Türkmenistanda türkmen diliniň düşündirişli we orfografiki sözlükleriniň taýýarlanyp, köp möçberde neşir edilmegi barada görkezme berildi.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 9-njy ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda türkmen dilini hasam kämilleşdirmek meselesine aýratyn üns bermelidigini aýtdy.
Ol dilçi alymlaryň ýörite toparny döredip, düşündirişli we orfografik sözlükleri taýýarlamaly, soňra olary tassyklap, köp möçberde neşir etmeli diýdi.
«Türkmen diliniň sözlüginiň» 1962-njy ýyldan bäri çykarylmandygy aýdylýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder