28 Kasım 2014 Cuma

Türkmenistanyň we Russiýanyň sebit hyzmatdaşlygyna täze itergi berilýär.

“Mizan” täjirçilik merkeziniň maslahatlar zalynda Sankt-Peterburgyň Türkmenistandaky günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasy hem-de ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň “demirgazyk paýtagtynyň” arasynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlanan işewürler forumy boldy. 

Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň hökümetleriniň arasynda baglaşylan ykdysady, ylmy we medeni hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy we Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde geçirilýän çärä gatnaşmak üçin ýörite wekiliýet paýtagtymyza geldi. Onuň düzümine döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň we ylmy merkezleriň birnäçesiniň wekilleri, şeýle hem meşhur medeniýet işgärleri girdiler. 

Işewürlik duşuşygyna gatnaşýanlaryň arasynda ýurdumyz bilen köpden bäri gatnaşyk edýän ygtybarly hyzmatdaşlar – “Baltiýskaýa russkaýa energetiçeskaýa kompaniýa” we “Wozroždeniýe” holdingleri bar. Olar indi köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň senagat, gurluşyk, ulag, energetika ýaly möhüm pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Wekilleriň arasynda şeýle hem “Nowgorodstroýproýekt”, “Petrosoft”, “Rosinžiniringproýekt” , “Plastpolimer” kompaniýalary, “Gazprommaş” zawody, “Institut InžGazProýekt” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bar. Olaryň ählisi işewür gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler. 

Türkmen tarapyndan duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Senagat ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan köpugurly hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýe bolup, üstünlikli ösdürilýär we özara bähbitlere hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat hem-de medeni merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy we ykdysady forumlar, pudaklaýyn sergiler, şeýle hem medeni çäreler, dürli derejelerdäki wekiliýetleriň alşylmagy muňa ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň, şol sanda ýokary tehnologiýaly maşyngurluşyk önümlerini ibermegiň hasabyna haryt dolanyşygynyň artmagy, iri rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi gatnaşyklaryň ösýändigine şaýatlyk edýär. 

Söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda ýylsaýyn giňelýän we çuňlaşýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi Russiýa Federasiýasynyň iň iri senagat, medeni-ylmy we innowasion merkezleriniň biri bolan Sankt – Peterburg bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. 

Sankt-Peterburgyň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan “Wozroždeniýe” köpugurly holding kärhanasy ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesini görkezýär. Bu kärhana ýol-ulag gurluşygynda we beýleki birnäçe ugurlarda işleýär. Mälim bolşy ýaly, “Wozroždeniýe” türkmen paýtagtynyň ýol düzüminiň desgalaryny, şol sanda awtomobil ýol aýrytlaryny, köprüleri gurmak boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde baş potratçy bolup çykyş edýär. “Baltiýskaýa russkaýa energetikçesikaýa kompaniýa” şereketi hem işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň biri bolup durýar. Bu kompaniýa ýurdumyzda energiýa üpjünçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu babatda täze desgalary gurmak ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasyny amala aşyrdy. 

Işewürler maslahatynyň öňýanynda geçirilen Sankt-Peterburgyň günleriniň açylyş dabarasynda çykyş eden şäheriň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary S.Markow russiýaly hyzmatdaşlaryň hususan-da, peterburgly kompaniýalaryň we firmalaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge ymtylýandygyny belledi. Myhman häzirki işewürler maslahatynyň geljek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak babatda ajaýyp şertleri döretjekdigine ynam bildirdi. Onuň baş maksady özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar. 

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Sankt-Peterburg şäheriniň ykdysadyýetleriniň ýagdaýy hakynda filmler görkezildi. Olar özara bähbitlere gabat gelýän häzirki ýagdaýlary we täze mümkinçilikleri nazara almak bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlykda açylýan mümkinçilikler hakynda gürrüň berdi. 

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan sazlaşykly ösýän ykdysadyýete eýe bolmak bilen, daşary ýurt maýalary üçin özüne çekiji ýurt bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurtda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda çykaryjak oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ol döwrebap senagat düzüminiň, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini göz öňüne tutýar. 

Energetika, gurluşyk, nebit we gaz himiýa senagaty, jemagat hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Sankt-Peterburgyň wekiliýetiniň agzalary dürli senagat we jemgyýetçilik desgalary, şol sanda durmuş ulgamyna we şäher düzümine degişli kärhanalar gurlanda taslamak we konsalting hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdiler. 

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, täze enjamlary, ulag serişdeleriniň dürli görnüşleri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek, şeýle hem demirýol pudagynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak üçin buýurmalary ýerine ýetirmek babatda hyzmatlar boýunça teklipler beýan edildi. 

Ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda kärhanalaryň, ylmy-barlag we okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, pudagara derejesinde peýdaly gatnaşyklary giňeltmek üçin şertleriň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. 

Umumy mejlis tamamlanandan soň iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleriniň we işewürleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Forumyň netijelerini jemlemek bilen oňa gatnaşanlar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belläp, geljekde netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi binýady döretmäge umumy çemeleşmeleri işläp düzmek maksadynda şunuň ýaly duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýall, işewürler maslahaty—bu ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ileri tutulýan täze ugurlary kesgitlän möhüm ädim boldy. Ol Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň işjeňligini ähli ugurlar boýunça giňeltmäge gönükdirilendir. 

Myhmanlaryň türkmen paýtagtynda bolmagynyň iki günlük maksatnamasynda degişli ministrliklerde we degişli edaralarda işewür duşuşyklaryny geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezine baryp görmek göz öňünde tutuldy. 

Paýtagtymyzyň iň gowy meýdançalarynda belli artistleriň gatnaşmagynda konsertleri öz içine alýan medeni maksatnama Sankt-Peterburgyň Türkmenistandaky günleriniň esasyny düzer. 

Peterburgyň “MA.GR.IG.AL” toparynyň hem-de Russiýanyň at gazanan artistleri S.Sidorenkonyň we A.Diçkowskiniň gatnaşmagynda guralan gala-konsert Russiýanyň ýerine ýetirijilik sungatynyň hakyky muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu konsert Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýaýbaňlanyp, ol Sankt-Peterburgyň biziň ýurdumyzdaky Günleriniň birinji agşamyny tamamlady. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2533

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder