9 Ocak 2015 Cuma

Müsür saýlawa taýarlanýar.

Müsürde Ýokary kaziýetiň 2012-nji ýylyň 14-nji iýunynda parlamentiň işini bes etmeginden soň ilkinji gezek umumy saýlaw geçirler.
Ýokary saýlaw geňeşi saýlawlaryň tapgyrlaýyn ýagdaýda mart aýynyň 21-i bilen maý aýynyň 7-si aralygynda geçiriljekdigini habar berdi.
Saýlawlar Prezident Abdulfettah Sisiniň 2013-nji ýylyň 3-nji iýulyndaky harby agdarlyşygyndan soň beýan eden iş meýilnamasynyň üçünji we soňky tapgyryny emele getirýär.
Hormatly dynç alyşdaky serkerdeleriň we merkezi razwetka gullugynyň işgärleriniň saýlawlarda dalaşgär bolmak üçin işe girişendigi nygtalýar.
Hünärmenler saýlawlardan soň ýurtda adam hukuklaryna we azatlyklaryna edilýän basyşyň ýokarlajakdygy sebäpli alada bildirýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder