30 Ocak 2015 Cuma

Aşgabatda Mebel sergisi açyldy.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady.Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol milli ykdysadyýet üçin täze mebel pudagynyň gazananlaryny, şeýle hem bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini we öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir. 

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna iberen Gutlag hatynda şeýle sözler bar: Türkmenistan Watanymyzyň ykdysady ösüşiň täze belentliklerine çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi has-da gowulandy. Aşgabatda geçirilýän halkara serginiň mazmuny bu ulgamda milli taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň derejesini we ösüş depginini aýdyň görkezer. Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öndürýän önümlerini görkezýän döwlet eýeçiligindäki edara--kärhanalaryň, guramalaryň wekilleri bilen bir hatarda, hususy telekeçilere hem öz mümkinçiliklerini görkezmäge oňaýly şertleri döreder diýip, milli Liderimiz onuň türkmen hünärmenlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmakda oňat mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi. 



Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň pawilionlarynda görkezilen mebelleriň we mebel önümleriň köp sanly nusgalary giň gerimli serginiň esasyny düzdi. Ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek mümkinçiligini gazanmak maksady bilen sergä öýleri we edara binalaryny enjamlaşdyrmak babatda täze teklipleri bilen Italiýanyň, Koreýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Hindistanyň, Belarusyň, Ermenistanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri geldiler. 

Türkmen paýtagtyny we welaýatlary toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk häzirki zaman Türkmenistanyň aýdyň alamatyna öwrülip, ol tutuş düzümiň düýpli täzelenmegini, şol sanda ýokary halkara ülňülerine gabat gelýän dolandyryş edara binalarynyň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň we okuw mekdepleriniň, saglygy goraýyş merkezleriniň, sport desgalarynyň gurulmagyny göz öňünde tutulýar. 

Şunda öňdebaryjy gazanylanlary we täzelikleri, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak, adamlaryň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertleri döretmek esasy ölçegler bolup durýar. 

Gurluşyk pudagynyň hajatlary, türkmenistanlylaryň işlemegi we dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün etmek wezipeleri, edara binalaryny we ýaşaýyş jaýlaryny, durmuş maksatly edaralary enjamlaşdyrmakda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ýurdumyzyň senagatynda täze ugruň—ýokary hilli mebel önümleriniň önümçiliginiň ösmegi bilen şertlendirilendir. Türkmen önüm öndürijileriniň halkara ülňüleriniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän mebelleri bezeg taýdan hem, daşary ýurtlardan getirilýän mebellerden hem birjikde pes durman, içerki bazarda mynasyp besdeşlige eýe bolup durýar. 

Häzir bu ugurda uly tejribe toplan dünýäniň mebel önümçiliginiň liderleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we işlerini özleşdiren kärhanalaryň onlarçasy üstünlikli işleýär. Olaryň köpüsi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýar. 



Olaryň hatarynda “Abraýly önüm”, “Rysgal”, “Çynar”, “Aýsenem”, “Naýbaşy”, “Nagyş”, “Hilal” ýaly iri kärhanalar bar. Olaryň sergidäki giň göwrümli pawilionlarynda owadan, ýumşak we gabaraly mebeller, ýatylýan garniturlar, myhman, çagalar otaglary, aşhana üçin agaçdan ýasalan ýokary hilli toplumlar, şeýle hem mekdep partalary we döwlet edaralarynyň we ilatyň ägirt uly islegine eýe bolan beýleki zatlar görkezilýär. Mebelleriň bahasy, sarp edijiniň isleglerine laýyklykda şahsy buýurmalary ýerine ýetirmek mümkinçiligi daşary ýurtly önümçiligiň öňünde esasy artykmaçlyk bolup durýar. 

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň mebel senagatynda ilkinji bolan “Aýbölek” fabrigi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2010-njy ýylda ulanmaga girizildi. Ol ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Häzirki wagtda ol iň döwrebap kärhana bolup, giň görnüşli önümleri—köpçülikleýin ýörite ugurlydan başlap, ýylmanak örtükli aňrybaş mebellere çenli önümleri çykarýar. Önümçilik üçin serişdeler daşary ýurtly hyzmatdaşlardan gelip gowuşýar. Häzirki wagtda hut şu kärhana ýurdumyzda esasy mebel öndüriji bolup durýar hem-de öz nusgalyk işleri bilen kärdeşlerini—türkmen telekeçilerini höweslendirýär. Şonuň bilen birlikde, olaryň önümleriniň ýurdumyzyň bazarlarynda diňe bir öňe ilerlemegine ýardam etmän, eýsem, önümlerini daşary ýurtlara ugratmakda hem pudagyň depginli ösmegi üçin mümkinçilikleri döredýär. Kompaniýanyň diwarlygyny bezän ýelkeniň makedi “Aýbölegiň” hünärmenleriniň agaç boýunça döredijilik ussatlyklarynyň özboluşly nyşany boldy. 

“Abraýly önüm” hususy kärhanasynyň önümçiligi barha artýar. Kärhananyň adynda möhüm ýörelge beýan edilýär: harydyň daşyna örtülýän tehnologik matany we gaýyşy peýdalanmak bilen, özleriniň dizaýnerçilik çözgütleriniň esasynda görnüşleri ýylsaýyn barha täzelemek arkaly diňe ýokary hilli we owadan önümleri çykarmak ýörelge edinilýär. Ýöriteleşdirilen sergä gatnaşmak özüňi görkezmek, öz işleriňe alyjylaryň islegini bilmek, kärdeşleriňden we öýde gözellik dörediji ussatlardan tejribe almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. 

“Çigildem mattress” ýaş kärhananyň ýatylýan otaglar üçin mebelleri hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Olar ekologiýa taýdan arassa serişdelerden, ýorgan-düşekleriň önümçiliginde, şeýle hem bilim we durmuş ulgamynyň edaralary üçin ýöriteleşdirilen mebelleriň önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirýärler. 

Türkmen telekeçileriniň işewürlik boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýola goýan aragatnaşyklary netijesinde ýurdumyzyň sarp edijileri iň täze tehnologiýalar we innowasiýalar esasynda dünýäniň mebel öndürijileriniň biri-birinden owadan, ajaýyp mebelleri saýlan almak mümkinçiligine eýe boldular. Çünki türkmen telekeçileri Türkmenistana mebelleri we olaryň degişli enjamlaryny getirmegi amala aşyrýarlar. Bularyň ählisini “Adore”, “Epika”, “Istikbal”, “Windy” /Türkiýe/, “Hosen” /Hytaý/, “Camelgroup” /Italiýa/ ýaly kompaniýalaryň diwarlyklarynda görmek bolýar. 

Belarus öndürijileriniň “Pink drew” holding kompaniýasy mebelleri döretmekde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Olar italiýaly suratkeşleriň işläp taýýarlamalary boýunça gaýyşlara we matalara öwrülip, berýozadan edilen ýumşak hem-de aňrybaş mebelleridir. Şeýle mebelleri indi 2014-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzdaky “Çandybil” söwda merkezinde açylan Türkmen-belarus söwda öýünde edinmek bolýar. 

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Aşgabat şäherindäki bazarlar birleşmesiniň diwarlygy paýtagtymyzyň söwda merkezlerinde öýler üçin satylýan harytlaryň dürli görnüşlerini görkezýär. 

Öz gezeginde ýurdumyzyň dokmaçylary öý hojalygynda giňden peýdalanmak üçin ýokary hilli dürli görnüşli önümleri adamlaryň garamagyna hödürlediler. Ol önümler – ýorgan-düşek we hammam serişdeleri, aşhana, tutular üçin dokma önümleri. Pudagy has-da ösdürmegiň çäklerinde mebel matasynyň daşky örtük üçin önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. 

“Golfam Textile Group” eýran kompaniýasynyň diwarlygy pagta we poliester esasynda taýýarlanan ýumşak matalardan ýyly pokrowallaryň, saçaklaryň, ýaglyklaryň, odeallaryň we örtükleriň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. 

Hususy kompaniýalaryň we firmalaryň diwarlyklary ekspozisiýanyň üstüni ýetirdi. Olar iň täze tehnikalary we elektroenjamlary, kompýuter enjamlaryny, telewizor enjamlaryny we telefonlary getirmek, durmuş himiýasy harytlarynyň, dokma önümleriniň önümçiligi, şeýle hem türkmen halyçylygy hem-de özboluşly amaly-haşam sungaty ýaly ugurlarda ýurdumyzyň bazarlaryny özleşdirdiler. 

Bu ýerde ýüpekden we ýüňden her dürli reňkli, owadan şekiller beýan edilip, elde dokalan ajaýyp halylar, döwrebap haly önümleri we halyçalar, el işleri, zergärçilik bezegleri, keramika önümler, telekeçiler we halk ussalary hem-de milli sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleri tarapyndan taýýarlanan sowgatlyk önümler görkezilipdir. 

Täzelikler we islegler arkaly üsti ýetirilýän bu önümçilik pudagy ösüp-örňemek bilen döwür bilen aýakdaş gitmäge ymtylýar hem-de döredijilik tapyndylary we batyrgaý tejribeleri we özboluşly çözgütleri bilen yzygiderli täsir galdyrýan el işiniň ussatlarynyň egsilmez döredijiligi üçin çäksiz giňişligi açýar. 

Sergä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Aşgabatda mebelleriň we öý hojalyk harytlarynyň ýöriteleşdirilen halkara sergisiniň geçirilmegi – munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ýeten nobatdaky uly sepgidini, hil taýdan täze derejä çykmak üçin soňky ýyllarda düýpli binýat döredilen döwrüň talap edýän mebel pudagynyň ýola düşendigini alamatlandyrýan ajaýyp wakadyr. Şoňa görä-de, häzirki sergi dünýä bazaryna çykmak mümkinçiligi bilen ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşini giňeltmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge möhüm goşant bolmaga gönükdirilendir.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder