25 Ocak 2015 Pazar

Owganystana ynsanperwer ýük ugradyldy.

Türkmen paýtagtyndan goňşy Owganystana nobatdaky ynsanperwer ýüki ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ýaşaýjylaryna kömek hökmünde azyk önümleri we mekdep mebelleri eltiler. 

Bu çäräniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary bilen gabat gelendigi bellärliklidir. Düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda geçen ýyllaryň içinde berlen ynsanperwer kömekler üçin biziň milli Liderimize we bütin türkmen halkyna tüýs ýüreginden hoşallyk bildirip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti taryhy we medeni ýakynlygyň mäkäm binýadynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

Häzirki ýüküň ugradylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar we köpsanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan ynsanperwer çäre bütin türkmen halkynda giň goldawa eýe boldy. Bu barada halkymyzyň gadymy parasatly sözlerinde şeýle diýilýär: “Zerur wagty dost kömegi--baharyň açylan güli”. 



Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýermek bilen, Türkmenistan Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegine, ýurduň parahatçylykly durmuşynyň ýola goýulmagyna iş ýüzünde uly goşant goşýar. Goňşy ýurduň halkyna hemişe goldaw bermek bilen, Türkmenistan bütin sebitiň bähbitlerine däp bolan gatnaşyklary has-da ösdürmäge öz meýlini tassyklaýar. 

Dabara gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemme oňyn başlangyçlary, milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk we açyklyk syýasaty halklary doganlygyň we ruhy ýakynlygyň gadymy gatnaşyklary bilen baglanyşykly bolan iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Hoşniýetli erkiň nobatdaky çäresi dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez däpleriniň aýdyň mysallarynyň ýene-de birine öwrüldi diýip, bu ýere ýygnananlar aýtdylar. 

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Owganystanyň parahatçylykly galkynmagyna gatnaşyp, onuň durmuş-ykdysady taýdan dikelmegine iş ýüzünde ýardam edýändigi bellenildi. Ýakyn goňşy bolmak bilen Türkmenistan hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli esasda elektroenergiýa, şeýle hem suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar. 

Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäklerinde möhüm bolan ykldysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Bu ilkinji nobatda türkmen elektroenergiýasyny eltýän elektrogeçirijilerdir. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde biziň hünärmenlerimiz tok bilen üpjün edýän desgalaryň ençemesini, şol sanda kiçi beketleri we elektrik geçiriji ulgamlaryny gurdular. Olaryň sany geljekde has-da artdyrylar. Türkmenistan şeýle hem owgan raýatlaryna bilim we saglygy goraýyş ulgamynda bahasyna ýetip bolmajak kömek edýär. 

Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylyň iýun aýynda taslama gatnaşyjy üç ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Iki ýurduň depginli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şeýle hem bilelikdäki täze düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini has-da ösdürmek, iri durmuş meselelerini, şol sanda ilatyň iş bilen üpjün bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünlikli çözülmegi üçin kuwwatly itergä öwrüler, maýa goýumlaryň çekilmegine ýardam eder, diňe bir ýurtdaky däl, eýsem-de, umuman, sebitdäki ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer. 

Diňe bir TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, çaklamalara görä, 12 müň adamy iş bilen üpjün etmäge hem-de Owganystana takmynan 1 milliard ABŞ dollary töwereginde girdeji almaga mümkinçilik berer. Lebap we Mary welaýatlarynda elektrik beketleriniň we beýleki desgalaryň gurluşyklarynyň tamamlanmagy bilen Türkmenistan goňşy ýurda ýeňillikli şertlerde ýetirilýän elektrik energiýanyň kuwwatyny 500 megawatta çenli ýetirip biler. Ýakyn geljekde Owganystanyň serhetýaka welaýatlarynda täze elektrik geçirijilerini, şeýle hem durmuş ähmiýetli birnäçe desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň hatarynda çaga dogrulýan öý, metjit, ýetim çagalar üçin öý we beýlekiler bar. 

Şeýlelik-de, Owganystana ynsanperwer ýüküň nobatdaky gezek ugradylmagy Türkmenistanyň ynsanperwerligiň belent maksatlaryna yzygiderli eýerýändiginiň ajaýyp subutnamasyna öwrüldi. Şol maksatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasat ugrunyň esasynda goýlandyr. Ýokary derejede geçirilen düýnki gepleşiklerde hem milli Liderimiz Türkmenistan goňşy Owganystanyň we doganlyk owgan halkynyň parahat durmuşda ýaşap hem-de zähmet çekip, geljege ynamly garamagynyň hemişe tarapdary bolup çykyş edýär diýip aýtdy!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder