“Rusdöwletsirkiniň” artistleriniň çykyşlary täze ýyl baýramçylygynyň iň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy. Onda “Ýolbarslaryň arasynda ýeke özi” özüne çekijI at bilen edilen çykyş esasy çykyşyň biri boldy. Her bir çykyşda edilen anyşlag muny doy tassyklaýar.
Pygy Baýramdurdyýewiň ýobaşçylyk edýän meşhur “Galkynyş” toparynyň jigitleri özleriniň täsin çykyşlary bilen sirki açýarlar. Soňra masgarabazlar-akrobatlar “Deňiz halas edijileri” ady bilen çykyş edýärler. Bu sahnada baş gahrymanyň özüniň daşky görnüşi we özüni alyp barşy Andreý Nekrasowyň çagalar üçin niýetläp ýazan kitabyndan kapitan Wrungelini ýatladýar. Soň sahnada tigir figuraçy Aleksandr Witkowskiý peýda bolýar. Görlüp otursa tigiri sürüp barýarkaň hem ony bejerip bolýar ekeni, şeýle hem tigiriň şahynda oturyp, onuň yzky tekerinde hem aýlanyp bolýar ekeni. Sirk oýunlarynyň birinji bölüminde çykyş eden her bir atrist az-owlak masgarabaz boup hem çykyş etdi.
Ynha-da köp garaşylan pursat ýetip geldi. Daşy gorag germewçeli sahnada ýolbarslar yzly-yzyna peýda bolýar. Bu ýyrtyjy haýwanlaryň käbiri ýuwaş, hat-da ýalt-a hem çalym edýär, käbiri bolsa käwagt arlap, tomaşaýylaryň bedenlerin üýşündürýär. Ýöne, Ukrainanyň Halk artisti, halkara bäsleşikleriniň üçüsiniň baýraklarynyň eýesi (Moskwa, Budapeşt we Ižewsk), Sankt-Peterburgda geçirilen sirk festiwalynyň ilkinji baýragynyň eýesi, Monte-Karloda (Monako) geçirilen festiwalyň “Kümüş Masgarabazy” baýragynyň eýesi Wladislaw Gonçarow hiç zatdan gorkmaýar. Ol özüniň tansly herekerleri bilen ýyrtyjylary dürli beýiklikdäki ýörüte goýlan oturgyçlarda oturdýar. Netijede bolsa haýwanlaryň şalaryndan guralan piramida emle gelýär. Attraksionda tomaşaçilaryň baş öwredijiden garaşan zatlaryndan hem artyk boldy. Nusgawy “ölüm howply” sandan soňra bolsa - baş öwredijiniň kellesi ýyrtyjynyň agzynda goýan sahnasyndan soňra, ýene-de bir haýran galdyryjy çykyş görkezilýär. Wladislaw Gonçarow ýolbarsy egnine mündürip, arena boýunça aýlap çykýar. Örän geň-taňlyk!
Baş öwrediji bize özüniň “syryny” açdy: ol kross-fintez bilen meşgullanýar. Bu sportuň täze görnüşi bolup, onuň esasynda çaltkyk bilen ýerine ýetirilýän dürli görnüşli güýç sarp edilýän maşklar ýatyr.
- Sport maňa özümi gowy duýmagyma kömek edýär. Men siziň ajaýyp paýtagyňyza gelen badyma aşgabadyň fintess-klubyna türgenleşmäge bardym. Täze ýylda men öz tomaşaçyraryma sport bilen dostlaşmagy arzuw edýärin. Munuň özi olary dürli kesellerden gorar hem-de olara bagtyýar durmuşy sowgat berer diýip, Wladislaw Gonçarow aýtdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder