1 Kasım 2016 Salı

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň Arasynda Gepleşikler Geçirildi

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. 

Bu sapar we onuň çäklerinde ýokary derejede geçirilen türkmen-russiýa duşuşygy iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, taraplaryň ikisiniň hem mundan beýläk-de umumy bähbitlere laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy üstünlikli gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, hyzmatdaşlygyň köptaraply kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga taýýardyklaryny görkezýärler. Şol hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýeti bolsa binýatlaýyn ikitaraplaýyn resminamalarda berkidildi. 

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Soçiniň Halkara howa menzilinde gondy. Mälim bolşy ýaly, Krasnodar ülkesinde, Gara deňziň kenarýakasynyň demirgazyk  gündogarynda ýerleşýän bu şäher Russiýanyň iri ykdysady, medeni we şypahana merkezleriniň, onuň möhüm ulag halkasynyň biri bolup durýar. Howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy. 

Soňra milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň “Boçarow Ruçeý” kabulhanasyna ugrady. Ol Soçi şäheriniň Merkezi etrabynyň adybir tokaý seýilgäh jülgesinde ýerleşýär. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady. Iki döwletiň baştutanlary dostlarça salamlaşyp, binanyň içine girýärler, şol ýerde Ojak zalynda ýokary derejede ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. 

Prezident Wladimir Putin Russiýa Federasiýasyna sapar bilen gelendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, rubl görkezijisinde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň artýandygyny nygtady. Munuň özi bolsa özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýeterlik derejededigini aňladýar. 2015-nji ýylda Türkmenistandan Russiýa importuň möçberi iki esse artdy, munuň özi bizi begendirmän bilmez diýip, Russiýanyň Lideri aýtdy we şunuň bilen birlikde üstünde işlemeli meseleleriň bardygyny we olaryň şu günki duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. 

Pursatdan peýdalanyp, Prezident Wladimir Putin türkmen Liderini Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy bilen mähirli gutlady hem-de geljek ýyl ýene-de bir ajaýyp senäniň  iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllyk senesiniň belleniljekdigini ýatlatdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna gelip görmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin russiýaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Türkmenistany we Russiýany öňden gelýän dostluk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Häzirki döwürde türkmen-russiýa gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde okgunly ösdürilýär. 

Parahatçylyk söýüjilik syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ýeke-täk döwletdir. Munuň özi BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisinde öz beýanyny tapdy diýip, milli Liderimiz belledi hem-de Russiýa Federasiýasynyň biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini goldamak bilen çäklenmän, eýsem bu möhüm resminamalaryň awtordaşy bolup çykyş edendigini aýtdy. Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin taraplaryň ikisi hem köp işleri amala aşyrýar, biz geljekde hem şu maksatlar bilen netijeli ädimleri äderis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz dünýä ykdysadyýetinde çökgünli ýagdaýa garamazdan, söwda-ykdysady ulgamda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň oňyn görkezijilere eýedigini belledi. Şunda Hökümetara toparynyň işine möhüm orun degişlidir. Milli Liderimiz Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda geçirilen IV sammitiniň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti bilen duşuşygynyň barşynda Russiýa tarapynyň goldawyna mynasyp bolan logistiki merkezi döretmek baradaky pikiriň beýan edilendigine ünsi çekdi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça özara gatnaşyklar meselelerine uly ähmiýet berýändigini aýdyp, Prezident Wladimir Putini Türkmenistana gelmäge hem-de şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz Hazar sebitinde giň gerime eýe bolýan ulag düzüminiň bardygy barada aýdyp, Russiýa Federasiýasynyň bu wekilçilikli foruma gatnaşmagynyň diňe bir Orta Aziýada däl, eýsem yklym möçberinde hem ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi. 

Milli Liderimiz köp ugurlary  ylym, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlaryny öz içine alýan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, Aşgabatdaky beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň adyny göterýän Türkmen-rus umumy bilim berýän mekdebi muňa aýdyň mysal hökmünde görkezdi. Russiýada bilim almaga isleg bildirýän ýaş türkmenistanlylaryň sany durnukly artýar. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň talyplarynyň 17 müňe golaýy bilim alýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanda orta okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary rus dilini öwrenýär we oňa uly gyzyklanma bildirýär.

Ylmy-barlag ulgamynda, hususan-da, agrar ylym ulgamynda we oba hojalyk ekinleriniň bol hasylly görnüşleriniň seçgiçilik ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi anyk netijeler berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we häzirki wagtda Türkmenistanyň azyk önümlerine bolan içerki isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem azyk önümlerini, hususan-da, gallany daşary ýurtlara hem iberýändigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek, onuň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak baradaky gürrüňi dowam edip, geljek ýyl Aşgabatda ylmy-tehnologik forumy geçirmek baradaky teklibi beýan etdi. 

Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň iri sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini aýtdy. Dürli çäreleriň, hususan-da, bilelikdäki işewürlik forumlarynyň hem-de özara medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi hem muňa ýardam edýär. Mysal üçin, geçen aýda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet günleri geçirildi. Ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýän Tatarystan bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen  russiýa hyzmatdaşlygynyň oňyn mysallarynyň köpdügini, gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we dowam etmegiň, toplanan baý tejribäni geljekki nesillere geçirmegiň wajypdygyny belläp, Prezident Wladimir Putine iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge saldamly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de berk jan saglyk we onuň jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Russiýanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Şunda milli Liderimiz Russiýa Federasiýasy-- beýik Russiýa hemişe Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşy bolupdy we şeýle bolmagynda galýar, biz muňa uly sarpa goýýarys diýip belledi. 

Prezident Wladimir Putin türkmen kärdeşine hoşniýetli sözler we Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy, şeýle hem hyzmatdaşlyk boýunça duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan teklipler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu teklipleriň üstünde hökmany suratda işleniljekdigini belläp, şol pikirleriň durmuşa geçirilmeginiň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi. Şol teklipler ozal degişli Ylalaşykda berkidildi. Biz ähli ylalaşyklary doly derejede ýerine ýetirýäris, olar şu resminamada öz beýanyny tapdy diýip, Russiýanyň Lideri aýtdy we hormatly Prezidentimiziň hyzmatdaşlygyň ugurlary barada beýan edenleriniň wajypdygyny nygtady. 

Russiýanyň Baştutany dürli ulgamlarda, şol sanda parlamentleriň, doganlaşan şäherleriň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini aýdyp, munuň döwletara gatnaşyklaryna saldamly goşant boljakdygyny belledi. Şol gatnaşyklar mundan beýläk hem işjeň ösdüriler, russiýa tarapy oňa uly sarpa goýýar. Şonuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga hemişe uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Liderleri döwletara syýasy gatnaşyklaryň ýokary derejä hem-de oňyn häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, onuň esasy ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şol gatnaşyklarda tagallalary birleşdirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi. 

Netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýe bolan söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyna, Türkmen Russiýa we Russiýa  Türkmen işewürler geňeşlerine, şeýle hem dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklara, ykdysady we işewürler forumlaryna, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýän beýleki çärelere möhüm orun degişlidir. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryň hem-de amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalaryň dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň täze möhüm usullaryny işläp taýýarlamak üçin oňat mümkinçilikleri açýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz innowasion ösüş we senagatlaşdyrmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna sazlaşykly goşulyşmak ýoluny seçip almak bilen, netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu ýygdaý hem-de Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, şol sanda Russiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşmagyny şertlendirýär.

Taraplaryň umumy pikirine görä, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, esasy senagat, ylym-bilim we medeni merkezleriniň arasynda ýola goýlan ysnyşykly gatnaşyklar türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Olaryň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bar. 

Ulag ulgamynda hem üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, özüniň amatly ýerleşýändigini we geosyýasy ýagdaýyny nazara almak bilen, biziň ýurdumyz bu ugurda sebit we sebitara ähmiýetli utgaşykly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar hem-de yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamdaky halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden ýörite kararnamalarynyň ikisi hem-de noýabr aýynyň ahyrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçiriljekdigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Döwletleriň ikisi üçin hem strategiki ulgam bolan ýangyç-energetika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk netijeli gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Biziň ýurtlarymyzyň ikisi hem ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan dünýä derejesindäki energetika döwleti bolup durýar. 

Türkmenistan ýangyç çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürilmegini, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, bäsdeşlige ukyply hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly nebit we gaz önümçilikleriniň döredilmegini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, bu ulgama innowasion işläp taýýarlamalary we öňdebaryjy gazananlary ornaşdyrmaga hem-de ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berýär. Şunda ekologiýa meselesi, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak ýurdumzyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Bularyň ählisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, Russiýa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýa howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny döretmek, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek baradaky başlangyjyny ilkinjileriň biri bolup goldady. Şol başlangyç bolsa BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen degişli kararnamalarynda öz beýanyny tapdy. Ýurdumyz bu ugurda anyk ädimleri ädip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen deňhukukly netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýar. 

Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy baradaky gürrüňi dowam edip, döwletara ynsanperwer gatnaşyklaryň, şol sanda bilim, ylym we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek bellemelidiris. 

Ýokarda bellenilişi ýaly, Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky Türkmen rus orta umumy bilim berýän mekdebi hem-de ýokary bilim ulgamy boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary muňa mysal görkezmek bolar. Indi birnäçe ýyllaryň dowamynda köpsanly türkmen talyplary Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. 

Türkmenistanda we Russiýa Federasiýasynda yzygiderli guralýan medeni çäreler döredijilik festiwallary, forumlar, sergiler, Kino günleri, sungat ussatlarynyň konsertleri, sirk artistleriniň çykyşlary we beýleki çäreler özboluşly dostluk hem-de özara düşünişmek köprüleri bolup durýar. Özara esasda geçirilýän Medeniýet günleri hem bu babatda däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň awgust aýynda Russiýa Federasiýasynda  Moskwa we Wladimir şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Bu çäre türkmen-russiýa gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge saldamly goşant boldy.

Sport ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda hem-de Russiýada sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ulgamda, hususan-da, sportuň hokkeý ýaly görnüşinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly tejribesi toplanyldy. Soňky ýyllarda sportuň bu meşhur gyşky görnüşi, şeýle hem figuralaýyn typmak görnüşi türkmen ýaşlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Ýurdumyzda degişli häzirki zaman düzümiň döredilmegi muňa ýardam etdi. 

Ýeri gelende aýtsak, russiýaly meşhur figuraçylar Irina Rodnina we Ýelena Çaýkowskaýa Türkmenistana ençeme gezek gelip gördüler. Olimpiýa çempionlary, köp gezek dünýä we Ýewropa çempionlary bolan ajaýyp türgenler we tälimçiler ýaş türkmen figuraçylarynyň üstünligini bellediler. Ýurdumyzda olar üçin figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak hem-de bu ugurda ussatlygyny kämilleşdirmek babatda ajaýyp mümkinçilikler açyldy. 

Şeýlelikde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlyk üçin oňaýly mümkinçilikler bar. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, häzirki wagtda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler döreýär. Şeýle derejedäki sport ýaryşlary ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriler we şoňa görä-de, Türkmenistan şeýle forumlary guramakda dünýäniň, şol sanda Russiýanyň iň gowy tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär. 

Şunuň bilen baglylykda, 2014-nji ýylda Soçi şäherinde XXII Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Onuň açylyş dabarasyna Halkara Olimpiýa Komitetiniň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Şunuň bilen birlikde, syýahatçylyk ulgamynda hem türkmen-russiýa gatnaşyklary we tejribe alyşmak üçin oňat mümkinçilikler bar. Köp ýagdaýlar, şol sanda Türkmenistana, onuň tebigy baýlyklaryna hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerine we Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda döredilýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna gyzyklanmanyň artmagy syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin oňaýly şertleri döredýär. Awazada ýylyň bütin dowamynda göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler bar. Bu ýerde hyzmatlaryň ýokary derejesi kepillendirilendir. Diňe bir türkmenistanlylar däl, eýsem daşary ýurtly myhmanlar hem munuň şeýledigini belleýärler we hyzmatlaryň guralyşyna ýokary baha berýärler. Bu halkara derejeli deňiz şypahanasynyň döredilmegi möhüm ykdysady we durmuş ähmiýetli taslamalaryň biri bolup durýar. Şol taslamany durmuşa geçirmäge meşhur daşary ýurt kompaniýalary hem işjeň gatnaşýarlar. 

Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy häzirki döwrüň wajyp meseleleri hem-de wehimleri babatda garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini görkezip, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýärler. Russiýa tarapy sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy üpjün etmek işinde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini hem-de Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli forumlaryň belent münberinden beýan eden döredijilikli başlangyçlaryny hemişe goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň gatnaşyk edýändigini bellemek gerek. Biziň ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýar. 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin geçirilen gepleşikleriň jemini jemläp, şu günki duşuşygyň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň strategiki we doly möçberli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan hem-de anyk netijelere gönükdirilen, däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlary birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. 

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Soçi şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. 

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi adamlar garşyladylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder