9 Ocak 2015 Cuma

Dzýudo boýunça Aşgabadyň açyk birinjiligi geçirildi.

Ýaryşa başa-baş söweş sport mekdebiniň, Oimpiýa oýunçylaryny taýýarlaýan merkeziň, “Galkan” sport mekdebiniň we Gökjäniň ýaş dzýudoçylar toparynyň 2000-2002-nji ýylda doglan dzýudoçylarynyň 272-si gatnaşdy. Aşgabat şäheriniň sport komiteti we başa-baş söweş sport mekdebi bu ýaryşyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. 



Çekeleşiki geçen bäsleşikleriň netijesinde Abdyrahym Myratgulyýew (26 kg), Abdyrahym Annagurbanow (30 kg), Arzuw Garagulow (34 kg), Röwşen Aşyrow (38 kg), Ýusup Ismailow (42 kg), Allanur Çaryýew (46 kg), Joragedi Seýitnyýazow (50 kg), Saragytmämmet Myradow (55 kg), Sarkis Keruns (60 kg) we Kössek Kössekow (+60 kg) şäheriň çempiony bolmagy başardylar. 

Umumy toparlaýyn hasapda başa-baş söweşi sport mekdebi öňdeligi eýeledi. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Olimpiýa oýunçylaryny taýýarlaýan merkeziniň we Gökje şäherçesiniň toparlary eýelemegi başardy. 

Çempionlary ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Wladimir Widýasow, şeýle hem türgenleşdirijiler Aleksandr Woýtas, Orazmämmet Orazmämmedow, Batyr Saryýew we beýleki sport halypalary taýýarladylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder