5 Kasım 2016 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2016-njy ýylyň on aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri hem-de 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada hasabat berdi. 

Ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ähli pudaklarda oňyn netijeler gazanylýar. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda – 1,3 göterim, gurluşykda – 4,5 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda - 10,3 göterim, söwdada – 14 göterim, oba hojalygynda – 11,3 göterim we hyzmatlar ulgamynda – 9,7 göterim ýokarlandy. 

Şu ýylyň on aýynda 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 3,4 göterim artdy. 

2016-njy ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 16,9 göterim artdy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenen çäklerde saklanyldy. 

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,4 göterim ýokarlandy. 

Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, şu ýylyň on aýynyň jemleri boýunça onuň girdeji böleginiň 11,5 milliard manada we çykdajy böleginiň 13,5 milliard manada deň bolandygyny belledi. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirilýär. 

Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berildi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 44,5 milliard manada deň boldy we 2015-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 4,6 göterim artdy. 

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynyň deslapky jemleri boýunça rejelenen görnüşindäki Oba maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň 45-siniň, 3142,8 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň, 909,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Şunuň bilen birlikde, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 25-siniň, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 65-siniň, 769,3 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar. 

Ykdysadyýetimizi senagat taýdan ösdürmek maksady bilen kabul edilen welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 208-siniň gurluşygy tamamlandy. Şeýlelikde, gurluşygy tamamlanyp, döwrebap önümçilikleriň işe girizilmegi bilen içerki bazarda haryt bolçulygy üpjün edildi hem-de 18 müň 294 birlik täze iş orunlary döredildi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 15-nji maýyndaky Kararyna laýyklykda hem-de döwlet Baştutanymyzyň 14-nji sentýabrda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda aýdan maslahatlary nazara alnyp işlenip taýýarlanylan 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada habar berdi. 

Soňra Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça yzygiderli geçirilýän işler barada hasabar berildi. “Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde halkara standartlaryna laýyklykda banklaryň maliýe hasabatlylygyny geçirmäge, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, bank edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak, işewürligi ösdürmek we geljegi uly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin çäreleriň görülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda Merkezi bankyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Gylyjowa söz berildi. Ol milli Liderimiziň ýerden peýdalanmagyň kärende tölegleri meseleleri boýunça geçirilen işleriň seljermesi babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzyň senagat we sport ulgamynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda düzetmek boýunça degişli ýolbaşçylara görkezme berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän toplumlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebit we gaz kondensatyny, tebigy hem-de ugurdaş gazy almak babatda, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde gazanylan görkezijiler, awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, beýleki nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň önümçiliginiň, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara eksport edilişiniň hem-de guýularyň burawlanyşynyň görkezijileri barada habar aýdyldy. Nebitgaz toplumynyň kärhanalary tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnamanyň 132,5 göterim berjaý edilendigi bellenildi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýewiň ýangyç-energetika toplumynda geçirilen seljerme işleriniň netijeleri hem-de Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işlerde ýol berlen käbir kemçilikleriň ýüze çykarylandygy baradaky hasabaty diňlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ý.Kakaýewiň hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň ägirt uly kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmegiň wezipelerine çekdi. Şol wezipeleriň çözülmegi sebitleri toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy T.Begjanowa hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B. Alymowa berk käýinç yglan etdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminamalara gol çekip, ýolbaşçylara ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölegindäki işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksadynda zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda 2016-njy ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça bu döwürde öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi boýunça meýilnama 112,1 göterime deň bolup, şunda önümçiligiň depgini 1,8 göterim ýokarlandy. 

Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi 107,7 göterime deň bolup, umumy ösüş depgini 0,6 göterime deň boldy. Hasabat döwründe dokma önümleri ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 164 million 800 müň manatdan ybarat bolup, netijede 52 million 400 müň manatlyk peýda gazanyldy. 

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 4,3 göterime deň boldy. 

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça garalýan döwür üçin meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 110,6 göterime deň bolup, ösüş depgini 15,5 göterim derejesinde üpjün edildi. 

Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary önümçilik meýilnamasyny 113,6 göterim ýerine ýetirip, ösüş depginini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 29,1 göterim möçberinde artdyrdylar. 

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmegiň ýokary depginlerini üpjün etmegiň ileri tutulýan wezipedigini, çünki bellenilen meýilnamalaryň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň şoňa baglydygyny belledi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümçiligi döretmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän ýokary hilli önümleriň möçberini artdyrmak maksadynda kabul edilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmak boýunça çäreleri işjeňleşdirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz senagat kärhanalaryny döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlara ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz öňde goýlan wezipeleri berjaý etmek üçin toplumyň pudak düzümleriniň işine täze itergi bermegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere hem-de senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. 

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlar 110,8 göterime deň bolup, şunda ösüş depgini 102,3 göterime barabar boldy. 

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça meýilnama 117 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji ýük daşamak babatda 100 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101,1 göterime deň boldy. 

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlar 128 göterim üpjün edilip, ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 102 we 101,2 göterim ösüş gazanyldy. 

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça meýilnama 110,7 göterim ýerine ýetirildi. Aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda 412 müň telefon nokady, şol sanda 365 müň öýjükli we 47 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 191 göterim ýerine ýetirildi. 

Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde 64 sany ilatly ýerlerde 75 müň 600 telefon belgilik beketler gurnaldy we 2 müň 822 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. 

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen awiahyzmatlar 114 göterime deň boldy. Ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 102,5 göterim we 102,7 göterim ösüş gazanyldy. 

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň kärhanalary tarapyndan ýanwar-oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 100,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda 100,1 göterime barabar boldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň üstünlikli ösmeginiň aýrylmaz we möhüm şerti bolan köp ugurly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulag düzümini döretmegiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda demir ýollary gurmak hem-de howa we deňiz flotynyň işini kämilleşdirmek boýunça giň gerimli taslamalaryň başynyň başlanandygyny we yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belläp, wise-premýere hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ýolbaşçylaryna düzüme degişli desgalary öz wagtynda we ýokary hilli ulanmaga bermek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän pudaklarynyň işleriniň netijeleri hem-de paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Bu garalýan döwürde Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 106 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 116,6 göterime deň boldy. 

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 119,3 göterim berjaý edilip, 2015-nji ýylyň on aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,4 göterime deň boldy. 

Energetika ministrliginiň düzümleýin bölümleri tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 907 million 347,5 müň manada deň boldy. Şeýlelikde, meýilnama 122,7 göterim berjaý edildi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa ösüş depgini 111,8 göterime barabar boldy. Elektroenergiýanyň öndürilişiniň ösüş depgini 105,7 göterime, eksport edilişiniň ösüş depgini bolsa 117,2 göterime barabar boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu ýylyň on aýynda öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň umumy möçberi 110,6 göterim bolup, ösüş depgini 108,5 göterim derejesinde hasaba alyndy. 

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni önüm öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 101,3 göterim berjaý etdi. Geçen ýylyň on aýy bilen deňeşdirilende ösüş depgini 102,7 göterim derejesinde üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyza şeýle hem milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada, ilkinji nobatda, häzir awtomobil ýollaryny gurmak we olaryň durkuny täzelemek, inženerçilik-tehniki aragatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak, Aşgabady abadanlaşdyrmagyň barşy barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ş.Durdylyýewe gözegçilik edýän düzümlerini ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine hem-de olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmäge degişli anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň, aýratyn-da, Aşgabadyň keşbini özgerden iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara özüniň paýtagt diýen ýokary derejesine doly laýyk gelmeli ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän pudaklary bolan söwda toplumynyň şu ýylyň geçen on aýynda alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary ministrligi boýunça ýanwar-oktýabr aýlarynda umumy haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende 5,9 göterim artdy. Peýdanyň artyşy 4,1 göterime barabar boldy. Ministrligiň kärhanalary tarapyndan özleşdirilen maýa goýumlarynyň umumy möçberi 141,6 million manada deň boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaryň 202-si geçirilip, şertnamalaryň 12 müň 876-sy hasaba alyndy. Eksport we import şertnamalarynyň bahasy 11 milliard 168 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 4 milliard 462 million manatdan gowraga barabar boldy. 10 aýda 41 million 360,2 müň manat maýa goýumlary özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň şol döwründäki görkezijisinden 66,1 göterim ýokarydyr. 

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş depgini 110,5 göterime barabar boldy. Bu döwürde sergileriň 21-si we maslahatlaryň 22-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 533,7 million manatlyk senagat harytlary, 862,5 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, ösüş depgini degişlilikde 42,5 göterim we 46,3 göterim artdy. 

Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi geçen ýylky görkezijiden 3 göterim ýokarlandy. Söwda haryt dolanyşygynyň möçberi boýunça ösüş depgini 103,6 göterime, hyzmatlar ulgamynda ösüş depgini 5,1 göterime barabar boldy. 

Şeýle-de, wise-premýer ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde taýýarlanylan 2017-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň meýilnamasy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda tutýan möhüm orny nazara alnyp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşlerini hemişe giňeltmegiň, onuň hilini we bäsleşige ukyplylygyny artdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň tekjelerini ilatyň islegden peýdalanýan zerur bolan harytlarynyň ählisi bilen doldurmagy tabşyrdy. 

Şeýle hem gazanylan üstünlikleri görkezmek, iň oňat dünýä tejribesini we döwrebap tehnologiýalary çekmek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän sergileri we maslahatlary yzygiderli geçirmek arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür aragatnaşyklary has-da işjeň ösdürmegiň zerurdygy bellenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, degişli karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna bu ugurda işleriň gerimini giňeltmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa şu ýylyň on aýynda gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde milli medeni mirasymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy mundan beýläk-de çuňňur öwrenmäge, olary nesilden-nesle geçirmäge gönükdirilen ylmy maslahatlaryň, festiwallaryň, döredijilik duşuşyklaryň we sergileriň geçirilendigi bellenildi.

Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmagynda 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli işlenip taýýarlanan meýilnama laýyklykda birnäçe çäreler geçirildi.

Hasabatda şeýle hem halkara ähmiýetli wakalaryň birnäçesi agzalyp geçildi. 

Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Oktýabrda däp boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.

Wise-premýer teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam edýändigini habar berdi. Dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi kämilleşdirilýär. Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy meýilnamany 138,7 göterim ýerine ýetirdi, kitap önümleriniň 282 görnüşi çap edildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýaýlyma berilýän radio we telegepleşikleriň ýokary hilini üpjün etmek boýunça çäreler görülýär. 

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işlerinden alnan umumy girdeji ýylyň başyndan bäri 36 million 920 müň manada deň boldy. 

Soňra wise-premýer noýabr aýynda geçiriljek çäreler we medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň açylmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ajaýyp wakalar mynasybetli meýilleşdirilen ýakyndaky baýramçylyk dabaralaryny we çärelerini degişli ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak hem-de geçirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz häzirden Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guramak boýunça taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belledi. Bu baýramçylyklary paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda örän ýokary derejede oňat guramaly we geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklarynyň 10 aýda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze taryhy döwürde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda milli bilim we ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini has-da kämilleşdirmek we ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär. 

Şunuň bilen baglylykda, nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe ýurdumyzda 9 müň 540 okuwçy orunlyk orta mekdepler, 2 müň 970 orunlyk çagalar baglary, 3 müň talyp üçin niýetlenen täze ýokary okuw mekdebi –Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, şeýle hem 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi bina edildi. 

Ýanwar-oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary we talyplary – ders we taslama bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, degişlilikde 77 we 24 sany medallara mynasyp boldular. Şeýle hem zehinli ýaşlarymyz halkara Internet bäsleşiklerine gatnaşyp, 344 sany baýrakly orunlary eýelediler (orta mekdepleriň okuwçylary – 184,ýokary okuw mekdepleriň talyplary - 145, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary – 15), şeýle hem dürli derejedäki diplomlara mynasyp boldular. 

Hasabat döwründe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 300-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olardan 172-si neşir edildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýörite gepleşik we sport sözlükleri taýýarlanyldy. Şeýle hem “Aziada – 2017. Sportuň görnüşleri” atly kitap neşir edildi. 

Wise-premýer saglygy goraýyş ulgamynda işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberiniň 102 göterime, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan – 112 göterime, derman önümçiliginde 107 göterime deň bolandygyny habar berdi. 

Ýurdumyzda şu ýylyň 10 aýynda içerki ýaryşlaryň 156-sy we köpçülikleýin sport çäreleriniň 83-si geçirildi. Türgenlerimiz 119 sany halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, 547 medal (191 altyn, 172 kümüş we 184 bürünç) gazandylar, bu bolsa geçen ýylyň şu döwrüne garanyňda 228 medal köpdür. Şu ýylyň 27-30-njy oktýabry aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny şäherinde geçirilen Göreş boýunça III Dünýä çempionatynda we Guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary uly üstünliklere eýe boldular. 

Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri – BMG-niň Çagalar gaznasy we BMG-niň ilat gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim we ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belläp, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary, iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmagy ugur edinýän bu ugurlary has-da kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn we maksada gönükdirilen işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi. 

Şol döwürde milli parlamentiň bäş maslahaty geçirilip, olaryň barşynda 73 kanun we Türkmenistanyň Mejlisiniň 81 sany karary kabul edildi, halkara şertnamalarynyň birnäçesi tassyklanyldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär. 

Halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek maksadynda Mejlisiň deputatlary halkara çärelerine gatnaşdylar, kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara iş saparlaryna iberildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzümleri bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär. Deputatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň, ýurdumyzyň ählumumy halkara başlangyçlarynyň, şeýle hem amala aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri geçirýärler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taýýarlanmagyna ünsi çekip, ony düýpli işlemegiň we deputatlaryň kabul etmeginiň möhümdigini belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgininiň 103,8 göterime barabar bolandygyny aýtdy. 

Şunda Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 105,8 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri barada döwlet komiteti boýunça 114,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterime barabar boldy. 

Oba hojalyk toplumynyň edaralary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 139,8 göterim berjaý edildi. 

Wise-premýer möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berip, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şol sanda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi. Şunuň bilen birlikde, gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy dowam edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy wezipesi, ozalkysy ýaly, diňe bir içerki bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek we bu önümleriň daşary döwletlere iberilmegini hem ýola goýmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň geçen on aýynda DIM-niň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýändigini nygtady. Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň Pakistan Yslam Respublikasyna, Saud Arabystany Patyşalygyna, Belarus Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Germaniýa Federatiw Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna bolan resmi we iş saparlarynyň netijeleri munuň aýdyň subutnamalarydyr.

Ýanwar-oktýabr aýlarynda DIM-niň üsti bilen dürli derejeli daşary ýurt wekiliýetleriniň 370-si Türkmenistanda boldy. Şol bir wagtda-da daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 822-si ugradyldy. Agzalan döwürde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleriň 159-sy, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar, okuw maslahatlary we beýlekiler geçirildi. 

Dürli derejelerde yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara hereketleriň depginli ýagdaýyna şaýatlyk edýär. Ýylyň başyndan bäri Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň 26-sy, şeýle hem hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 14-si we bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň 12-si geçirildi. 

Hasabatynyň çäklerinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň 7-8-nji noýabrda Malaýziýa boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berdi. Mälim bolşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Bu geçen ýyllaryň ählisinde türkmen-malaýziýa gepleşikleri onuň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösdürilýär. Döwletara, hökümetara hem-de pudagara derejelerinde gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 16-sy häzirki günde hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny emele getirýär.

2007-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýokary derejedäki dört sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy. Söwda-ykdysady ulgamynda, energetika pudagynda, ulag, senagat we beýleki pudaklarda özara bähbitli türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Däp bolan ynsanperwer gatnaşyklary bolan bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. 

Şunuň bilen baglylykda, Malaýziýa boljak resmi saparyň taýýarlanan maksatnamasynyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyna yzygiderli ygrarlydygyny hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine sebitdäki we dünýädäki oňyn ýagdaýlara mundan beýläk-de iş ýüzünde goldaw bermäge meýillidigini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz türkmen-malaýziýa gatnaşyklary baradaky meseläniň üstünde durup geçip, ýokary derejede geçiriljek ikitaraplaýyn gepleşikleriň wajypdygyny nygtady. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça uzakmöhletli geljege niýetlenen döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergi bermäge, iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara hereket etmegiň bar bolan uly kuwwatyny peýdalanmaga täze çemeleşmeleri we täsirli usullary kemala getirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli aragatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de dürli ugurlar boýunça malaýziýaly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Malaýziýa boljak resmi sapara taýýarlyk görmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, şeýle hem 26-27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahatyna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hasabat berdi. Garaşylyşy ýaly, bu iri foruma döwletleriň, hökümetleriň we parlamentleriň Baştutanlary, degişli ugurlaryň ministrlikleriniň, abraýly halkara düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşar. 

Mälim bolşy ýaly, forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen degişli Guramaçylyk Komiteti döredildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň degişli ugurlarynyň düzümleriniň birnäçesi bilen yzygiderli esasda özara hereketler amala aşyrylýar. BMG-niň wekiliýetleriniň Aşgabada bolan saparlarynyň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň barşynda, şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň işine gatnaşan mahaly, maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşmagyň meselesine öwrüldi. Häzirki wagtda ählumumy maslahata taýýarlyk görlüşi jemleýji tapgyrda barýar, degişli meseleleriň ählisi düýpli işlenilýär.

Soňra Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Owganystanyň çäklerinden geçip, täze polat ýoly Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň okgunly ösýän döwletlerine ýol açar. Şeýlelikde, bu geçelge Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän halkara ulag aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler. Munuň özi, şeýle hem Türkmenistan bilen Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň arasyndaky, şol sanda Pars aýlagy döwletleri bilen geoykdysady aragatnaşyklary işjeň ösdürmäge hyzmat eder. 

Täze transmilli polat ýoluň ulanmaga berilmegi her ýylda dürli ýükleriň millionlarça tonnasyny ibermäge mümkinçilik döreder. Halkara ulag ýollarynyň halkasy bolmak bilen, bu demir ýol geçelgesi sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder, şeýle hem goňşy Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge kuwwatly itergi berer. 

Mälim bolşy ýaly, 7-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz bu meselä bagyşlanan maslahaty geçirip, onda degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri goýdy we anyk tabşyryklary berdi. Degişli guramaçylyk komiteti döredildi, şeýle hem Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň açylyş dabarasynyň maksatnamasynyň deslapky taslamasy işlenip taýýarlanyldy, ol hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. 

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, öňde boljak iri, halkara ähmiýetli çärelere – Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata, täze transmilli demir ýoluň birinji nobatdakysyny ulanmaga bermäge, şeýle hem Türkmenistanyň milli baýramçylygyna—Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahata ykjam taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň strategik ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, möhüm üstaşyr-ulag we logistik merkez hökmünde ynamly berkarar bolýar. Parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli syýasaty ýöretmek bilen, giň gerimli düzüm taslamalaryň başyny başlamak we amala aşyrmak bilen, Bitarap Türkmenistan özara bähbitli ykdysady döwletara we sebitara gatnaşyklaryny berkitmäge uly goşant goşýar. Sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýan köp ugurly ulag ýollarynyň geljeginiň uludygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ady agzalan çärelere taýýarlygyň we olary geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara ýüzlenip, Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli dabaralara öňünden taýýarlyk görüp başlamak babatda tabşyryklary berdi. 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýurdumyzda bellenilýän Döwlet gümrük gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli gullugyň işgärleriniň adyna gutlag sözlerini aýtdy we olara gümrük serhediniň, milli bähbitleri hem-de eziz Watanymyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramak, ýurdumyzyň daşary söwda aragatnaşyklaryny we ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek boýunça alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder