Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda deputatlaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň strategiki döwlet maksatnamalaryny we oňyn demokratik özgertmeleri kanynçylyk taýdan üpjün etmek baradaky işi hemişe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Täze ýylyň başynda döwlet Baştutanymyzyň halkyň saýlanlary bilen däbe öwrülen duşuşyklary munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şol duşuşyklaryň barşynda milli parlament tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenilýär we baha berilýär, ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin Mejlisiň işiniň maksatnamasy kesgitlenilýär.
Milli Liderimiziň deputatlar bilen duşuşygynyň öňüsyrasynda parlamentiň binasynda Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň milli parlamentiň deputatlary bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulan wezipelere, şeýle hem olara üstünlikli çözmegiň ýollaryna garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň deputatlarynyň türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm ugurlaryna, ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine degişli kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça geçirýän işleri barada habar berdi.
Iş maslahatynyň barşynda käbir hökümet agzalary hem çykyş etdiler. Olar milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny üstünlikli ösdürmek maksadynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işlere dürli pudaklaryň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny bellediler.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň Mejlisiň deputatlarynyň kanunçykaryjylyk işiniň esasy ugur bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde täze belentliklere ýetmek, şahsyýetiň esasy hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek üçin düýpli maddy kepillikleriň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň saýlawçylary bilen yzygiderli duşuşyklarynyň, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine bildirýän gyzyklanmasynyň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini nygtap, kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, täze kanunçylyk-hukuknamalarynyň işlenip taýýarlanmagynyň, bu ugurda işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyna gatnaşanlara ýurdumyzyň we halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, Mejlisiň maslahatlar zalyna barddy, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi şowhunly el çarpyşmalar we ruhubelentlik bilen garşylaýarlar. Duşuşygyň aýratyn ähmiýeti nazara alnyp, bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, münbere geçýär.
Milli Liderimiz deputatlara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň ata Watanymyzda gazanylýan uly üstünliklere buýsanyp, täze – 2015-nji ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alandygyny, bu ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edilendigini belledi. Berkarar Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk ýubileýi bellenýän şu ýyl hem biziň öňümizde uly wezipeler durýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen öňümizde duran şol wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak biziň şu günki duşuşygymyzyň esasy maksady bolup durýar milli Liderimiz nygtady.
Biz Berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary kabul etdik. Biz şol maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler şu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Ykdysadyýeti ösdürmek üçin ilki bilen onuň kanunçylyk binýadyny berkitmeli. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän, pudaklaryň ösüşine ýardam berýän kanunçylygy yzygiderli seljermeli. Eger gerek bolsa ýurdumyzyň kanunçylygyna zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işiniň strategik maksatlarymyza hyzmat etmelidigini aýdyp, ýurdumyzda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak berkarar döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridigini nygtady. Ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan mekanyna öwürmek biziň baş maksadymyzdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde köp işleriň edilendigini, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan möhüm kanunlaryň onlarçasy kabul edilendigini, milli parlamentiň täze düzüminiň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işlemegi netijesinde, köp işleriň durmuşa geçirilendigini bellemek bilen, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmekde, kanunlary halkymyza düşündirmekde, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz etmekde bitiren işleri üçin deputatlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Türkmenabat şäherinde geçirilen maslahatynda 2015-nji ýylda möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekip, ilkinji nobatda, ýurdumyzda her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň göz öňünde tutulandygyny, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alnandygyny nygtady. Geçen ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça hem düýpli işleri amala aşyryp başladyk diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Biz ýurdumyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürip, ýakyn ýyllarda has ýokary netijeleri gazanmagy göz öňünde tutýarys. Bu maksatlara ýetmek üçin, ýurdumyzda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işlerimizi yzygiderli dowam etmeli. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2015-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlandy we tassyklandy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geljekde hem jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýeti, senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek bilen bagly meseleleriň çözülmelidigini nygtady.
Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça köp işleri durmuşa geçirmek, halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulmak, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş ulgamyny, demokratik institutlary ösdürmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Biz, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça başlan işlerimizi dowam etmelidiris, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen maksatlaryny, kanunçylyk binýadyny doly we aýdyň kesgitlemelidiris diýip, milli LIderimiz belledi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz adamyň durmuş taýdan goragly bolmagyny kepillendirýär. Her bir raýatyň mynasyp durmuşda ýaşamagy we hemmetaraplaýyn kämilleşmegi hem-de ösmegi üçin oňyn şertleri döredýär we ýeterlik goldaw berýär. Şeýle tejribe Konstitusiýamyzyň kadalarynda beýan edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk wezipeleri kesgitläp, adamy hemmetaraplaýyn goramagyň, goldamagyň, oňa hyzmat etmegiň olaryň baş wezipesi bolmagynda galýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetleriniň hukuklaryny, borçlaryny we ygtyýarlyklaryny anyk kesgitlemeli. Döwlet häkimiýetiniň üç şahasynyň hem özbaşdak, adalatlylyk, açyklyk, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, döwrüň talabyna laýyk işlemegini gazanmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz kazyýet häkimiýetiniň işi barada durup geçip, deputatlaryň ünsüni bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmek we hususy telekeçiligi goldamak boýunça öňde durýan wezipeleri kesgitlemek meselesine çekdi.
Işewürlik gatnaşyklarynda emele gelýän söwda-ykdysady jedelleri bütin dünýäde edilişi ýaly, arbitraž edaralarynyň üsti bilen çözmek meselesine seretmek hem möhümdir. Şu maksat bilen, arbitraž kazyýeti ýokary kazyýetiň düzüminden çykarylsa, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. Ýagny hojalyk gatnaşyklary, täjirçilik geleşikleri bilen bagly jedelleri çözmek üçin özbaşdak hereket edýän arbitraž kazyýet ulgamy döredilse, dogry bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Kazyýetde işlere seredilende taraplaryň deňligini, kazyýet önümçiliginiň ähli döwürlerinde işe gatnaşyjylaryň hukuk kömeginden deň peýdalanmak mümkinçiligini giňeldýän täze kadalar kanunçylyga girizilse ýa-da hereket edýän kadalar has anyk beýan edilse, maksadalaýyk bolardy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şu meseleler bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kazyýetiň we prokuratura ulgamynyň ornuny, hukuk goraýjy edaralaryň wezipelerini kesgitlemegiň, şeýle hem hukuk kömegini bermek bilen bagly kadalary anyk mazmun bilen baýlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Kazyýet häkimiýetiniň we kazylaryň garaşsyzlygynyň has-da ygtybarly bolmagyny gazanmaly. Şu maksat bilen, halkara tejribesinden ugur alyp, kazylaryň wezipä bellenmeginiň möhletlerini, olary hödürlemegiň tertibini, kazyýetiň hukuklaryny we borçlaryny täzeden seljermeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Häzirki döwürde adam hukuklarynyň garaşsyz institutlar tarapyndan goralmagyny kämilleşdirmek boýunça hem degişli işler geçirilse, maksadalaýyk bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň bellenmegi konstitusion tertipde berkidilse, maksadalaýyk bolar, sebäbi, adam hukuklaryny goramak boýunça wekiliň (Ombudsmeniň) instituty örän uly ähmiýete eýedir. Şeýle borçlar üstüne ýüklenen institut döwlet dolandyryş edaralarynyň jogapkär işgärleriniň öz wezipe ygtyýarlygyndan hyýanatçylykly peýdalanmagyna, eden-etdilikli hereketlerine garşy göreşýän, gözegçilik edýän edaralaryň arasynda möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiz şeýle institutyň döredilmegi döwlet bilen raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklarda, adalatyň üpjün edilmeginde täze sahypany açjakdygyna, döwlet Baştutanynyň bu ugurda alyp barýan işlerine uly goldaw berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra milli Liderimiz duşuşyga gatnaşýanlara ýüzlenip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmegi talap edýär, bu edaralaryň netijeli işlemegi ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmakda örän möhümdir diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň Konstitusiýasyna laýyklykda welaýatlarda, şäherlerde we etraplarda ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň, ýagny halk maslahatlarynyň hereket edýändigini belläp, Halk maslahatlarynyň hukuk ýagdaýyny, işiniň anyk ugurlaryny ýene-de bir gezek seljermegiň, bu edaralaryň öňde goýlan maksatlara hyzmat etmeklerini gazanmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde halk maslahatlarynyň işiniň hukuk esaslaryny hem anyk kesgitlemegiň möhümdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi barada durup geçip, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, Geňeşleriň Konstitusiýada we kanunlarda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny talaba laýyk ýerine ýetirmeklerini üpjün etmegiň hem möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek işinde ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamynyň hukuk ýagdaýyna halkara tejribesine laýyklykda doly seretmek, bu edaralaryň ygtyýarlyklaryny, maliýe üpjünçilik we eýeçilik hukuk esaslaryny anyk kesgitlemek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolan Geňeşleriň işini kämilleşdirmegiň, ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmagyň, umuman, Geňeşleriň işini täzeçe guramak maksady bilen, täze kanunlary hem işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.
Şu wezipelerden ugur alyp welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň işini guramagyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek, ýerli wekilçilikli edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipelerini, ygtyýarlyklaryny has anyk kesgitlemek, olaryň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bilen özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeli ulgamyny döretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň ünsüni ýurdumyzyň saýlaw ulgamyna degişli kanunçylygy kämilleşdirmek işine çekdi. Bu mesele Türkmenistanyň Mejlisiniň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini toplanan tejribe esasynda, döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirip durmaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň täze saýlawlary geçirilendigini ýatladyp, halk maslahatlarynyň täze agzalarynyň öz işlerini döwrüň talabyna laýyk guramaklary üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň olara ýardam berip durmalydygyny, şeýle hem olar bilen okuw-maslahatlaryny guramalydygyny, degişli kanunçylyk namalary barada giňişleýin okuwlary geçirmelidigini nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisi Maliýe ministrligi bilen bilelikde «Ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralary hakyndaky» Kanuna laýyklykda halk maslahatlarynyň edaralaryny döretmek baradaky meselä hem gysga wagtyň içinde seretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Oba Milli maksatnamasy güýçli depginler bilen amala aşyrylýar. Netijede, obalarymyz indi şäher bilen bäsleşýär. Ilatly ýerleriň çäkleri giňelýär. Käbir şäherlerimizdir obalarymyz bir-biri bilen birleşýär. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşy babatda geçirilýän özgertmeleri ýokary depginler bilen dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu ugurda öňde durýan wezipeler barada geçen ýylyň oktýabrynda Lebap welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hem bellenildi. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň, dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeli bolmagyny gazanmagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu bolsa, ilatymyza edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem öz oňyn täsirini ýetirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri şu ýyl tamamlamagyň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek, syýasy ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça köp işleriň durmuşa geçirendigi aýdyldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu maksat bilen, «Syýasy partiýalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, şeýlelikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň kepillendirilen syýasy hukuklaryny berjaý etmekde netijeli işler alnyp baryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda 3 sany syýasy partiýa hereket edýär, olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde üç syýasy partiýanyň hem wekilleri bar. Netijede, milli parlamentde ýurdumyzyň syýasy partiýalary bilen bilelikde işlemegiň oňyn tejribesi toplandy. Mejlisde kabul edilýän kararlaryň, kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaga partiýalaryň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Resminamalary bilelikde ara alyp maslahatlaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, biz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etmeli, ýurdumyzda eýeçiligiň dürli görnüşlerine esaslanýan bazar ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde döwletimizde amala aşyrylýan uly işleri nazara alyp, administratiw kanunçylygy kämilleşdirmek işlerini giň gerim bilen alyp barmagyň wajypdygyny belledi. Şu maksatlardan ugur alyp, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksini hem kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Häzirki zaman ösen jemgyýetiň talaplaryna laýyklykda notariat işini hem kämilleşdirmek babatda deputatlaryň öňünde wezipeler goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda häzirki hereket edýän kanunçylygy hem-de notarial hereketleri bilen bagly halkara tejribesini seljermegiň, şonuň esasynda bu ugra degişli täze kanunlary işläp taýýarlamagyň hem-de notariat işini amala aşyrmagyň tertibini kesgitlemäge gönükdirilen «Notariat we notarial işi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamagyň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz deputatlara ýüzlenip, kanun cykaryjylygyň olaryň alyp barýan işleriniň iň möhüm tarapydygyny, şunuň bilen birlikde, kanunlar bilen kesgitlenen derwaýys meseleleriň durmuşa geçirilmegini gazanmagyň, kanunlaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçilik etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Kanunlaryň ýerine ýetirilmeginde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny öz wagtynda işläp taýýarlamagyň möhüm ähmiýeti bardyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işlerde kemçilikler kän. Bu mesele ähli ministrlere we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, esasan hem, Adalat ministrligine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Häzirki döwürde bu düzümleriň işlerini guramakda bar bolan kemçilikler sebäpli, kabul edilen kanunlarda kesgitlenen kadalaşdyryjy hukuk namalary öz wagtynda işlenip taýýarlanmaýar. Bu bolsa, kabul edilen kanunlaryň netijeli hereket etmegine öz ýaramaz täsirini ýetirýär.
Kadalaşdyrjy hukuk namalary, ilkinji nobatda, pudak edaralary tarapyndan öz wagtynda işlenip, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlenmäge degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda Ministrler Kabinetiniň degişli bölümleriniň işinde hem kemçilikleriň bardygyny belledi. Bu işlere umumylykda ýolbaşçylyk etmek Adalat ministliginiň üstüne ýüklenendir. Kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bolsa, prokuratura ulgamyna degişlidir. Emma gynansak-da, jogapkär taraplaryň köplügine garamazdan, bu işde kemçiliklere ýol berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyna deputatlaryň ünsüni çekdi. Sebäbi, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň, kabul etmegiň, yglan etmegiň, güýje girizmegiň we düşündirmegiň tertibini kesgitleýän bu Kanun Esasy Kanunymyzyň kadalarynyň durmuşa geçirilmeginde uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz bu kanuny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýandygy baradaky düzgünlere laýyklykda gaýtadan işläp düzmegiň we we halkara tejribesine laýyk getirmegiň wajypdygyny aýtdy we bellenip geçilen kanunlaryň taslamalary barada degişli pudaklardan hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde işlenip taýýarlanan anyk tekliplere garaşýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimize daşarky bazarlaryň täsiri netijesinde emele gelýän meseleleri çözmegiň ýollaryny hem kämilleşdirmegiň wajypdygyny, şu maksat bilen, eýeçilik we emläk gatnaşyklaryna uly üns bermegiň, hususy telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hususylaşdyrmak, maliýe bazaryny ösdürmek we dolandyrmak işlerini hem talaba laýyk alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, pul-karz gatnaşyklaryny netijeli düzgünleşdirmek, birža işini talaba laýyk guramak ýaly, möhüm ugurlarda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem senagatyň, oba hojalygynyň we beýleki pudaklaryň ösüşi bilen bagly dolandyryş, guramaçylyk, maliýe-ykdysady meseleleri çözmekde zerur bolan kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz gozgalmaýan emläge degişli raýat-hukuk geleşiklerini we beýleki amallary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatlary etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek meselesi barada durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak, dolandyrmak, eýeçilik etmek, ulanmak, kireýne bermek, notarial hereketleri amala aşyrmak ýaly çözülmegini talap edýän meseleleriň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny belläp, ýurdumyzda gozgalmaýan emläk bazaryny ösdürmeli we oňa gatnaşyjylaryň işini hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň, şu maksat bilen, bu ugurda hereket edýän kanunçylygy seljermegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.
Şeýle hem, ýurdumyzda rieltorçylyk, ýagny, gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kanuny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýärin. Bu kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda gozgalmaýan emläk bazaryny ösdürmekde möhüm ädimleriň biri bolar. Eýeçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän «Eýeçilik hakyndaky» Kanun hem häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeden kabul edilse, ýerlikli bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda hususy eýeçiligi ösdürmek, hususy önüm öndürijileri, hyzmatlary teklip edijileri goldamak, zerur bolan halatda olara maliýe kömegini, ýer böleklerini uzak möhletleýin ulanmaga bermek işlerine döwlet tarapyndan uly üns berilýändigini belledi. Şu nukdaý nazardan hem eýeçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, önüm öndürijileri we hyzmat edijileri goldamaga gönükdirilen kanunçylygy yzygiderli seljermek we kämilleşdirmek işlerini dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Biz geljekde eksporta niýetlenen önümçilikleri ösdürmekde uly işleri amala aşyrmagy göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda öndürilýän önümleri halkara bazarlaryna çykarmakda Söwda-senagat edarasyna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, Söwda-senagat edarasynyň işi bilen bagly kanunlara täzeden seretmegiň zerurdygyny bellemek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynda ýurdumyzda ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň halkara standartlaryny ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýandygyny belledi. Şoňa görä-de, ulag-logistika ugrundaky kanunçylygy kämilleşdirmek işlerini hem dowam etmeli. Milli Liderimiz şu wezipelerden ugur alyp hem-de dünýä tejribesini göz öňünde tutup, «Demir ýol ulaglary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny täzeden işlense, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu kanunyň kabul edilmegi demir ýol gatnawlaryny sazlaşykly ösdürmäge itergi berer, içerki we halkara gatnawlarynda ýük daşaýyş bazaryny döretmäge hemaýat eder, edara-kärhanalaryň we ilatyň ýük daşamaga we ulag hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli Liderimiz raýatlary durmuş taýdan goramak meselerini mundan beýläk-de çözmegiň ähmiýetini belläp, bu tabşyryklary talaba laýyk ýerine ýetirmek maksady bilen raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak babatdaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Şu maksat bilen, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky» Kanunyň hem-de «Dermançylyk önümçiligi, upjünçiligi we gözegçiligi hakyndaky» Kanunyň taslamalaryny işläp düzmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz şeýle hem adamlaryň saglygyny goramak maksady bilen, ýurdumyzda iýmit önümleriniň hiline ýokary talaplaryň bildirilýändigini nygtady. Şoňa görä-de, «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakyndaky» Kanuny kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleri nazara alyp, zähmet gatnaşyklaryny, raýatlarymyzy durmuş taýdan goramak babatdaky kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylmalydygy nygtaldy. Biz ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmaga uly üns berýäris. Bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň dowamynda «Bedenterbiýe we sport hakyndaky», «Professional sport hakyndaky» kanunlar kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda milli guwanjymyz we buýsanjymyz bolan türkmen bedewlerini idetmek, saklamak, köpeltmek boýunça köp işler edilýär. Atçylyk sportuny ösdürmek, ýaşlary atçylyk sportuna çekmek, türkmen bedewine söýgini artdyrmak, bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça hem ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar. Şoňa görä-de, degişli pudaklar bilen bilelikde «Atçylyk we atly sport ýaryşlary hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň medeniýetini we sungatyny, baý milli mirasymyzy kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, häzirki hereket edýän «Medeniýet hakyndaky», «Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak hakyndaky» kanunlaryň bu ulgamda alnyp barylýan işleri utgaşdyrmaga we netijeli alyp barmaga ýardam berýändigini belledi. Şunuň bilen birlikde, «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky» Kanunyň taslamasy hem taýýarlansa, maksadalaýyk bolar. Bu kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän möhüm ähmiýetli işleri kanunçylyk taýdan goldamaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiziň çykyşynda deputatlaryň öňünde ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, şeýle hem oba hojalyk pudagyna degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek babatda wezipeler goýuldy.
Biziň kabul eden maksatnamalarymyzda döwletimizi senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşmak üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda senagatyň ösmegi önümçilik we senagat galyndylarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Şu nukdaý nazardan, önümçilik galyndylarynyň adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almagyň hem-de galyndylary gaýtadan işlemegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny düzgünleşdirýän kanunlary hem işläp taýýarlamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek barada aýdyp, mallaryň baş sanyny köpeltmegiň, olary saklamagyň, maldarçylykda seçgi-tohumçylyk işini guramagyň hukuk esaslaryny kesgitleýän kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça hem zerur işleri geçirmelidigini, şeýle hem mallara ideg etmek üçin öri meýdanlaryny peýdalanmak, ot-iým bolçulygyny döretmek, döwlet we hususy eýeçilikdäki mallary bakmak boýunça alnyp barylýan işleri düzgünleşdirýän kanunlaryň taslamalarynyň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtady.
Häzirki wagtda ýurdumyzda suwdan rejeli peýdalanmak, ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça köp işler edilýär. Häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary oba hojalygyna ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýerleriň şorlaşmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni almak hem möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä-de, suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we goramagyň guramaçylyk, hukuk, ykdysady ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunçylygyň üstünde täzeden işlemeli. Ýeri ulanmak, ýerden peýdalanmak, oňa eýeçilik we ygtyýar etmek bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary kämil kanunlar bilen düzgünleşdirmek meselesine hem aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan umumy adamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär diýip belledi. Bitarap döwletimiziň halkara gatnaşyklaryna işjeň goşulmagy netijesinde, ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary ýurdumyzyň bu ugurdaky milli kanunçylygynyň kämilleşdirilmegini talap edýär. Esasy maksat – biziň halkara başlangyçlarymyzy kanunçylyk taýdan öz wagtynda goldamakdan, bu başlangyçlary ýurdumyzda we bütin dünýäde wagyz etmek bilen bagly işleri alyp barmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek meselesi barada durup geçip, dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny netijeli dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Bitarap döwletimiz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge isleg bildirýän daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlaryny döretmek hakyndaky meseleleri içgin öwrenmeli we netijeli guramaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan «açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde, häzirki döwürde daşary ýurt firmalary we kompaniýalary bilen uzak möhletli we üstünlikli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şoňa görä-de, milli parlamentiň deputatlary netijeli özara hyzmatdaşlygy ýokary derejede dowam etmäge mümkinçilik berýän kanunçylyk namalarynyň üstünde işlemelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, halkara tejribesine daýanyp, şertnamalaýyn hukuk gatnaşyklarynyň we halkara bäsleşiklerini geçirmegiň kanunçylyk binýadyny döretmek boýunça bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wajypdygy bellenildi. Bu ugurdaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasy esasynda dünýä ölçeglerine laýyk getirmeli, Döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary hereket edýän kanunçylyga girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly, konsullyk, migrasiýa we beýleki meseleler bilen bagly kanunçylygy Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda kämilleşdirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny üpjün etmek bilen bagly işleri hem netijeli dowam etmegiň wajypdygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisine Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, onuň Ösüş Maksatnamasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň edarasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy we beýleki halkara guramalary bilen ýola goýlan özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maslahat berdi.
Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň jemleýji böleginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ýerli häkimiýet edaralary bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamalydygyny, ýerlerde saýlawçylar bilen ýakyndan gatnaşyk saklamak bilen, gaýragoýulmasyz, derwaýys meseleleriň çözgüdini tapmalydygyny, ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde kanunlaryň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň has kämil usullaryny işläp taýýarlamalydygyny ýene-de bir gezek nygtady.
Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän kanunlaryň kabul edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge, kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de berkitmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Çykyşyny jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan esasy wezipeleri ýerine ýetirmek üçin deputatlaryň yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekjekdigine ynam bildirdi we olara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy duşuşyga gatnaşanlar tarapyndan uly üns berlip diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş etdi. Ol milli parlamentiň işine hemişe uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, milli Liderimiz bilen bolýan her bir duşuşygyň, döwlet Baştutanymyzyň çuň manyly çykyşlarynyň uly taryhy ähmiýete eýe bolýandygyny we deputatlaryň kanunçykaryjylyk işine goşmaça kuwwatly itergi berýändigini, olary döwlet Başutanymyzyň öňde goýýan jogapkärli wezipelerini üstünlikli çözmek üçin has-da tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny nygtady.
A.Nurberdiýewa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan halkyň saýlanlarynyň döwlet Baştutanymyzyň aýdan ähli belliklerini nazara aljakdyklaryna hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdy. Şol wezipeler bolsa milli döwletliligi mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan okgunly ösdürmäge, onuň halkara abraýyny barha belende götermäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň ahyrynda milli Liderimiz oňa gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, öz öňlerinde durýan jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikler arzuw edip, olary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna berk eýermäge çagyrdy. Milli Liderimiziň bu sargydy zala ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary hem-de “Arkadaga şöhrat!” diýen sözleri bilen garşylandy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2677
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder