Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň edaralarynda geçirilýän mugallymlaryň maslahatlarynda olaryň 2014-2015-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylýar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmenistanlylaryň ýaş nesline bilim we terbiýe bermegiň derejesini hem-de hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini netijeli çözmek maksadynda öňdebaryjy tejribe we mugallymçylyk iş usuly seljerilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylda örän wajyp wakalaryň ençemesi bolup geçdi we uly üstünlikler gazanyldy. Bu üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän milli bilim özgertmeleriniň yzygiderli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzda dünýä ölçeglerine hem-de milli gymmatlyklar ýörelgelerine laýyk gelýän bilim ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda 2014-nji ýylyň jemini jemläp, saglygy goraýyş, ylym, bilim we sport ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi. “Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirildi” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Bilim ulgamyny ösdürmek, halkara bilim alyşmalary meseleleriniň Türkmenistanyň Baştutanynyň daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirýän duşuşyklarynyň ählisiniň diýen ýaly gün tertibine girizilmegi, ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen hökümet resminamalaryna goşulmagy milli Liderimiziň bu strategiki wezipäniň çözülmegine uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň ýokary derejesine çykarylmagy häzirki döwürde Türkmenistanda köp wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-terbiýeçilik edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagy, olaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, şol sanda Internet arkaly dünýä maglumatlar binýadynyň we elektron kitaphanalaryň elýeterliligi bilen baglydyr.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hereket edýändigini ýatlatmalydyrys. Şu ýylyň sentýabr aýynda bu sanawyň üsti döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda açylan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen ýetirildi. 2014-nji ýylda bu ýokary okuw mekdeplerinde bilimiň iki derejeli ulgamyna (bakalawriat we magistratura) geçirilip başlandy.
Mundan başga-da, Aşgabatda 3 müň orunlyk Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň we 500 orunlyk bilelikdäki Türkmen-türk mekdebiniň täze binalarynyň gurluşygy dowam edýär. 2014-nji ýylda diňe bir paýtagtymyzda we sebitleriň merkezlerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň alysdaky obalarynda hem ulanmaga berlen bilim ulgamynyň desgalarynyň sany ep-esli artdy. Şeýle hem A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň we beýleki köpsanly bilim edaralarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça welaýatlaryň ählisinde mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin sagaldyş we bilim-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan iri durmuş maksatly taslama amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okatmagyň 12 ýyllyk usulyna geçirilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýä derejesine çykarylmagynda möhüm ädim boldy. Şunuň bilen baglylykda, başlangyç bilim meseleleriniň ulgamyň ýolbaşçylarynyň hemişe üns merkezinde durýandygyny bellemelidiris. Halkara ölçeglerine ýakynlaşdyrylan hem-de milli mugallymçylyk mekdebi tarapyndan toplanan terbiýe bermegiň köpasyrlyk tejribesini göz öňünde tutýan esasy okuw meýilnamasyna laýyklykda, geçen ýyl orta okuw mekdepleriniň başlangyç synp mugallymlary üçin ýörite okuw – usulyýet okuwlary we maslahatlary geçirildi. Toplanan tejribäni nazara almak bilen, 2015-nji ýylda hem bu işler dowam etdiriler. Täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän baýramçylykda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň 1-nji synp okuwçylarynyň ählisi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgatlary—ýörite maksatnama bilen üpjün edilen netbuklary aldylar. Munuň özi dünýäniň iň gowy tejribesine laýyklykda, okuwlaryň kämilleşdirilmegine, maglumatlar tehnologiýalary eýýamy bilen sazlaşykly ösýän raýatlary terbiýelemäge ýardam edýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem mähriban Diýarymyzyň çäklerinden uzakda okaýan talyplaryň sany ýylsaýyn artýar. 2014-2015-nji okuw ýylynda 6 müň 861 adam Türkmenistanyň raýat ýokary okuw mekdepleriniň birinji ýyl talyplary boldy. Olaryň köpüsi abraýly milli we halkara bäsleşikleriniň hem-de synp olimpiadalarynyň ýeňijileridir. Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzlerçesi Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalaryna eýe boldy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty we bilim ulgamynyň ösüşiniň ýokary derejesi Türkmenistany daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin özüneçekiji ýurda öwürýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplary okatmak üçin daşary ýurt dillerini öwredýän mugallymlar beýleki döwletlerden çagyrylýar.
Täze ýylda orta hünär bilim ulgamyny ösdürmek işi dowam etdiriler. Şeýle hünär berýän täze okuw mekdepleriniň hatarynda Türkmenabadyň derýaçylyk orta hünär mekdebi, Türkmenbaşynyň deňizçilik orta hünär mekdebi, Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär mekdebi bar. Olar 2014-nji ýylyň sentýabryndan Türkmenistanda zerur bolan hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga girişdiler.
Ýurdumyzda halkara forumlarynyň geçirilmegi, şeýle hem mugallymlaryň we okuwçy ýaşlaryň iri halkara maslahatlaryna, bäsleşiklerine hem-de olimpiadalara gatnaşmagy netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Türkmen mekdep okuwçylary eýýäm abraýly paýhas bäsleşikleriniň ençemesinde baýrakly orunlarynyň köpsanlysyna mynasyp boldular. Şol bäsleşikleriň hatarynda Halkara Mendeleýew olimpiadasy, himiýa, fizika, matematika boýunça Bütindünýä olimpiadasy, Taslama olimpiadasy, tebigy, gumanitar we amaly ylymlar boýunça mekdep okuwçylarynyň halkara olimpiadasy we beýlekiler bar. Türkmen talyplarynyň halkara bäsleşiklerinde görkezýän ýokary netijeleri halkara derejesindäki ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň ýolunda gazanylan üstünlikleriň ykrarnamasydyr. Diňe geçen ýylyň dowamynda türkmen okuwçylarynyň halkara synp olimpiadalarynda 139 medala, şol sanda 23 altyn we 34 kümüş medala, halkara paýhas bäsleşiklerine we internet-olimpiadalara gatnaşan talyplarymyzyň bolsa 68 medala, şol sanda 18 altyn, 18 kümüş we 32 bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatlatmak ýeterlikdir.
Dünýäniň dürli sapaklary okatmagyň usullar ulgamyndaky gazananlaryny nazara almak bilen, alymlar we mugallymlar, tejribeli hünärmenler häzirki zaman okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny işläp taýýarlaýarlar. 2014-nji ýylda okuw önümleriniň 334 görnüşiniň taýýarlanylandygyny, ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta mekdepler, şeýle hem hünär mekdepleri üçin okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň 189 görnüşiniň neşir edilendigini bellemelidiris.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan giň möçberli bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly beýleki ugurlarda hem halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Okuw maslahatlary, okuw sapaklary we ýurdumyzyň hem-de dünýäniň ençeme döwletleriniň bilim edaralarynyň bilelikdäki işiniň beýleki usullary däbe öwrüldi. Türkmenistanyň bilim edaralarynyň köpüsi goňşy we alysdaky ýurtlaryň okuw mekdepleriniň onlarçasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.
Geçen ýyl Türkmenistanyň we Malaýziýanyň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek we ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň hökümetleriniň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk baglaşyldy. 2014-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň arasynda “Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk bilelikdäki hökümetara geňeşi hakyndaky” teswirnama gol çekildi.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Belarusuň döwlet tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň hem-de Belarusuň döwlet ulag uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Belarusuň döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklar baglaşyldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Belarusuň milli tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleriniň “Tempus”, “Erazmus Mundus” ýaly halkara bilim maksatnamalarynyň we beýlekileriň çäklerinde dürli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagy netijeli halkara gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Sergi işi hem bilim ulgamyna häzirki zaman tehnologiýalaryny we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga ýardam edýär. 2014-nji ýylda bu ugurda gazanylan üstünlikler 11-13-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilen “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara sergisinde we ylmy maslahatda giňden görkezildi.
Soňky ýyllarda hünärmenleri alyşmak, mugallymlaryň we talyplaryň daşary ýurtlara okuw saparlaryny guramak, dürli dersleri okatmagyň möhüm meseleleri boýunça okuw maslahatlaryny we geňeşmeleri geçirmek hem-de tejribe alyşmaga we milli bilim ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmaga ýardam edýän beýleki çäreleri guramak däbe öwrüldi. Geçen ýylyň dowamynda iş saparlarynda hem-de olimpiadalara gatnaşmak maksady bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleriniň 810-sy, şol sanda ulgamyň hünärmenleriniň 312-si, talyplaryň 302-si, mekdep okuwçylarynyň 196-sy dünýäniň 37 ýurdunda boldy. “Komatsu” ýapon kompaniýasynyň hünärmenleri Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary, şeýle hem Microsoft Corporationyň wekilleri Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary üçin okuw maslahatlaryny guradylar. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda geçen ýylyň ýazynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Belarus Respublikasynyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň bilim sergi-ýarmarkalary geçirildi.
Türkmen bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän orta mekdepleriň sanawy tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dil babatda taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şol mekdepleriň uçurymlary okuw döwründe daşary ýurt dilleriniň birnäçesini özleşdirýärler. Türkmenistanyň okuw mekdepleriniň kitaphanalary okuw kitaplary, sözlükler, gollanmalar, dilleri öwrenmek boýunça audio we wideo serişdeler bilen üpjün edilýär.
Dürli ulgamlaryň hünärmenleriniň daşary ýurt dillerini bilmegi Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady we gumanitar giňişligine çalt goşulyşmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli halkara forumlary, şeýle hem ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we okuw mekdepleriniň halkara guramalary, dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalary we bilim merkezleri bilen bilelikde guraýan çäreleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
2014-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gatnaşmagynda guralan halkara forumlaryň birbada ikisi—zehinli çagalaryň “Awaza—dostluk mekany” atly V halkara festiwaly we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwaly geçirildi. Şol çäreler dürli halklaryň çagalarynyň arasyndaky dostlugy we doganlygy pugtalandyrmaga, ýaş türkmenistanlylaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen köpugurly gatnaşyklaryny giňeltmäge, bilimli we beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň bilim edaralarynda hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen köpsanly çäreler barada hem ýatlap geçmelidiris.
Bilim ulgamynyň edaralarynyň işiniň bu wajyp ugurlary ýatlanylyp geçilen maslahatlarda we mugallymlaryň geňeşlerinde meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda öz beýanyny tapýar. Şol maslahatlara gatnaşyjylar netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň bilim ulgamyny ýokary halkara derejesine çykarmak baradaky wezipeleriň üstünlikli çözülmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder