Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin býurosy hem-de Halkara barlaglar we ösüş boýunça ýokary institutyň ählumumy saglygy goraýyş baradaky maksatnamasy (Ženewa, Şweýsariýa) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde ýolbaşçy işgärler üçin guralyp, türkmen paýtagtynda halkara derejesinde geçirilýän okuw "Saglygy goraýşyň diplomatiýasy" diýlip atlandyrylýar.
Foruma gatnaşýan köpsanly daşary ýurtlularyň pikirine görä, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň howandarlyk etmeginde bu möhüm ähmiýetli nobatdaky çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy türkmen döwletiniň we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamlaryň saglygyny goramak hem-de hut saglygy goraýşyň ählumumy diplomatiýasynyň täsirlerini artdyrmak boýunça işjeň orny eýelemegi boýunça bitirýän hyzmatlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda "Saglyk-2020" syýasatynyň düzgünleri bilen baglylykda, BSSG-nyň Ýewropadaky ministrleriň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Şu forumyň işine gatnaşmak üçin halkara bilermenleriniň wekiliýeti geldi, olar leksiýalar bilen çykyş ederler. Myhmanlaryň arasynda BMG-niň Baş sekretarynyň HIV/ALDS boýunça Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýadaky Ýörite wekili (BSGG-nyň şu okuwynyň direktory), BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň wekilleri, Şweýsariýadan alymlar, şeýle hem Serbiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň ugurdaş, lukmançylyk we diplomatik düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bar. Okuwa Türkmenistanyň dürli ministrlilkeriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, lukmançylyk we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşýar.
Şu gün, okuwyň birinji gününde onuň açylyşynda BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleiýn edarasynyň direktory Žužanna Ýakabyň wideoşekilli ýüzlenmesi diňlenildi, şeýle hem giriş hökmünde ählumumy saglygy goraýyş boýunça diplomatiýa degişli çykyşlar diňlenildi, şolarda ýurtlaryň umumy bähbitleri hem-de şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri kesgitlenildi.
Çykyşlarda ХХI asyrda diplomatiýanyň konsepsiýasynyň düýpli özgerişleri başdan geçirýändigi we ählumumy saglygy goraýşyň şol ugurlaryň biri bolup, bu ýagdaýyň has-da täsirli äşgär bolýandygy bellenildi. Saglygy goraýyş ýurtlaryň daşary syýasatynda, howpsuzlyga we söwda-ykdysady gatnaşyklara degişli has möhüm ugra öwrülýär, munuň özi dürli derejedäki ýolbaşçylaryň döwrüň ýagdaýlaryna görä ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini şertlendirýär.
BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Ženewanyň halkara ylmy barlaglary we ösüş boýunça barlaglar baradaky Diplomdan soňky institutynyň – bu okuw boýunça guramanyň täze taslamasy saglygy goraýyş boýunça ählumumy diplomatiýanyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu okuw ilkinji nobatda diplomatiýa we saglygy goraýyş boýunça bu ugurdaky hünärmenler üçin foruma öwrülmelidir. Şol okuw olara daşary syýasata degişli meseleleriň biri hökmünde saglygy goraýyş boýunça maksatlaryň umumydygyna düşünmäge mümkinçilik berer.
Okuw maslahatynyň işiniň birinji gününiň barşynda köpugurly täze dünýäniň globallaşmagynyň we onuň kemala gelşiniň barşynda Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlarda saglygy goraýyş ulgamlaryna ýetirýän täsiri; saglygy goraýşyň diplomatiýasynyň konsepsiýalary, oňa mahsus ýagdaýlar we usullar, bularyň daşary syýasat bilen özara baglanyşygy, şeýle hem GDA ýurtlarynyň bu meseleleriň çözgütleriniň tapylmagyna goşýan goşandy ýaly meseleler orta atyldy. Umumy mejlisleriň käbiri saglygy goraýşyň ählumumy derejede ileri tutulýan ugur hökmünde görkezilmegine hem-de 2015-nji ýyldan soňra gün tertibine goşuljak meseleleriň kesgitlenmegine bagyşlanyldy.
Okuw maslahatynda daşary ýurtly bilermenlerden we hünärmenlerden başga-da, türkmen hünärmenleri hem-de BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Jassinta Barrins çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde toparlarda işler geçirildi we umumy mejlisler guraldy.
Umuman alanyňda, "Saglygy goraýşyň diplomatiýasy" boýunça leksiýalaryň toplumy bäş gün üçin niýetlenendir, şonda okuw maslahatyna gatnaşyjylar gyzyklanma bildirýän köp sanly taraplaryň döwlet dolandyryşynyň dürli derejelerinde hem-de şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, özara arkalaşykly hereket etmeginiň ýollaryna has içgin gararlar. BSGG-nyň ugry boýunça, beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de saglygy goraýyş ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Türkmenistanyň milli, sebit we ählumumy derejelerde saglygy goraýşa degişli gepleşikleri taýýarlamak boýunça toplan tejribesindäki mysallar bilen tanşarlar.
Okuwyň maksatnamasy boýunça BSGG-nyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bulara garşy göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrleriniň geçirilen maslahatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny hem-de "Saglyk-2020" syýasatynyň düzgünlerini göz öňünde tutmak arkaly, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça bilelikdäki işiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş ederler. Şeýle duşuşyklar Halkara ynsanperwerlik we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem geçiriler.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2519
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder