamy bilen Türkmen kölüniň gurulmagy netijesinde ýerleriň, öri meýdanlarynyň müňlerçe gektary dolanyşyga giriziler, öň boş ýerlere akdyrylýan kollektorçylyk-drenaž suwlaryny gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik dörär, bioköpdürlülik has baýlaşar diýip belledi. Häzirki taslama ilatyň saglygy, daşky gurşaw hakynda döwletiň edýän adadasynyň nusgasy we suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň mysaly bolup durýar.
Rus alymlary I.P.Swinsow we S.E. Treşkin 2010-njy ýylda Aşgabatda bolan “altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýeti” atly halkara ylmy maslahatynda çykyş edip, Türkmen kölüniň döredilmegi Tejen we Murgap jülgelerinden, şeýle hem Türkmenistanyň Demirgazyk sebitlerinden gowşak minerallaşan kollektor-drenaž we boş akdyrylýan suwlaryň beli biro maksada gönükdirip jemlenmegi bilen Garagum üçin we tutuşlygyna alnanda ýurt üçin möhüm ekologiýa meselesiniň çözülmegi hökmünde garamak gerek diýip bellediler. Kölüň gurulmagy uly meýdanlarda amatly ekologiýa şertleriniň kemala gelmegine, arida ekologiýa ulgamlarynyň önümliliginiň artmagyna, Garagumuň merkezinde el bilen döredilen jülgäniň kemala gelmegine ýardam eder.
Amyderýanyň hapalanmagynyň öňüni almak çözülmegi Türkmen kölüniň gurluşygy bilen baglanyşykly bolan möhüm wezipeleriň bir bolup durýar. Geljekde ähli zeýkeş ulgamynyň suwlary zeýkeş ulgamynyň üsti bilen Türkmen kölüne gönükdiriler, munuň özi Amyderýanyň hapalanmagyny azaltmaga mümkinçilik berer we derýanyň aşak akymlarynda suwuň hilini düýpli gowulandyrar.
Merkezi Aziýa Sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekili I.Mirhaşimow ýokarda ýatlanyp geçilen ylmy maslahata eden çykyşynda Türkmen kölüniň döredilmegi bilen baglanyşykly ekologiýa çäreleriniň amala aşyrylmagy halkara konwensiýalarynyň, şol sanda çölleşmäge garşy göreş alyp barmak boýunça, howanyň üýtgemegi boýunça Ramsar we Bonn konwensiýalarynyň hem-de bioköpdürlügini gorap saklamak boýunça konwensiýanyň ýörelgelerine doly laýyk gelýändigine üns berdi. Kollektor-drenaž suwlarynyň Merkezi Aziýanyň iri serhetüsti derýasy bolan Amyderýa akdyrylmagynyň bes edilmegi serhetüsti suw akymlaryny we halkara köllerini goramak hem-de peýdalanmak boýunça BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Helsinki konwensiýasynyň hem-de suw meseleleri we adamlaryň saglygy baradaky meseleler boýunça Teswirnamanyň ruhuna hem-de talaplaryna laýyk gelýär. Munuň özi giň möçberli we sebitleýin ösüşe Türkmenistanyň ägirt uly goşandydyr diýip I.Mirhaşimow aýratyn nygtap geçdi.
Garagumuň ýerleriniň we öri meýdanlarynyň suwa basdyrylmagy möhüm ekologiki mesele bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen kölüniň ulanylmagy bilen baglanyşykly ähli zeýkeş ulgamynyň doly derejede işlemegi Merkezi Garagumuň ägirt uly meýdançalarynda bu möhüm meseläni çözmäge ýardam eder.
Gowşak minerallaşan kollektor-drenaž suwlarynyň gaýtadan peýdalanylmagy şorlamaga durnukly ot-iýmlik ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň hasabyna durnukly ot-iým binýadynyň döredilmegi netijesinde maldarçylygy ösdürmegiň esasy mümkinçilikleriniň biri bolup durýar. Munuň özi bioköpdürlüligi gowulandyrmak we çöldäki öri meýdanlarynyň önümliligini ýokarlandyrmak, baş zeýkeşlerde we Türkmen kölüniň suw howdanlarynda ýöriteleşdirilen balykçylyk hojalyklaryny döretmek üçin goşmaça mümkinçilikleri hem döreder.
Akademik I.S.Zonn 2011-nji ýylda Aşgabatda bolan “Şorlan ýerleri dikeltmek we irrigaston desgalaryň ulanylyşyny gowulandyrmak boýunça ylmyň hem-de öňdebaryjy tehnologiýanyň gazanan üstünlikleri” atly halkara ylmy maslahaty çykyş etmek bilen Türkmenistanda suwdan rejeli peýdalanmak syýasaty kanuny ýagdaýda hem-de yzygiderli durmuşa geçirilýän diýip belledi. Ol “altyn asyr” Türkmen köli ulanylan mahaly suwy tygşytlaýan tehnologiýalarynyň ulanylmagy, hususan-da ot-iýmlik ekinleri suwarmak hem-de şorlan ýerleri ýuwmak üçin gowşak minerallaşan kollektor-drenaž suwlaryny peýdalanmak, kollektor--drenaž suwlaryny arassalamanyň bioinženerçilik usullaryny ornaşdyrmak ugurlarynda we başgalarda gazanylan ep-esli üstünlikleri mysallaryň biri hökmünde getirdi. Meşhur alymyň pikirine laýyklykda ekerançylygyň köne suwarymly zolaklardan zeýkeş suwlarynyň çykarylmagy we onuň tebigy ýagdaýda pesliklere akdyrylmagy ekologiki wezipeleriň toplumyny çözmegi üpjün eder, şeýle hem Demirgazyk-Günbatar Türkmenistanyň ýerleriniň hem-de öri meýdanlarynyň umumy gidrologiki düzgünine oňyn täsir eder.
Fiziko-matematika ylymlarynyň doktory, professor W. M. Lelewkin (Gyrgyzystan) Türkmen kölüniň zeýkeş ulgamynyň ulanmaga tabşyrylmagy bilen, Garagumuň çöl keşbiniň özgerip başlanjakdygyny we köp ekologiýa meseleleriniň çözüljekdigini belledi. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen sebitde howanyň amatly we çyglylyk ýagdaýynyň döremegine getirer, diýmek, öwüsýän tozanly şemallaryň ýygjamlygyny peselder hem-de Merkezi Aziýanyň daglyk etraplarynda ygallaryň döremegi gowulanar.
Türkmen kölüni döretmek baradaky taslamanyň amala aşyrylmagynyň zeýkeşleriň töwereklerinde guşlaryň gyşyna göçüp-gonýan görnüşleriniň ugurlarynyň ýaňadan bölünmegine uly täsir edendigini bellemek gerek. Bu ýerde eýýäm olaryň amatly höwürtgelemekleri we gyşlamaklary üçin köpsanly täze ýerler peýda boldy.
Türkmen köli Merkezi Aziýanyň esasy ornitologik çäkleriniň (IBA) biri bolup durýar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň guşlary goramagyň Patyşalar jemgyýetiniň (RSPB) arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde guşlaryň düzüm görňüşlerini we sanyny öwrenmek maksady bilen esasy ornitologik çäkleri inwentarizasiýalaşdyrmak, ekspedision barlagy geçirmek boýunça hereket etmegiň işlenilip düzüldi.
Bu çäkleriň esasy gymmatlygy – guşlar, ilkinji nobatda, suwda ýüzýän we suwuň töwereklerinde mesgen tutan guşlar üçin gorag we iým şertlerden, olary göçüp-gonýan döwründe, şeýle hem gyşlaýan wagtynda goldamakdan ybarat.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň ilkinji nobatdakysynyň açylyş dabarasynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýdi: “Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky binýatlyk Konwensiýasyna goşulmak bilen Türkmenistan ekologiýa, suwy we beýleki tebigy serişdeleri gorap saklamak hem-de gaýatadan dikeltmek, çölleşmäge garşy göreşmek, oba hojalyk ekinlerini dolanyşyga getirmek, howanyň üýtgemegi ýaly düýpli meseleleri çözmek boýunça halkara jemgyýetçiligi tarapyndan amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýar. Bu meseleleri çözmekde Türkmenistan serhetdeş döwletler, şeýle hem abraýly halkara guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Dünýäniň ekologiýa gaznasy bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär”.
Iri halkara maslahatlarynda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ösüşi, howpsuz we parahat geljegi üpjün etmek maksadynda bar bolan ekologiýa meselelerini çözmek hem-de şol meseleleriň mümkin boljaklaryny öňünden duýdurmak boýunça başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigini bellemek gerek. Halk hojalygynyň sarp edijiliginiň barha artýan häzirki ylmy-tehniki ösüş asyrynda suwuň peýdalanylyşyna we aýawly saklanylyşyna biziň jogapkärçiligimiz hem köpesse artýar, çünki suw – ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň gözbaşy. Derýalarymyzy we köllerimizi, çeşmelerimizi we suw howdanlarymyzy gözümiziň göreji ýaly goramak zerur, öz ähli güýjümizi we bilimlerimizi häzire çenli gazanan üstünliklerimizi artdyrmaga, mähriban topragymyzy gülleýän ülkä, bereket-bolçulykly mesgene öwürmäge gönükdirmelidiris.
Häzir bütin dünýäde suw serişdeleriniň ähmiýeti artýar, şonuň bilen birlikde olaryň ykdysady gymmatlylygy-da ýokarlanýar. Şoňa görä-de işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, bu ulgama täze, hemmetaraplaýyn ölçerilen, oýlanyşykly çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy örän uzakmöhletli ykdysady ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň we daşary ýurtly hünärmenleriň baha bermegine görä, “Altyn asyr” Türkmen köli taslamasynyň ýokary netijelidigi hiç hili ikirjiňlenme döretmeýär. Mundan başga-da, wagtyň geçdigiçe onuň ykdysady girdejililigi diňe artar, çünki bu ägirt uly gidrotehniki desgasynyň işlemegi oba hojalygynda suwdan peýdalanmagyň iň amatly tertibini guramaga uly çykdajylary azaltmak, ekologiýa meselelerini çözmäge sarp edilen maýa goýumlarynyň öwezini dolmak, tebigy baýlyklary gorap saklamak we köpeltmek bilen baglanyşykly bolar.
Türkmenistanyň bu başlangyjynyň parasatlylygy we öňdengörüjiligi ylmy nukdaýnazardan bolşy ýaly, uly ykdysady we ekologiýa bähbitlilik tarapdan hem tassyklanýar. Ýöne, esasy zat bolsa bilelikde alanyňda, bu ýaşaýyş-durmuşa ägirt uly täsiri edýär. Onuň manysy bütin sebit möçberinde durnukly ösüşi hem-de tebigatdan peýdalanmagy üpjün etmekden ybaratdyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder