22 Ocak 2015 Perşembe

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty.

Türkmen paýtagtynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty boldy. Şol maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze çemeleşmeler kesgitlenildi. 

“Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň önümçilik düzümleriniň, bank we ylmy edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. 

ABŞ-nyň wekiliýetiniň düzümine “Bell Heliopters”, “Flip Sistms”, “Case New Holland”, “John Deere”, “Zeppelin/Katerpiller”, “Jeneral Elektrik”, “Ford”, “Maýkrosoft”, “AýBiEm”, “Niklaus Dizaýn” ýaly belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary, bilermenleri we hünärmenleri, şeýle hem maliýe işgärleri we akademiki toparlaryň, ABŞ-nyň Halkara ösüşi boýunça agentliginiň wekilleri goşuldy. 

Forumyň açylyş dabarasynda şunuň ýaly işewürlik duşuşyklarynyň türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi hem-de bu duşuşyklaryň dürli pudaklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň, netijeli gatnaşyklary we maýa goýumlary boýunça işleri çaltlandyrmagyň netijeli usulyna öwrülendigi bellenildi. 

“Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart türkmen paýtagtynda şeýle forumlaryň geçirilmeginiň eýýäm däbe öwrülendigini kanagatlanma bilen belläp, bularyň hyzmatdaşlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de dürli ugurlar boýunça özara arkalaşykly hereket etmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam berýändigini aýtdy. 

Şu günki duşuşykda hyzmatdaşlygyň innowasion görnüşde ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Senagatdaky we oba hojalygyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça bölümlerde şu meselelere garaldy we anyklaşdyryldy. 

Birinji bölümde önümleriň hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, senagaty we önümçiligi ösdürmegiň häzirki şertlerini, alymlaryň we hünärmenleriň innowasion işläp taýýarlamalarynyň tejribä ornaşdyrylmagyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyz senagat tehnologiýlaryndan peýdalanýan birnäçe pudaklarynyň – hususan-da, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň, ýurdumyzyň Suw hojalyk ministrliginiň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Amerikaly işläp taýýarlaýjylaryň tarapyndan “Microsoft”, “Bell Heliopters”, “General Electric”, “Valmont Industries” kompaniýalarynyň hyzmatdaşlyk etmek boýunça gepleşik bilen baglylykda innowasion işjeňligiň höweslendirilmegine degişli tekliplerini taýýarlan menejerleri çykyş etdiler. Foruma gatnaşyjylar senagat toplumyna degişli geljekki innowasiýalar barada pikir alşyp, önümçilik ulgamlarynyň birnäçesinde tehnologik taýdan öňe gidişlik gazanmak boýunça geljegine uly umyt baglanýan başlangyçlara garadylar. 

Ikinji bölümde obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda döwrebap tehnologiýlary ulanmagyň ýagdaýy we geljekki mümkinçilikler, tejribe bilen bagly ylmy barlaglaryň netijeleri barada pikir alşyldy. Şunda myhmanlar Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamlaryny, hususan-da, maldarçylygy we weterinariýany ösdürmegiň maksatnamalary, serişdeleri netijeli tygşytlamagyň we oba hojalyk önümçiligini ýurdumyzyň telekeçiliginiň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagyň hasabyna ösdürmek boýunça jikme-jik düzülen synlar bilen tanyşdyryldy. 

“Case New Holland” we “CNFA” kompaniýalarynyň hünärmenleri şu ugur boýunça innowasion hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetli ugurlary baradaky garaýyşlary bilen tanyşdyrdylar. Iki ýurduň şu ugurlara degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň hem işewürlik maslahatyna gatnaşmagy hyzmatdaşlyga ylmy taýdan çemeleşilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Üçünji bölüm ykdysady ösüşde maliýe serişdeleriniň ornuna bagyşlandy. Türkmen tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda maýa ulgamynyň işiniň durmuşdan ugur alýan ykdysadyýetiň netijeli ösdürilmegine, önümçilige we hususy ulgama goldaw berilmegine, hojalygyň bazar ykdysadyýetine mahsus şertlerde ýöredilmegine, döwlet maksatnamalarynyň we özgertmeleriň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilendigini bellediler. Şunuň bilen birlikde, milli maliýe syýasaty häzirki döwürde ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ählumumy derejä ýetirilmegi bilen içgin baglydyr. 

Halkara maliýe korporasiýasynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylarynyň, “John Deere” we “Moneygram” kompaniýalarynyň maliýe direktorlarynyň, amerikaly beýleki wekilleriň çykyşlarynda bu barada durlup geçildi. Şonda diňe bir dörän ýagdaýlar barada däl-de, iş ýüzündäki meseleler, telekeçiligi guramak, maliýe ulgamy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça tejribe alyşmak hakynda gürrüň edildi. 

Duşuşygyň barşynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryna gatnaşygyny giňeltmegi hem-de dünýädäki halklaryň abadançylygyna gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara derejesinde giňden goldanylýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça giň gerimli döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagy maksat edinýädiklerini tassykladylar. 

Şeýle hem ABŞ-nyň işewürleri Türkmenistanyň nebitgaz, energetika, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maglumatlar tehnologiýalary, saglygy goraýyş, ylym we bilim, sport, maliýe işleri boýunça ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň barşynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň innowasion häsiýetine eýe bolmagyna ýardam berjek bilelikdäki ýokary tehnologik taslamalaryň amala aşyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berildi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2686

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder