Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow häkimiýet başyna gaýtadan saýlanmak maksady bilen, ýurtda geçiriljek nobatdaky prezidentlik saýlawlary üçin öz dalaşgärligini yglan etdi.
15-nji ýanwarda Karimowyň “Özbegistanyň Liberal demokratik” partiýasynyň we “Telekeçiler we işewürler” hereketiniň geçiren bilelikdäki ýygnagynda, özbek prezidenti 29-njy martda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bellenildi.
30-njy ýanwarda 77 ýaşyny dolýan Karimow 2007-nji ýylda geçirilen saýlawlarda gaýtadan prezidentlige saýlanypdy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder